Ak öýlere ýaraşyk...
Ir zamanlar sallançak, esasan, ýüpden bolupdyr. Sallançak çaganyň başy günorta ýa-da günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Geçmiş taryhymyzda pederlerimiz öýüň dulundan 2,5 — 3 metr aralykda iki sany agaç dikip, ýörite pagta süýüminden ýa-da geçi çöpründen, goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar. Dikilen agaçlar «ýaba» diýlip atlandyrylyp, esasan, söwüt agajyndan bolupdyr. Iki gat ýüpüň her ujuny bir agaja birikdiripdirler. Sallançak gurmak üçin mährem enelerimiz yhlas siňdirip, ýörite kilim, palas, hatda haly hem dokapdyrlar. Palasy sallançagyň ilki ýüpüne gerip, her ýüpden aralary açylar ýaly, üç garyşdan sähel geçýän sallançak agajyny germäpdirler. Sallançak agajyň agzy ýüpe iler ýaly, her ujuny köwüpdirler. Sallançak palasy gowşap, ýer sürpäp durmaz ýaly, iki tarapyndan berk edip, ýogyn sapakda temen bilen tikip, sallançak agajyna berkidipdirler. Owadan alaja işip, sallançak bagyny dakypdyrlar. Sallançak ýüpüne, sallançak bagyna dürli ýüplerden gotazlar dakyp bezäpdirler. Batly üwrelende çaga ýykylmaz ýaly, sallançagyň ortasyndan ýüp daňypdyrlar. Sallançak gurmak üçin dikilen agaçlara mör-möjek dyrmaşmaz ýaly, her tarapda dikilen agajyň düýbüni ýüň bilen sarapdyrlar. Çaganyň ýüzi ýelpeler ýaly, ýokardan matadan guralan ýelp