"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 20-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Daşky gurşawy goramak

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biridir.         

Gün urmasyndan goranalyň!

«7/24.tm», №29 (60), 19.07.2021.  Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy saglyga eserdeň bolmagy talap edýär. Bu döwürde suw we madda çalşygy işjeňleşip, bedendäki artykmaç suwuklyk derlemek arkaly bölünip çykýar. Bu hadysanyň kadaly ýagdaýda dowam etmegi üçin günüň dowamynda 2,5—3 litr arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Tebigat — biziň öýümiz

Tejribe alyşýarlar Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekişlik dabarasy geçirilýär. Munuň özi her bir obanyň, şäheriň ilatly ýerleriň daş-töweregindäki, ulag we demir ýollaryň ýakalarynda, akabalaryň we derýalaryň kenarlaryndaky tokaýlaryň çäkleriniň giňelmegine itergi berýär. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde zeminiň bezegi, görki bolan baglary ösdürip ýetişdirmek, obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ene topraga, gözel tebigatymyza çäksiz söýgini döretmek maksady bilen hünär bäsleşikleri, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň halkara ekologiýa syýasaty

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara guramalary bilen köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar, umumadamzadyň geljegine gönükdirilen başlangyçlary BMG-niň dürli derejedäki düzümlerine yzygiderli hödürleýär. Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleler girýär.

Ýaşlaryň ekologiýa medeniýeti

Döwlet Baştutanymyz: «Esasy wezipeleriň biri hem ilatyň ekologiýa medeniýetliligini ýokary götermek, ýaş nesliň aňynda daşky gurşawy gorap saklamak düşünjesini terbiýelemek bolup durýar» diýip, çykyşynda nygtaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban EZIMOWA bilen söhbetdeş bolduk: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak, şahsyýetiň ekologiýa aň-düşünjesini we ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri global häsiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär. Sebäbi bu gün tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna adamzadyň durmuş-ýaşaýşy, ösüşi, geljegi, adam ekologiýasy gönüden-göni bagly bolup durýar. Ekologiýa meseleleriň global görnüşde ýüze çykmagy bu ugurda täze ylmy meseleleriň öwrenilmegine itergi berýär. Bu babatda ekologiýa diplomatiýasy, ekologiýa dolandyryş, adam ekologiýasy, şahsyýetiň ekologiýa ugu

Ýaşyl dünýä — ýaşaýşyň çeşmesi

Durnukly ösüşi, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biri hem ilatyň ekologik bilim we medeniýet derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ekologik bilimiň we terbiýäniň esasy maksady şahsyýetiň, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini, aňyny, düşünjesini emele getirmek hem-de ynsanyň sagdyn ýaşamagyny üpjün edýän tebigat bilen adamyň özara sazlaşygynyň ruhy tejribesini ösdürmekdir. Bularyň ählisi durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyny, adamzadyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini üpjün edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologik bilim ugry boýunça alnyp barylýan işler oňyn görkezijilere eýe bolup, şonuň netijesinde oňa gatnaşýan ilatyň sany artýar. Bu ugur boýunça ýöriteleşdirilen okuw dersleri girizilýär, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak çygrynda işleýänleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usulyýet binýadynyň mazmuny hil taýdan kämilleşdirilýär. Ekologik bilim bermekde dürli ýurtlaryň amala aşyrýan işlerini BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy sazlaşykly ýagdaýda alyp barýar. Gurama ählumumy ekologik bilimi mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde we hünärmenleri gaýtadan taýýarlaýan ulgamlarda okuw

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 15-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy — mö­hüm ugur

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Wa­ta­ny­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­na yk­jam taý­ýar­lyk gör­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len giň hem-de kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­lar Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk we gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pä­him-paý­ha­sy bi­len, ýur­du­myz hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da iş­jeň or­ny eýe­läp, pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy hem-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek işin­de bu dü­züm­le­riň kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Da­şky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­ga­ta aý

Abadan durmuşyň güwäsi

Daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Biziň her birimiz ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, daş-töweregimizi gurşap alan tebigatymyzy aýawly saklamaga öz şahsy goşandymyzy goşmalydyrys» diýip belleýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga, şeýle hem daşky gurşawy goramaga, dikeltmäge, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň aladasy we döredýän amatly şertleri bilen eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge uly mümkinçilikler açylýar. Döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady hem halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 13-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 10-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Ekologiýa abadançylygy

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna batly gadamlar bilen barýan Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ýurdumyzda BMG-niň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär.

