"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Aşgabat, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly zehinli çagalar gatnaşýar. Konsert başlamazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşýan bagtyýar çagalar Watanymyzyň özbaşdaklygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.

Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Aşgabat, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly zehinli çagalar gatnaşýar. Konsert başlamazyndan ozal, jemleýji tapgyra gatnaşýan bagtyýar çagalar Watanymyzyň özbaşdaklygyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.

Ahal welaýaty: täze taryhyň şöhratly sahypalary

Watanymyzyň naýbaşy toýunyň bosagasynda gadymy Ahal ýaýlasynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hakda söhbet açmak buýsanjyňy artdyrýar. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu welaýatda hem gysga taryhy döwrüň dowamynda asyrlara barabar işler bitirildi, täze, döwrebap obalardyr şäherçeler guruldy. Etrap merkezleri, beýleki ilatly ýerler gözel keşbe beslenip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpgöter ýokarlandy, sebitiň senagat pudagynyň kuwwaty artdy. Bagtyýarlygyň şuglasy

Ösüş-özgerişleriň we beýik tutumlaryň zamanasy

Ynsan saglygyny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu syýasatyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem döwrebap derejede üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsandyryjydyr.

Ähli üstünliklerimiziň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýän zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty, at-abraýy arşa göterilýär. Eziz Diýarymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň hem sportuň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ata Watanymyz şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylyp, bagtyýar halkymyz naýbaşy baýramyny – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.

Halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç

«Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen pähimleri miras galdyran, her bir işi il-gün bilen maslahatlaşyp eden ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam bolýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň dabaralanýandygyny açyk-aýdyň görkezýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ýurdumyzyň abadançylygyny, asudalygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Täze taryhy eýýamyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, döwletimizi ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara almak bilen, ata-babalarym

Täze taryhymyzyň şamçyragy

Garaşsyzlykdan ganatly berkarar Watanymyz — köňülleriň aramy, döwürleriň şuglasy, dillerimiziň senasydyr. Ykballar ýylgyryp, ömürler güllände aýdyň geljege sary alyp barýan belent maksatly işler elmydama rowaçlyga hemra bolýar, günler, göwünler galkynýar. Berkarar döwletiň eýesi bolan türkmen halkymyz şeýle bagtyýar günleriň gadyryny bilip ýaşaýar. Bagtyýarlygyň, asudalygyň, parahatçylygyň gözbaşy bolsa, elbetde, bu biziň Garaşsyzlygymyzdyr! Aýdyň maksatlaryň myradyna gowuşmagy üçin egsilmez ynam, yhlas, zähmet zerur bolup durýar. Eger bularyň haýsy-da bolsa biri kemlik edende, onda arzuwlar asgynlap, ýetilmeli ýeňiş menzilleri uzaklaşýar. Ýurduň berkarar, asuda, abadan bolmagy üçin hem ähli sanap geçen zerurlyklarymyzy bir sözde jemleýän «Garaşsyzlyk» diýlen düşünje wajyp bolup, ol halky bagtyýar döwre ýetirýär. Geçmişi şöhratly türkmen halkymyzyň bolsa kalby erkinlik, parahatçylyk mukamyndan pürepür. Garaşsyzlykdan ganatlanan gözel göwünleriň howalasy bolsa elmydama älem gowulyklaryna sary ugur alýar. Şonuň üçin-de eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ajaýyp işler, gazanylýan üstünlikler, parahatçylyk söýüjilikli agzybir gatnaşyklar Garaşsyzlygymyzyň bize beren sylag-serpaýlarydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp

Pälwanlaryň pälwany

1961-nji ýylyň 9-njy aprelinde Gökdepäniň «Ahal» geňeşliginde Şyhberdi Meläýewiň agzybir maşgalasynda dördünji ogul dünýä inýär. Oňa Çaryguly diýip at dakýarlar. Ol doganlary bilen ene-atasynyň elinde önüp-ösüp kemala gelýär. Onuň agalary, esasan hem Gurbangeldi türkmen göreşi bilen meşgullanyp, dört jübütligi düzýän pälwanlaryň biri bolýar. Çary hem kiçiliginden agalaryna öýkünip başlaýar. Soň özbaşdak deň-duş oglanlary bilen mekdepdäki türkmen milli göreşi boýunça gurnaga yzygiderli gatnaýar. Çary 1979-njy ýylda TDU-nyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Talyp döwürleri hem Aşgabatda sungat mekdebinde okaýan halypasy Hanlyk bilen yzygiderli türgenleşýär. Şol döwürler Aşgabadyň merkezindäki 1-nji seýilgähiniň çäginde milli göreş boýunça geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär. 1984-nji ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlap, öz obalaryndaky orta mekdepde işe başlaýar.

