"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Ekologiýa — Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Biziň ýurdumyzyň bu ulgamda öňe sürýän halkara başlangyçlary barada Ministrler Kabinetiniň 28-nji iýulda geçirilen mejlisinde hem nygtalyp geçildi. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça işleri dowam etdirjekdigi barada habar berildi.

Ekologiýa abadançylygy

Ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek we ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty, bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlar, «ýaşyl» ykdysadyýeti emele getirmek ugrundaky tagallalar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Munuň özi şol bir wagtyň özünde durnukly ösüşiň esasy düzüm bölegi bolmak bilen, daşky gurşawy goramakda hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi ekologiýa meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen toplumlaýyn çärelerden ugur alnyp, amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna öňe süren başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalary netijesinde, Türkmenistan häzirki döwürde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň halkara derejede çözülmegi üçin bu babatdaky anyk usullaryň birnäçesini teklip edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Rio+20» Bütindünýä sammitinde Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça sebitara merkezini döretmek barada öňe süren başlangyjy ählumumy maýylganlygyň öňüni almaga gönükdirilýändigi bilen häsiýetlendirilýär.

Geljek ekologiýa bagly

ýa-da adam-tebigat gatnaşygy hakynda Meşhur amerikan ýazyjysy Mark Tweniň: «Howa biziň daşymyzy gurşap alýan adamlara bagly» diýen jümlesi bar. Bu sözleriň aňyrsynda, elbetde, optimistik garaýyş jemlenýär. Ýöne häzirki zaman dünýäsinde hemmeleri ynjalyksyzlandyrýan howanyň üýtgemegi ýaly ýiti meseläniň köp babatda antropogen täsirlere — adama we onuň hereketlerine baglydygyny göz öňünde tutsak, ýokarda getiren jümlämiz döwrüň hakykatyna esaslanýan göni mana-da eýe bolup biler. Biz ony göni manyda ulanyp, howanyň oňaýly ýagdaýynyň üpjün edilmeginiň hut adamlara, olaryň birleşen tagallalaryna baglydygyny nygtamak isleýäris. Ine, şu mesele hem soňky onýyllykda örän oýlanyşykly çözgütleri talap edýän, adamzadyň umumy öýünde sagdyn we abadan geljegi gurmagy ileri tutýan möhüm wezipä öwrüldi.

Ekoşäher Aşgabat!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem beýik ösüşlere beslenip, bedew bady bilen özgermegini dowam edýär. Aşgabady dünýäniň arassa hem gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, döwletimiz tarapyndan iri möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleri, inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen milli binagärlik tejribesi mäkäm utgaşdyrylyp ösdürilýän ak mermerli paýtagtymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalary, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähleri, medeni-durmuş maksatly binalar toplumlary yzygiderli gurulýar. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge, täze seýilgäh zolaklaryny döretmäge, şaýollaryň we köçeleriň durkuny täzelemäge uly ähmiýet berilýär. Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, hyzmatlar ulgamyny

Tebigata söýgi — durmuşa söýgi

Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy meseleleriniň biri arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmekden ybaratdyr. Bu ugurda, ilkinji nobatda, ýurduň şäherleriniň we obalarynyň töwereginde gök guşak meýdançalaryny döretmek maksady bilen, bag ekmek çäreleri yzygiderli amala aşyrylýar. Çünki tebigaty goramagyň geljekki nesilleriň bagtyýarlygyny üpjün etmek bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz halkyň kalbyna hemişelik guýdy. Her ýylyň mart aýynyň ortasynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek asylly däbe öwrüldi, watandaşlarymyz tebigaty goramagyň we ony baýlaşdyrmagyň ynsan durmuşy üçin ählitaraplaýyn bähbitlidigini göz öňünde tutup, millionlarça bag nahallaryny oturdýarlar. Tebigaty goramak — ýaşaýşymyzyň gözelligine goşant goşmak. Çünki biziň eken ýa ideg eden her bir agajymyz bu Zeminiň gözelligini artdyrýar. Bu gün bolsa türkmen topragynda bagy-bossanlyga öwrülip oturan täze şäher döredi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň gözellik döretmek baradaky nobatdaky nusgalyk işidir. Gözellik diňe bir biziň gözümiziň görüp duran zatlarynyň owadan bolmagy däl, ol biziň içki dünýämizde hem kemala gelýär. Onuň kemala gelmeginiň ilkinji şertleriniň biri hem saglyk. Sagdyn durmuş bolsa tebigatyň arassalygy, ekologiýanyň goraglylygy bilen berk baglanyşykly. Milli Lideri

