"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Aşgabadym — baky bagtym, buýsanjym!

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy barha golaýlaýar. Her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan bu şanly senäniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenjekdigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki halkymyz bu ýyl Garaşsyzlygyň toýuny üç asyrlap ýurt berkararlygyny arzuwlan dana Pyragynyň ýubileý senesi bilen bilelikde toýlaýar. Bu günki gün Ýer ýüzünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýlende dünýä jemgyýetçiliginiň göz öňünde, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen paýtagtynyň janlanýandygy döwrüň aýdyň hakykatydyr. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky batly depginler bilen ösüşi dünýä nusgalykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan toplumlaýyn şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Aşgabat sanlyja ýylyň içinde häzirki kämil keşbine eýe boldy. Her biri özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan merjen şäherimiziň desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu kitapda Aşgabadyň öz ady hem aklygyň, mermer öwüşginli binagärligiň nyşany hökmünde orun aldy.

Gurluşyk üçin geçginli önümler

Dänew etrabyndaky «Arassa kenar» hususy kärhanasynda gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jeýhun Nowruzowa degişli bolan bu hususy kärhanada şu ýylyň başyndan bäri gurluşyk işleri üçin gips esasly gury erginiň 700 tonnasy, keramiki plita ýelmeýji gury erginiň bolsa 40 tonna golaýy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Gahryman Arkadagymyz Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     2024-nji ýy­lyň 27-nji aw­gus­tyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Arkadag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň alyp bar­ýan işi, şä­he­ri mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler bi­len gy­zyk­lan­dy.

Aba­dan dur­mu­şyň ke­pi­li

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024    Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan ösüş­le­riň äh­li­si hal­ky­my­zyň aba­dan hem bo­le­lin, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz ag­zy­bir türk­men hal­ky­na buý­sanç­ly wa­ka­la­ry, be­ýik öz­gert­me­le­ri ba­gyş­la­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 24-nji sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si hem ýy­ly­my­zy be­ze­jek, kalp­la­ra buý­sanç duý­gu­sy­ny paý­la­jak mö­hüm wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­ler. Hä­zir­ki wagt­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge gu­ra­ma­çy­lyk­ly taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Dür­li kär­dä­ki ra­ýat­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de il-gü­nüň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len, dur­nuk­ly ösü­şiň äh­li ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan, mil­le­tiň yk­ba­

Garaşsyzlyk — baky bagtym

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Ga­raş­syz ösüş ýo­lu­na dü­şen döw­let­le­riň her bi­rin­de öz mil­li buý­san­jy­na öw­rü­len bi­na­la­ryň, mil­li gym­mat­lyk­la­ryň bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da hem Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy her bi­ri­mi­ziň buý­san­jy­my­za buý­sanç goş­ýan des­ga­la­ryň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň mi­ze­mez­li­gi­niň ny­şa­ny bo­lan bu bi­na paý­tag­ty­my­za aý­ra­tyn be­zeg ber­ýär hem-de özü­niň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik çöz­gü­di bi­len gö­re­ni haý­ra­na goý­ýar. Uzak­lar­dan se­leň­läp gö­rün­ýän Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy ata Wa­ta­ny­my­zyň Ber­ka­rar döw­le­ti­ň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni, ýet­ýän be­lent sep­git­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

Ajaýyp pursatlara beslenýän baýram

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzüniň ýetip gelmegi bilen, toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň çar künjegini ýene-de bir ajaýyp baýramyň – Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaraly çäreleri gurşap alar. Her ýylyň täze okuw möwsüminiň ilkinji gününde giňden bellenilýän bu nurana senäniň kalplardaky buýsanjy, guwanjy artdyrjak çäreleri, okuw mekdeplerinde döredilen ajaýyp şert-mümkinçilikler ýurdumyzda ýaş nesiller, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-terbiýe almaklary ugrunda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ugrunda ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärlerimiziň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär» diýen dürdäne sözleri nobatdaky gezek dabaralanar.

Ýolumyza nur saçýan Garaşsyzlyk

Türkmen halky güýz paslyna aýratyn gadyr-hormat goýup, ony «altyn güýz» diýip derejeläp, sarpalap gelipdir. Şahyrlarymyz hem güýzi öz şygyrlarynda üýtgeşik hyjuw, yhlas bilen wasp edipdirler. 1991-nji ýylda bolsa bu nurana paslyň halkymyzyň durmuşyndaky, ykbalyndaky orny has-da belentliklere göterildi. Şol ýylyň altyn güýzünde eýe bolnan mukaddes Garaşsyzlyk türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogup, ýolumyza nur çaýdy, Magtymguly atamyzyň çoh garaşan ajap eýýamy gelip, halkymyz berkarar döwletli doldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr» diýip nygtaýar. Şol beýik gymmatlygyň eýesi bolanymyza «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 33 ýyl dolýar. Geçen şol şöhratly ýyllarda, esasan hem onuň «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýlip atlandyrylan eýýamynda, şeýle-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrlýan häzirki zamanasynda gazanylan ösüşler türkmen halkynyň agzybirlikde, jebislikde ýetip bilmejek menziliniň ýokdugyny äleme äşgär etdi. Türkmenistan döwletimiz taryhy jähetden alanyňda örän gysga döwrüň içinde dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.

