"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 5-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 15 — 35 %.

Ýeriň görki, berekediň örki

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:― Biz janly tebigata ömür berýän suwuň her damjasyny altyna barabar görüp, oňa keramat hökmünde sarpa goýan pederlerimiziň öwüt-ündewlerine, ýol-ýörelgelerine eýerip, berekediň, bolçulygyň gözbaşy bolan suwuň gadyr-gymmatyny has-da belende göterýäris, suw gorlarymyzy gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýäris. «Aby-Zemzem çeşmesiniň suwuny näme üçin niýetläp içseň, şoňa ýarar» diýýärler. Ýagny, ajygyp içseň, doýrar, suwsap içseň, teşneligiňi gandyrar. Ýetmiş bir göterimini çöllük tutýan türkmen topragynda hem suwuň şonuň ýaly derejede görülýän keramatly häsiýeti bar.

Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda: «Daşky gurşawy goramak we ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, biz häzirki döwürde sebit we dünýä ähmiýetli işleri amala aşyrýarys. Ekologiýa babatda kanunçylyk namalaryny yzygiderli kämilleşdirýäris» diýip belledi. Türkmenistanda döwlet ekologiýa syýasaty tebigaty goramaga, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligi baýlaşdyrmaga hem-de çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ekoulgamyň biodürlüligini goramak we dikeltmek, tokaýlyklary köpeltmek, topragyň, suw gorlarynyň rejeli peýdalanylmagy, milli ykdysadyýetiň önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşylmagy hem-de sebitiň ýurtlarynyň anyk çäreleri amala aşyrmak üçin jemlenmegi bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemegini üpjün etdi. Bu meselelerden ugur alyp, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bütewi Kanuny, «Ozon gatlagyny goramak hakynda

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň talaby

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz 30-njy iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew öz çykyşynda gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 31-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm. Çyglylygy 15 — 35 %.

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Ynsan ogly suwuň barlygyna şeýle bir öwrenişendir, hatda ýaşaýşy suwsuz göz öňüne getirmek asla mümkin hem däldir. Suw dünýädäki ähli janly-jandarlar üçin möhüm zerurlykdyr. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan ähli şertler suw arkaly emele gelýär. Adam açlyga çydap biler, emma ýekeje gün suwsuzlyga çydap bilmez. Şu hakykat hem bize suwuň ähmiýetiniň näderejededigini aýdyň görkezýär. Suw tebigatda giňden ýaýran himiki madda bolup, ol Ýer ýüzüniň 71%-ini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Suwuň 0,0001%-i howada gaz halynda duş gelýär. Duzly suwly ummanlar Ýer ýüzüniň suwunyň 97%-ini, buzlar we doňaklyklar 2,4%-ini, derýalar, köller we çeşmeler bolsa 0,6%-ini özünde jemleýär. Ýer ýüzündäki suwuň iňňän az mukdary bolsa janly-jandarlaryň bedeniniň, şeýle hem öndürilýän önümleriň düzümini emele getirýär.

Ho­wa sam­mi­ti ge­çi­ril­di

Ita­li­ýa­nyň Na­po­li şä­he­rin­de G20 to­pa­ry­na gir­ýän ýurt­la­ryň daş­ky gur­şaw, ho­wa we ener­gi­ýa mi­nistr­le­ri­niň ýyg­na­gy ge­çi­ril­di. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar gel­jek 30-50 ýy­la de­giş­li öňü­ni alyş çä­re­le­ri we dur­mu­şa ge­çi­ril­jek mak­sat­na­ma­lar ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Ýyg­na­ga dün­ýä­niň ösen yk­dy­sa­dy­ýet­li ýurt­la­ry bi­len bir ha­tar­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni art­dyr­mak, suw gor­la­ry­ny go­ra­mak mas­la­ha­tyň esa­sy me­se­le­le­ri bol­dy. Mas­la­hat­da çy­kyş eden Ita­li­ýa­nyň eko­lo­gik öw­rü­li­şik mi­nist­ri Ro­ber­to Çin­go­la­ni gat­na­şy­jy ýurt­lar bi­len glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gy 1,5 gö­te­rim azalt­mak üçin edil­me­li iş­le­riň mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Mi­nistr ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň 2015-nji ýyl­da­ky Pa­riž ho­wa yla­la­şy­gyn­da kes­git­le­nen ho­wa­nyň ýy­ly­ly­gy­nyň ar­ty­şy­ny 2 de­re­jä­niň aş

