Işi rowaç bolar alkyş alanyň
Öz öndürýän önümleri bilen ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýan işewür adamlar, hojalyk jemgyýetleri Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri hem Baýramaly etrabynyň çäginde birnäçe ýyl mundan ozal gurlup, ulanmaga berlen, bu günki gün bolsa halkymyzyň ýumurtga we towuk etine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumydyr. Bir ýylda 8 million ýumurtgany we 1 müň tonna guş etini öndürmäge mümkinçiligi bolan bu toplumda işler döwrebap derejede alnyp barylýar. Ýumurtga berýän towuklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin döredilen mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ýarmasy, mekgejöwen, soýa ýaly iýmleriň ýokumlylygyny has ýokarlandyrmak üçin olaryň düzümini baýlaşdyrýan witaminler ulanylýar. Bu ýerde her aýda ortaça bir million ýumurtganyň öndürilmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Et üçin ösdürilip ýetişdirilýän towuklar baradaky aladalar hem birjik-de ünsden düşürilenok. Kadaly iýmitlendirilmegi we olara gowy garaşyk edilmegi üçin döredilen şertler guş etiniň ýokary hilli hem-de köp mukdarda öndürilmegini üpjün edýär. Işewür adamlaryň işlerini