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň şäher häkimligi bilen bilelikde guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Gender deňligi – demokratik ösüşiň hukuk binýady» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler gözel paýtagtymyzyň täze belentlikleri we gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary, gender deňliginiň hukuk binýady esasynda hem-de sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler we gazanylan netijeler barada çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar şeýle döwrebap, ak mermerli sport mekdeplerinde we sport desgalarynda işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar. Daýanç BATYROW,

Ýollarymyz asuda bolsun!

Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň hem-de wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ýollaryň asuda, abadan bolmagy üçin durmuşa geçirilýän bu işler adam hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly guralýar. Ýol hereketiniň howpsuz bolmagyny gazanmak hemmeleriň işidir. Sebäbi hadysasyz köçe-ýollarymyz her bir maşgalanyň abadan ýaşaýşynyň, ömrümiziň rahatlygynyň kepilidir.

Sazlaşykly ösüşiň binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap topragymyz ata-babalarymyzyň mähri siňen, keremli erenleriň, alym-ulamalaryň, danyşment pirleriň ýaşan mesgenidir. Bu mekan ösen ylym-bilim gatnaşyklaryň, baý kitaphanalaryň, dilleriň, garaýyşlaryň, medeniýetleriň birleşen merkezi bolandygy bilen şöhratlanandyr. Asyrlaryň dowamynda müňlerçe şahyrlar bu topragyň waspyny edip geçen bolsa, ýüzlerçe akyldarlar mähriban Watanymyzyň gujagynda dünýä ylmyna saldamly goşant bolan çuň mazmunly eserleri döredipdirler. Türkmen halkynyň içki dünýägaraýşyndan gözbaş alýan ynsanperwer däp-dessurlary, gurujylyk sungaty, edebi akabalary, döredijilik joşguny asyrlar aşa adamzat bähbitleriniň umumylygyna hyzmat edip gelýär. Güneşli Diýarymyzyň gujagynda önüp-ösen dana-akyldarlaryň bize miras goýan ylmy-döredijilik açyşlary, dünýä siwilizasiýasyna goşan gymmatlyklary gadymy Watanymyzy dünýä ylmynyň irki ruhy-medeni ojaklarynyň biri hökmünde tanadýar.

Eşretli durmuşyň hatyrasyna

Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, gysga döwrüň içinde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda köp işler amala aşyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere ýetdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine eýerilmek bilen halkymyz ajaýyp zamanada ýaşaýar. Bu başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri uly işiň başyny tutanda, ýaşulular bilen maslahatlaşyp geňeş edipdir. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda hem dowam etdirilip gelinýär. Ýurdumyzda demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän halk bähbitli çözgütler il-günümiziň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýär.

Garaşsyzlygyň beren bagty

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda şatlyk-şowhuna beslenip bellenjek şanly seneleriň biri-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýudyr. Bu sene her birimiziň kalbymyza joşgun berip, Garaşsyzlyk bagtymyza buýsanmaga, Watanymyzyň geçen gysga taryhy döwrüniň dowamynda ýeten derejesine göz aýlamaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz gülläp ösdi, özgerdi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokary derejä çykdy, Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä doldy. Bu ösüş-özgertmelere guwanç-buýsanjymyz çäksizdir. Şoňa görä-de, şanly toýa barýan häzirki şatlykly günlerde welaýatymyzyň ýaşlarynyň arasynda beýik döwrümiziň gadyr-gymmatyny, Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan asyrlara barabar ösüşdir özgertmeleri wagyz-nesihat edýäris.