Ýaşyl gurşaw — ekologiýa syýasatymyzyň baş maksady

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, Diýarymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi artdyrmak işleri ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz köptaraply tebigy aýratynlyga eýedir. Başy asmana diräp duran äpet daglarymyz, haýwanat dünýäsi we süýji suwlulygy bilen tapawutlanýan derýalardyr köllerimiz, giň gözýetime uzap gidýän sähralardyr düzlerimiz, üsti we asty hazyna saýylýan Garagum sähramyz türkmen tebigatynyň bezegidir. Ýurdumyzyň obalaryndadyr şäherlerinde, mermer paýtagtymyzda we onuň daş-töwereklerinde oturdylýan bag nahallary bolsa, ynsan saglygy üçin möhüm şert bolan arassa howany, amatly gurşawy emele getirýär. Bag ekmegi, guýy gazyp, ýap çekmegi asylly we sogap iş hasaplaýan türkmen halkymyz gadymdan şu günlerimize çenli bu asylly işleri uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Bu babatda bize hormatly Prezidentimiziň hut özi şahsy görelde görkezýär. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy Arkadagly eýýamymyzda milli medeniýetimizi baýlaşdyran däbe öwrüldi. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly wakalara, dabaraly çärelere has baý ýyldygy şübhesizdir. Çünki asyrlarboýy arzuwlanan milli

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 29-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Daşky gurşawyň abadançylygy

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary «ýaşyl» ykdysadyýeti, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Daşky gurşawyň abadançylygyny gazanmakda Zeminiň «öýkeni» hasaplanýan tokaýlaryň ähmiýeti örän uludyr. Olar topragy ýel-ýagmyryň täsirinden gorap, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün edýär. Şonuň bilen birlikde-de, tokaýlar şu günüň wajyp ekologiýa meseleleriniň biri bolan howanyň ählumumy maýyllygyna düýpli täsir edýän kömürturşy gazyny özleşdirmekde ähmiýetli orna eýedir.

«Ýaşyl» energiýa — geljegiň energiýasy

Daşky gurşawyň abadançylygy soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýan iň derwaýys meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda hem tebigaty goramak, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda «ýaşyl ykdysadyýeti» ornaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyz Watanymyzda durmuşa geçirilýän ähli asylly işlerde bolşy ýaly, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde hem hususy ulgamyň wekilleri işjeňlik görkezýär. Bizem ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça baý tejribe toplan «Täze energiýa» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Nury Hydyrow bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri we alternatiw energetikanyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdyk.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Gözel Aşgabadyň seýilgähleri we suw çüwdürimleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, onuň bagy-bossanlyklaryny we gözelliklerini artdyrýar. Olar durmuş nukdaýnazaryndan dynç almak we gezelenç etmek üçin ýer we ekologiýa babatda oňaýly mikroklimaty emele getirýän düzümler hökmünde şäheri ösdürmegiň möhüm ugruna öwrüldi. Aşgabatda dürli-dürli suw çüwdürimlerini hemme ýerde — meýdançalarda we şaýollaryň ugrunda, hökümet, dolandyryş binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň binalarynyň öňünde görmek bolýar. Aşgabat köpsanly suw çüwdürimleriniň jemlenen şäheri hökmünde giňden tanalýar. Paýtagtymyzyň «Oguz han we ogullary» suw çüwdürimler toplumy jemgyýetçilik ýerinde suw çüwdürimleriniň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Ýylyň dowamynda we gije-gündizde suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň bezeg aýratynlyklary bolup hyzmat edýär. Seýilgähler, tebigy gözellikler hakyky şäher gurşawyny, jemgyýetçilik giňişligine çeper mazmun bermek sungatyny emele getirýär. Şunuň bilen birlikde, bu sungat eserleriniň kompozisiýa we gözellik çözgütleri, öwüşginligi beýan edip, milliligi giňden şöhlelendirýär, şunda Oguzhanyň sekiz burçly şugla saçýan ýyldyzy

Materikler we okeanlar hem-de olaryň geografik atlarynyň manysy

Awstraliýa — latynça australis - «günorta» diýmekdir XVII asyryň başynda gollandlar bu materigi açyp, oňa Täze Gollandiýa diýip at berýärler. 1814-nji ýylda iňlis deňizde ýüzüjisi Metýu Flinders materige Terra Australis - «Günorta ýurt» diýen ady dakmagy teklip edýär. Soňra bu adyň diňe Awstraliýa (“günorta») diýen bölegi ulanylmaga başlaýar. Aziýa — assiriýalylaryň «gündogar» manysyndaky asu sözünden bolup, bu at ilki Egeý deňziniň gündogar kenaryny aňladypdyr. Gadymy grekler Kiçi Aziýanyň kenarýaka sebitlerine, rimliler bolsa şu ýerdäki Pergam döwletine Asyýa diýipdirler. Has soňrak bolsa bu at dünýäniň iň uly bölegine dakylypdyr.

