"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

«Kitap marafonunyň» ýeňijileri sylaglanyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky «Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris. Munuň üçin dünýä tejribesinden nusga alyp, öz tejribelerimizi peýdalanyp, käbir zatlary has kämilleşdirip, milli öwüşginler bilen baýlaşdyryp bileris. Ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy» diýen çuňňur manyly sözlerinden ylham alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş alymlar geňeşiniň» guramagynda ýurdumyzyň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda 2024-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan 13-nji noýabry aralygynda «Kitap marafony» geçirildi. Ýaşlarda kitap okamak endigini ösdürmek, pikirlenmegi we hyýaly düşünjeleri kämilleşdirmek, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 336 sany gatnaşyjy hasaba alyndy. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, 13-nji noýabrda onuň jemi jemlenildi we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Tapawutlanan gatnaşyjylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Asylly ýörelgeler dowamat-dowam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde raýatlaryň sagdyn, bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň gözelligini has-da artdyrmak, tebigatyň arassalygyny gorap saklamak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. 9-njy noýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi il-ýurt bähbitli bu işleriň ajaýyp zamanamyzda dowamat-dowamdygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. ...Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Rowaçlyga beslenýän beýik işler

Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip nygtaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli bu tutum ýokary depginlerde dowam etdirilip, soňky ýyllarda saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda gazanylan öňegidişlikler ynsan saglygyny goramakda, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hem bu barada gürrüň edildi. Şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşylan mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Gymmatly gollanma

Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Eziz Diýarymyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sene mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň täze XVI jildi çapdan çykdy. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitap diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin däl, eýsem, tutuş türkmen halky, galyberse-de, dünýä jemgyýetçiligi üçin örän uly gollanma hem-de ähmiýetli eser bolup durýar.

Bagy-bossan Diýarym

9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Ählihalk bag ekmek dabarasy guramaçylykly geçirilip, hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine badalga bolan nobatdaky asylly çärä ildeşlerimiz uly hyjuw bilen gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki döwürde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, jana şypaly, arassa howaly türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýurdumyz ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrýar. Şu gezekki bag ekmek çäresine gatnaşyjylaryň tutanýerli zähmeti halkymyzyň synmaz bitewüliginiň we jebisliginiň, asylly işlere pugta ygrarlydygyn

Ady dünýä dolan Magtymguludyr

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr

Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösen sport ulgamyna eýe bolan, abraýly ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan Türkmenistan häzirki wagta çenli ençeme döwletler bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dürli hökümetara we pudagara derejedäki ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekdi. Ýurdumyz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär.

The ocean of wisdom

Excellent conditions are created for the younger generations to study the life, creativity, and literary heritage of Magtymguly Pyragy, and to promote them in our country in the year ‘Ocean of Wisdom of Magtymguly Pyragy’. The youth in Turkmenistan grow up to be the developed, physically and mentally healthy, educated people with a broad outlook. In our epoch, great importance is attached to studying the cultural heritage of the Turkmen people and promoting it in the world. In this context, the international conferences and meetings are held in the country on a regular basis. They create an excellent opportunity for exchange of experience between scientists, writers, and historians.

Tehnologiýalar – kämilligiň binýady

Sport we tehnologiýalar bir-biri bilen berk baglanyşykly düşünjelerdir. Häzirki zaman sportuny tehnologik enjamlardan, innowasion serişdelerden üzňe göz öňüne getirmek kyn. Tehnologiýalaryň ösmegi sportuň meşhurlygyny artdyrmaga ýardam edýär. Sportuň ösmegi bolsa bu ugurda tehnologiýalaryň barha köp peýdalanylmagyny şertlendirýär. Halkara bilermenler geljekde sportuň we bedenterbiýäniň meşhurlygynyň yzygiderli ýokarlanjakdygyny belleýärler. Hereket işjeňliginiň azlygy zerarly, bedeniň agramynyň artmagy häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda möhüm meselä öwrüldi. Şoňa görä-de, öňdebaryjy tehnologiýalar sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmäge gönükdirilen enjamlaryňdyr mobil goşundylaryň işlenip taýýarlanylmagyny güýçlendirýärler. Ýakyn geljekde ýüregiň, dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň işini ykjam mobil enjamlar arkaly seljermäge mümkinçilik berýän tehnologiýalary işläp taýýarlamakda öňegidişlik gazanmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, emeli aň tehnologiýalaryny şahsy tälimçi hökmünde peýdalanmagyň mümkinçilikleri artýar.