Mekdepdäki täsirli duşuşyk

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde alnyp barylýan çäreler we olaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Maksatgeldi Kakabaýewiň, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Ogulsuraý Huseýinkuliýewanyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ajaýyp döwrümizde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar, köçe-ýollaryň durky döwrebaplaşdyrylýar, täze ýollar gurulýar, şonuň bilen bir hatarda ýollarda ulag gatnawlary artýar. Bu bolsa, ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegi talap edýär. Şoňa görä-de, okuwçy ýaşlar mekdebe gelende we mekdepden öýe gaýdanda ýol hereketiniň kadalaryny

Garaşsyzlyk – döwletlilik

1991-nji ýy­lyň güý­zün­de dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti peý­da bol­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy, bi­ziň ösüş­le­ri­miz we üs­tün­lik­le­ri­miz dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan baş­lan­ýar. Ge­çen 33 ýy­la go­laý döw­rüň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da dün­ýä ýaň sa­lan ägirt uly iş­ler bi­ti­ri­lip, äh­li ugur­lar­da asyr­la­ra ba­ra­bar ýol ge­çil­di. Munuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap yzy­gi­der­li öňe bar­ýan­dy­gy­ny, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýynyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ýur­du­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny alandan bä­ri ösü­şiň uzak möh­let­le­ýin mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de mö­hüm şert bo­lan döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ne­ti­je­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek esa­sy we­zi­pe bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Demokratiýanyň belent nusgasy

Agzybirlik we jebislik biziň jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbitlerine, röwşen geljegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmekde beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz durnukly ösüşe eýe bolup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulyndaky Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Oňa laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

«Dädem gorkut gelip şatlyk çaldy...»

Halkymyzyň aýdym-saz medeniýeti milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen aýdym-saz gurallary döredilýän şirin mukamlaryň maýasydyr. Şeýle ajaýyp saz gurallarynyň biri gadymy döwürlerde döredilen şadyýan saz guralydyr. Ylmy çeşmeler onuň şatlyk ady bilen dürli edebi gymmatlyklarda gabat gelýändigini habar berýär. Şadyýan — şatlyk agaçdan ýasalyp, üflenip çalynýan saz guraly bolmak bilen, bir garyşdan gowrak uzynlykdadyr. Ol ujuna gamyşdan tüýdük geýdirilip çalnypdyr. Onuň üst ýüzünde dört, arkasynda bolsa bir deşigi bolupdyr. Aşagy giň, üsti inçelip gidýän bu saz guraly, umuman, dürtgüç ýaly görnüşde bolupdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ Garaşsyzlygymyz hakynda aýdanlaryndan:

— Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlyk arzuwyndan wysal bolan Garaşsyzlyk bu günki gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. * * *

Garaşsyzlyk bagtymyzyň ganaty

Mukaddes Garaşsyzlyk hakynda söz açylanda, göz öňüňde birbada hem geçmiş, hem geljek, hem şu gün janlanýar. Munuň sebäbi hakynda oýlananyňda bolsa, Garaşsyzlyk bagtynyň näderejede gymmatlydygyna, beýikdigine has-da içgin düşünýärsiň. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlyga geçen asyryň aýaklaryna eýe boldy. Muňa garamazdan, geçmişde pederlerimiziň garaşsyz bolmak arzuwyny amal etmek ugrunda göreşmekleri, her dem şonuň isleginde ýaşamaklary, berkarar döwlet gurmak üçin eden synanyşyklary garaşsyzlyk düşünjesiniň taryhyň gatlarynda müdimi ornaşmagyna sebäp boldy. Asyrlardan-asyrlary aşyp, heňňamlaryň hakydasy içre halkyň kalbynda ýaşap gelen bu arzuw bagtyýarlyk döwrümizde hasyl bolup, ata Watanymyzyň mertebesine mertebe, şanyna-şan goşdy. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk şu günümize ýalkymly nur saçyp, durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna millilik bilen bir hatarda, täzeçillik ruhuny çaýdy. Bu bolsa garaşsyz bolmak arzuwyna gol berip, öz arzyly arzuwyna ýeten türkmeniň geljeginiň mundan hem nuranadygynyň, şöhratlydygynyň kepili bolup, äleme ýaýyldy. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň beýleki baýramlara garanyňda has dabaraly, has şowhunly, has derejeli geçýändigini-de hut şu aýratynlyklar bilen delillendirip bolar. Garaşsyzlyk — bu türkmen dutarynyň şirwan perdede ýaňlandyran iň şirin h

Meniň dostum — ýolyşyk

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli “Meniň dostum — ýolyşyk” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan duşuşyga mekdep okuwçylary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylyň 1—30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlygyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüň duşuşykdaky çykyşlaryň özeni boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Meýlismyrat Myradow “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti, şeýle-de  onuň çäginde guralýan çäreleriň netijeliligini gazanmakda edilýän tagallalaryň üstünde durup geçdi.