Ösüşlere beslenýän döwür

Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň eşretli, abadan, asuda durmuşyny üpjün edip, ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir» diýen dürdäne sözleri hem aýdyň tassyklaýar. Her bir döwür şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň barha golaýlaşýan 33 ýyllyk baýramy hem ajaýyp zamanamyzyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orny eýelär. Naýbaşy baýramymyzyň öň ýanynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem uly toýy has-da dabaralandyrjak, onuň şanyna şan goşjak möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka hökmünde täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar.

Taryhy çözgütler kabul ediler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – taryhy ösüşleriň, özgertmeleriň zamanasy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan işler döwletimiziň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň öňküdenem gowulandyrylmagyna gönükdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden taýýarlyk görülýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bu ýörelgelerden gelip çykýan belent wezipeleri geljekde hem üstünlikli durmuşa geçirmegiň anyk ýollarynyň kesgitleniljekdigini ynam bilen aýdyp bolar. 24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak wajyp wezipeler döwletimiziň öňde goýýan belent maksatlaryna ýetmegine oňyn itergi berer. Halkyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahaty ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny beýik tutumlaryň, taryhy özgertmeleriň daşyna jebisleşdirip, nurana geljege alyp gitmekde uly güýçdür. Milli demokratik däplerimiziň, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek ýaly ilhalar ýörelgelerimiziň ajaýyp zamanamyzda uly rowaçlyklara beslený

Bedenterbiýe we sport

19-njy awgustda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 13-nji sport mekdebiniň çeper gimnastika boýunça türgenleri gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen «Kids expo» sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyk derjesinde guralan dabarada «Çeper gimnastika» topary hem görkezme çykyşy esasynda ukyp-başarnygyny görkezdi. Çykyşlar örän täsirli bolup, myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiz barada şeýle ajaýyp şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Döwran ÇAGYLOW,

An excellent model of democracy

According to the historical sources, the Turkmen people have always treated the elders, governing bodies and authorities with honour and respect. They passed down the national traditions and wisdom from generation to generation. Our wise ancestors created a number of proverbs, namely, ‘the will of the people is the will of God’, ‘a robe cut on the people’s advice is never short’, ‘those who ask for advice will be safe’. These sayings demonstrate that the Turkmen people consult the elders in every matter. The upcoming meeting of the Halk Maslahaty of Turkmenistan will be held at the Maslahat Palace in Ashgabat on September 24, 2024, and will become a worthy continuation of these principles and will indicate that our compatriots build a great future and an exemplary state doctrine.

Welaýatlardan habarlar

Berkarar döwletimizde ýaş nesliň ilhalar adamlar bolup ýetişmegi, saýlap alan hünärinde zähmet çekmegi babatda giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň welaýat, şäher, etrap merkezlerinde, obalarda ýaş nesillerimiziň boş wagtlary sport mekdeplerinde saýlan sport görnüşi bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler bar. Bäherden etrabyndaky 350 orunlyk sport mekdebi hem aýdylanlara mysaldyr. Bu ýerde sportuň birnäçe görnüşi bilen meşgullanmaga, türgenleşikleri yzygiderli geçirmäge giň mümkinçilikler döredilendir. Mekdebimize gatnaýan çagalar hem ýetginjekler küşt, stol tennisi, woleýbol, grek-rim göreşi, milli göreş, boks, ýeňil atletika boýunça türgenleşýärler. Her bir sport toparyna ýaş aýratynlygyna görä, ýagny 6-7 ýaşdan, 8-9 ýaşdan we 10-11 ýaşdan kabul edilýär. Ýaşlar tejribeli tälimçilerden sport görnüşleriniň inçe tilsimlerini öwrenýärler. Tälimçilerimiziň hem-de türgenlerimiziň yhlasly türgenleşikleri olary üstünlige ýetirýär. Hurmagül ANNAGURBANOWA,