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň «Täze zaman» bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň sport zalynda 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Çekeleşikli geçen bu ýaryşda paýtagtymyzyň sport mekdepleriniň ýaş türgenleri ussatlyklaryny görkezdiler. Onda Orazmyrat Rejepow (41 kg), Mekan Muhammetgulyýew (35 kg), Hemra Halmyradow (38 kg), Rahym Geldiýew (52 kg), Dörtguly Haýdarow (52 kg) 1-nji orny eýelediler. Abdyrahman Myratgulyýew (62 kg), Rahymnazar Pälwanow (68 kg), Mälikmyrat Kiçigulyýew (75 kg), Aýmyrat Mämmedow (85 kg) 2-nji, Abdyrahman Batyrow (48 kg), Emirhan Röwşenow (48 kg) 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Welaýatlardan habarlar

Ýaş nesilleri sporta we bedenterbiýä köpçülikleýin çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap geňeşiniň etrapdaky sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda woleýbol boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik ýaş türgenlere ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge şert döretdi. Çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde «Berkarar» topary öňdeligi eýeledi. «Bagtyýar» topary 2-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan nobatdaky «Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri» taýýarlanylyp, çap edildi. Ol 2007 — 2023-nji ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Mälim bolşy ýaly, statistik hasabat ykdysadyýet bilen bagly dürli işjeňlikdäki ýagdaýlarydyr hadysalary seljermek we olara baha bermek üçin iň möhüm gurallaryň biri bolup durýar. Hasabatyň bu görnüşi hakyky ýagdaýlardyr sanlara esaslanýan, netije çykarmak babatda binýat bolup hyzmat edýän toplumlaýyn we yzygiderli maglumatlardan ybaratdyr. Ol aýry-aýry çeşmelerden ýygnalan maglumatlary özünde jemleýär hem-de olary umumylaşdyrmak üçin statistik seljermäniň dürli usullaryndan peýdalanylýar. Ýurdumyzda düzümleýin özgertmeleriň çuňlaşdyrylmagyna esaslanýan täze durmuş-ykdysady nusga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, maliýe ulgamynda, durmuş çygrynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň binýadynda senagat-innowasion görnüşli ykdysadyýeti çalt depginde kemala getirmäge geçilýän häzirki döwürde statistikanyň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Statistiki maglumatlar Türkmenistanda makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny işläp

Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Öňňin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalarynyň geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Kataryň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 34-sinden, daşary ýurt kompaniýalarynyň 4-sinden wekiller, ýurdumyzyň edara-kärhanalaryndan hünärmenler, alymlar, professor-mugallymlar, talyplar işjeň gatnaşdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanowyň gutlag sözünden soňra, maslahatda daşary ýurtly alymlaryň, hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň esasy inžener-tehnology I.Zakaria çykyş edip, ýurdumyzda 30 ýyla golaý wagt bäri üstünlikli işläp gelýän bu kompaniýada alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra onlaýn maslahat «Himiýa senagatynyň ösüş ugurlary», «Gazhimiýa senagatynda innowasion tehnologiýalar», «Himiýa we gazhimiýa senagatlarynyň ykdysady we ekologik mese