Welosiped — ekoulag

Häzirki wagtda adamlarda welosiped edinmeklige isleg barha artýar. Ony diňe gatnaw ulagy üçin däl, eýsem, sport we gezelenç etmek maksady bilen hem edinýärler. Angliýa, Wengriýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda poçta ibermek üçin, Londonda, Tallinde we beýleki gür ilatly şäherlerde ýollaryň dyknyşyklygy sebäpli, welosiped “Tiz kömek” ulaglary hökmünde-de ulanylýar. Germaniýanyň Sindelfingen şäherindäki “Mersedes-Benz” zawodynda işçiler zawodyň töwereginde welosiped sürýärler. Her bölümiň öz reňkli welosipedleri bar. Hytaýda “Uçýan kepderi” welosiped sözüniň sinonimi bolup durýar. Çünki soňky ýyllarda önümçiliginiň esasy ugry welosiped öndürijiligine öwrülip, welosipedleriň 90 göterimden gowragy bu ýurtda öndürilýär. Oňa bolan islegiň barha artmagy has kämil görnüşlerini öndürijileriň köpelmegine getirdi. Häzirki wagtda elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleriň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Himiýa senagatynda ekologiýa abadançylygy

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Bu maksatnamalaryň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan, şol sanda himiýa ylmynyň we täze himiki tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion we sanly tehnologiýalary işläp düzmekden ybaratdyr. Himiýa — ylmyň möhüm pudagy bolup, ýurdumyzda himiki tehnologiýalar ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Himiýa senagatynda ylmyň ösdürilmegi üçin innowasiýalaryň girizilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Himiki maddalar we himiýa önümleri gurluşykda, azyk senagatynda, oba hojalygynda, farmasewtikada, dokma senagatynda, lukmançylykda, biologiýada we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňden ulanylýar. Çünki himiýa tehnologiýasy çig maly gaýtada

Daş­ky gur­şa­wyň go­ra­gyn­da

«Ýew­ro­pa ýurt­la­ry 3-nji iýul­dan baş­lap bir ge­zek ula­nyl­ýan plast­mas­sa ta­ba­jyk­lar, çem­çe­ler, tur­ba­jyk­lar, şar ta­ýa­jyk­la­ry we pag­ta­ly çöp­ja­gaz­lar, pe­no­po­lis­ti­rol­dan edi­len iý­mit we iç­gi gap­la­ry bi­len gu­tar­nyk­ly hoş­laş­dy» di­ýip, daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça Ýew­ro­pa ko­mis­sa­ry Wir­gi­ni­ýus Sink­ýa­wiç­ýus mä­lim et­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ka­nun­çy­ly­gy­nyň çä­gin­de 2019-njy ýyl­dan baş­lap, se­bi­tiň äh­li döw­let­le­rin­den 2021-nji ýy­lyň 3-nji iýu­ly­na çen­li bir ge­zek ula­nyl­ýan kä­bir plas­tik önüm­le­riň ba­zar­dan çy­ka­ryl­ma­gy ka­rar edi­lip­di.

Ekologiýa diplomatiýasy: halkara başlangyçlar, ösüş we netije

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň batly gadamlary bilen ählitaraplaýyn durnukly ösüşe eýe bolýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan 2015-nji ýylda kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek öňde goýlan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda milli, sebit we dünýä derejesinde işler ulgamlaýyn esasda yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan oňyn halkara başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda öňe sürýän başlangyçlary halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň taýýarlaýan hasabatlarynda beýan edilýän maglumatlar esasynda anyk göz ýetirýäris.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +29... +31° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28...+30° maýyl, gündizine +44...+46° yssy bolar. Howanyň basyşy 727 mm. Çyglylygy 5 — 25 %.