Suwy rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz 9-njy iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýakyn geljek üçin wezipeleri kesgitlemek bilen, oba hojalyk toplumynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan maýa goýumlarynyň özleşdirilmegini Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 27-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Tebigat — biziň baýlygymyz

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini aýawly saklamak, olary geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigy baýlyklary goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar. Tebigy baýlyklary goramak babatynda asylly başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan anyk çäreler görülýär. Halkara kadalaryna laýyk gelýän «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» we beýleki Kanunlar kabul edildi.

«Ýaşyl» energetika: ekologiýa abadançylygy

«Ýaşyl» ýa-da alternatiw energetika energiýany almagyň, geçirmegiň hem-de ulanmagyň edil adaty energetika ýaly giňden ýaýramadyk, emma geljegi uly hasaplanýan usullarynyň umumylygydyr. Adaty energetika kömür, nebit we tebigy gaz ýaly ýangyçlary ýakmak arkaly alynýan energiýanyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Şonda bölünip çykýan kömürturşy gazy tebigata belli bir derejede ýaramaz täsirini ýetirýär. Alternatiw energetikada bolsa Gün, ýel, suw tolkunlary, bioýangyç we tebigy galyndylar ýaly daşky gurşaw üçin howpsuz çeşmelerden energiýa öndürilýär. Soňky onýyllyklarda bütin dünýäde klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýlar zerarly alternatiw energetika bolan gyzyklanma barha artýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alynýan elektrik energiýasy has arzan we elýeterli bolup, dürli ýurtlarda onuň täze kuwwatlyklary ornaşdyrylýar. BMG-niň daşky gurşawy goramak Maksatnamasy boýunça gaýtadan dikeldilýän energetikanyň meseleleri bilen meşgullanýan «REN21» seljeriş merkeziniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda bütin dünýäde «ýaşyl» energetika pudagynda 11 milliondan gowrak adam işleýär. Şolaryň esasy bölegi (3,5 milliondan gowragy) Gün energetikasynyň, bioenergetikanyň (takmynan 2 million) we gidroenergetikanyň paýyna dü

Sazlaşyk

Käte tebigat bilen ynsan kalbynyň gözelliginiň sazlaşygy dogrusynda pikirlenýärsiň. Olaryň ikisiniň arasynda göze görünmeýän baglanyşygy syzýan ynsanlaryň bardygy barada oýlanýarsyň. Şeýle zehini bolan adamlardan güýçli şahsyýetler döreýär. Olar öz Watanyny tebigatdan aýry göz öňüne hem getirip bilmeýärler. Hormatly Prezidentimiz hem bize tebigaty söýmegi, onuň baýlyklaryny gözüň göreji ýaly goramagy öwredýär. Hut milli Liderimiziň tagallasy bilen geçen ýyllarda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin tutanýerli işler alnyp baryldy. Şu günlerde hem bu işleriň arasy üzülmeýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe tutuş jemgyýetiň ösüşi daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilişi bilen berk baglanyşdyrylýar. Şu maksat bilen welaýatlaryň çäklerinde miweli, saýaly, pürli agaçlaryň we üzüm nahallarynyň her ýylda millionlarçasy oturdylýar.

Hammamy arassalamagyň düzgünleri

Tämizlik äh­li ýer­de ze­rur­dyr. Aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni dog­ry ge­çir­mek ar­ka­ly ham­ma­my­ňy­zyň hem gö­ze ýa­kym­ly we tä­miz gö­rün­me­gi­ni ga­za­nyp bi­ler­si­ňiz. Mu­nuň üçin me­bel­le­riň, ha­jat­ha­na­nyň we beý­le­ki zat­la­ryň aras­sa bol­ma­gy ze­rur­dyr. Ham­mam­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň kä­bir düz­gün­le­ri­ni dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris: Arassaçylyga baş­la­maz­dan ozal re­zin el­lik ge­ýiň! Soň­ra diş çot­ga­sy, şam­pun, sa­byn, desmal ýa­ly zat­la­ry ham­mam ota­gyn­dan çy­ka­ryň! Pen­ji­re­le­ri we ga­py­la­ry açyň, öýüň içi­ni, ham­ma­my ýe­le­ji­re­diň!

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 22-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm, çyglylygy 10 — 30 %.