Ýa­şyl ýa­şaý­şa go­şant

Türk­men hal­ky asyr­la­ryň do­wa­myn­da te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­me­giň we onuň bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­ma­gyň öz­bo­luş­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­ti­rip­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ama­la aşy­ryl­ýan ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýar. 9-njy no­ýabr­da hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da Di­ýa­ry­myz­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň güýz­ki möw­sü­mi­ne ba­dal­ga ber­lip, onuň do­wa­myn­da tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça müň­ler­çe düýp agaç na­hal­la­ry­nyň ekil­me­gi hem bu ha­ky­ka­tyň aý­dyň şöh­le­len­me­si­dir. Äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, halk köp­çü­li­gi bar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Belent maksatlar bi­len ro­waç gel­je­ge

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mej­li­siň ba­şyn­da mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy şu ýy­lyň ýan­war — okt­ýabr aý­la­ryn­da ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Soň­ra yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­na, ylym-bi­lim, sport, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän wi­se-prem­ýer­le­riň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di. De­giş­li ha­sa­bat­dan mä­lim bol­şy ýa­ly, mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, şu ýy­lyň on aýyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň we se­bit­le­riň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edil­di, hu­su­san-da, je­mi içer­ki önüm 6,3 gö­te­rim art­dy. Bu gör­ke­zi­ji se­na­gat pu­da­gyn­da 2,5 gö­te­ri­me, gur­lu­şyk­da 10,9 gö­te­ri­me, ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 6,7 gö­te­ri­me, söw­da­da 9 gö­te­

Türk­me­nis­tan — ra­ýat­syz­ly­gy aradan aýran ýurt

8-nji no­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa­da ra­ýat­syz­ly­gy ara­dan aýyr­mak bo­ýun­ça mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki se­bit­le­ýin mas­la­ha­ta Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, BMG-niň agent­lik­le­ri­niň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Bu giň ge­rim­li çä­rä­niň baş mak­sa­dy Mer­ke­zi Azi­ýa­da «#IBe­long» (Men­De­giş­li) äh­lu­mu­my baş­lan­gy­jy­nyň je­mi­ni jem­le­mek­den yba­rat­dyr. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar bu äh­lu­mu­my me­se­lä­ni çöz­mek­de öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­ýän Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ga­za­nan­la­ry ba­ra­da­ky gi­ňiş­le­ýin syn bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy. Yn­san­per­wer­li­giň ýo­ka­ry tag­lym­la­ry­na, de­mok­ra­tik ösü­şiň, hä­zir­ki za­man hu­kuk jem­gy­ýe­ti­niň ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly Türk­me­nis­tan dün­ýä­de ra­ýat­syz­ly­gyň so­ňu­na çy­kan ýurt­la­ryň bi­ri bol­dy. BMG-niň Bos­gun­la­ryň işi ba­ra­da­ky Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň

Sag­dyn jem­gy­ýet — kuw­wat­ly döw­let

2-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da paý­tag­ty­my­zyň Sag­lyk ýo­lun­da ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gin­de, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ryn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 25-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu mö­hüm äh­mi­ýet­li Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi my­na­sy­bet­li 2-nji no­ýabr­da sport çä­re­si­ni ge­çir­me­gi, hem­me­le­riň bi­le­lik­de jem­gy­ýet bo­lup, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, Sag­lyk ýo­lun­dan geç­me­gi, bu çä­re­de ýy­lyň do­wa­myn­da hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da go­wy ne­ti­je g

Okuw-maslahat netijeli häsiýete eýe boldy

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler jaýynda “Kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm talabydyr” atly okuw-maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda guralan okuw-maslahata paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň çägindäki dokma pudagyna degişli kärhanalaryň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işgärleri, degişli hünärmenler we utgaşdyryjylar gatnaşdy. Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy Oguljeren Şyhyýewanyň giňişleýin çykyşy okuw-maslahata gatnaşyjylar tarapyndan uly dykgat bilen diňlendi. Ol çykyşynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, şol sanda dokma senagaty pudagynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda gürrüň edip, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda işleri döwrüň ruhuna laýyklykda guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Taryhy gymmatlyklara sarpa