Aksakallar, bak, danadyr

...Döwürler, heňňamlar özgerse-de, bir zat mizemän galýar, ol-da jemgyýetde abraý-mertebeli ýaşamak, özüňden ýagşy at galdyrmak. Bu gymmatly ahlak ýörelgeleri halkymyzyň milli terbiýe mekdebiniň özeni hökmünde müdimi ýaşap gelýär. Adamzat elmydama ýagşy adamy, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek barada aladalanypdyr. Şeýle adamlardan edilýän ilkinji talap jogapkärçilik duýgusy, öz borjuňy duýmak başarnygy bolupdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Aslynda, meniň pikirimçe, hakyky ynsan boljak bolsaň, mydama öz-özüňden hasabat sorap ýaşamaly... Adamlar özlerinde her ýaşyň aýratyn jogapkärçiligini duýmalydyrlar we ýaňky ýaly soraglar orta gelende, muňa has ünsli garamalydyrlar. Şunda öz-özüňe örän talabedijilik bilen garamak gerek, sebäbi munuň özi galan ömrüňi hem manyly ýaşamak üçin tijenmäge iterýär». Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçende, bu ugurda ýene bir gymmatly pendini ýaşlar bilen paýlaşyp, şeýle diýdi: «Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlara şeýle sargyt edesim gelýär: beýik maks

Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň gysga wagtda amala aşyran işleri gerim we netije babatda akylyňy haýran edýär. Bu ynsanperwer işler Türkmenistanyň çäginden çykyp, has uzaklara — dünýä giňişligine ýaýraýar. Haýyr-sahawat gaznasynyň artýan abraýy, gürrüňsiz, Milli Liderimiziň tagallasy, belent adamkärçilik häsiýeti bilen pugta baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri 27-nji awgustda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda hem haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ýaş nesliň saglygyny dikeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. «Akylly» şäheriň açylan we haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri Gahryman Arkadagymyz olar bilen baglanyşykly alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklaýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Kaşaň binalar gujak açar

Berkararlyk. Jebislik. Rowaçlyk

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Häzirki günlerde ýurdumyzda bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Halk we­kil­çi­li­gi, onuň ge­lip çy­ky­şy, ta­ry­hy kök­le­ri ga­dy­my­dyr. Hal­ky­myz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­di­rip, halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň hä­zir­ki za­man mil­li nus­ga­sy­ny dö­ret­di. Bu ýol dün­ýä tej­ri­be­si­niň ga­za­nan­la­ry­ny, mil­li däp­le­ri we ýö­rel­ge­le­ri özün­de jem­le­di. Kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyň çeş­me­le­ri­ne, hu­kuk tej­ri­be­le­ri­ne esas­la­nyp, türk­men hal­ky adam­zat paý­ha­sy­nyň, dün­ýä ösü­şi­niň ýo­lu­ny saý­lap al­dy. Hä­zir­ki wagt­da döw­le­ti do­lan­dyr­ma­gyň sy­ýa­sy-hu­kuk bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň mil­li däp-des­sur­la­ry­ny, adat­la­ry­ny, dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­tiň hä­zir­ki za­man nus­ga­sy­nyň öz be­ýa­ny­ny tap­ýan

Adam­la­ryň sag­ly­gy — äh­li zat­dan ile­ri

«Akyl­ly» şä­her Ar­ka­da­gy­my­zyň üns mer­ke­zin­de

27-nji aw­gust­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ar­ka­dag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň alyp bar­ýan işi, şä­he­ri mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler bi­len gy­zyk­lan­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki ştab-kwar­ti­ra­syn­da bo­lup, bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti R.Ba­za­ro­wyň, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýa­nyn­da­ky Arkadag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zo­wyň, şä­he­riň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa­nyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­

Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan — bi­ziň be­ýik döw­le­ti­miz

1991-nji ýy­lyň güý­zün­de dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti peý­da bol­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy, bi­ziň ösüş­le­ri­miz we üs­tün­lik­le­ri­miz dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan baş­lan­ýar. Ge­çen 33 ýy­la go­laý döw­rüň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da dün­ýä ýaň sa­lan ägirt uly iş­ler bi­ti­ri­lip, äh­li ugur­lar­da asyr­la­ra ba­ra­bar ýol ge­çil­di. Mu­nuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap yzy­gi­der­li öňe bar­ýan­dy­gy­ny, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. 1990-njy ýy­lyň 22-nji aw­gus­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň döw­let özyg­ty­ýar­ly­ly­gy ha­kyn­da Jar­na­ma ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma ýur­duň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ösü­şi­niň mö­hüm esa­sy, baş­lan­gy­jy bol­dy, ýur­du­my­zyň äh­li çäk­le­rin­de hal­kyň öz döw­let­li­li­gi­ni, öz hök­mü­ro­wan­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di. Özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň döw­le­te içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­da do­ly ga­ra

Ça­ga­la­ryň öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­ly­gy

gy­zyk­ly pur­sat­la­ra baý bol­dy Şu ýylyň 19 — 22-nji aw­gusty­ aralygynda ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len «Kids Eks­po: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy di­ňe bir işe­wür­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­mek­le­ri üçin aja­ýyp meý­dan­ça bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ene-ata­lar we ça­ga­lar üçin öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne hem öw­rül­di. Ol ka­şaň «Ga­ra­gum» myh­man­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky giň göçme meý­dan­ça­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.