Ekologiýa abadançylygy — geljegiň rowaçlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýöredýän paýhasly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, halkymyzyň ýaşaýşy, ynsan saglygy üçin peýdaly tebigy şertleri döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny işjeň dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Şeýle giň gerimli ekologiýa syýasatynyň alnyp barylmagy döwletimiziň hem-de dünýäniň möhüm ekologiýa meselelerini çözmegiň, ýagny howanyň arassalygyny üpjün etmegiň, şäherleri gurşap alýan gök guşaklary has-da ýaýbaňlandyrmagyň, ýer, suw serişdeleriniň berk goragyny üpjün etmegiň, tebigatymyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini saklap galmagyň we olary baýlaşdyrmagyň esasydyr. Bu diňe bir şu güni ýa-da ertiri däl, eýsem uzak geljegi nazara alýan dürli kanunlar, kadalaşdyryjy resminamalar bilen soňky ýyllarda has-da berkidilen kanunçylyk binýadyna daýanýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri hakynda» we beýleki Kanunlary bar.

Aşgabat — tämizligiň şäheri

Aziýanyň merjeni bolan türkmen paýtagty ajaýyp keşbi, täsin binagärligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Häzirki wagtda Aşgabat bagy-bossanly şäher hökmünde tanalýar. Gök öwsüp oturan baglar, älemgoşar ýaly dürli reňkli güller, süňňüňi ýeňledip, kalbyňa rahatlyk berýän suw çüwdürimleri ak mermerden bina edilen paýtagtymyzyň görküne görk goşup, gaýtalanmajak gözelligi emele getirýär. Dünýäniň çar künjeginden şeýle gözelligi synlamaga gelýänleriň sany barha artýar. Paýtagtymyzyň gün-günden özgerip, ajaýyp keşbe eýe bolmagynyň sakasynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň irginsiz aladalary ýatyr.

Daşky gurşawyň goragynda

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durnukly ösüşiň ýolunda daşky gurşawy we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatynda alnyp barylýan möhüm işler uly üstünliklere beslenýär. Daşky gurşawy goramak häzirki döwürde bütin dünýäde tutuş adamzat üçin iň bir wajyp meseleleriň biridir. Döwletimiziň tebigy gurşawyň goralmagyny üpjün etmek babatdaky wezipesi, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmagy, jemgyýetiň ekologik we ykdysady bähbitlerini dogry utgaşdyrmagy üpjün etmekdir.

Tebigaty goramak — durmuşy söýmek

Daştöweregimizi gurşap alan tebigata aýawly çemeleşmek, onuň baýlyklaryny, gözelliklerini, haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, geljekki nesillere ýetirmek üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işler alnyp barylýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, gök zolaklary döretmäge, tebigaty baýlaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy tebigaty goramak we ony baýlaşdyrmak maksadyna gönükdirilendir. Onda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde tokaý zolaklary emele gelip, ýurdumyz bagybossanlyga beslenýär. Daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatda ýurdumyzyň halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, halkara konwensiýalara goşulmagy tebigaty goramakda asylly ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär.  Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ykdysadyýetiň pudaklaryny ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmäge, tebigaty goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde umumadamzat bähbitli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hemde Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde mundan beýläkde üstünlik arzuw edýäris

GÖ­ZEL­LIK GO­RAL­SA GO­WY

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­den soň­ky oý­lan­ma­lar Ýag­şy işe ba­dal­ga be­ril­se, ýü­re­giň üs­ti sy­pa­la­na­na dö­näý­ýär. Şu ýy­lyň 14-nji iýu­lyn­da ge­çi­ri­len Mi­nist­rler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň oba we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ni böl­mek, onuň bin­ýa­dyn­da Oba ho­ja­lyk mi­nist­rli­gi­ni hem-de Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nist­rli­gi­ni dö­ret­mek ba­ra­da res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi, şeý­le hem Döw­let ýer ka­dastr­la­ry­nyň ýe­ke-täk ul­ga­my­ny şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li işe gi­riz­mek üçin ze­rur iş­le­ri çalt­lan­dyr­mak hak­da tab­şy­ry­gyň be­ril­me­gi hem­mä­mi­ziň gö­wün gu­şu­my­zy ga­nat­lan­dyr­dy.

EKOLOGIÝANY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNLERI

Tomus paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän baýramçylyklaryň sany hem köpelýär. Ýurdumyzda hemde tutuş dünýä döwletlerinde her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellenilýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz başarnyklaryny doly açmaga mümkinçilik berýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde  sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy hasaplanylýan adamyň saglygy durýar. 5nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine saklamaga bolan tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ekologi

Ýaşlarda ekologiýa medeniýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatyndaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde  Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda Permana gol çekmegi  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy bilen birlikde daşky gurşawyny goramagy düýpli özgertmegiň we bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da  kämilleşdirmegiň kämil binýady boldy.

Daşky gurşawy goramak — baş maksat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny, daşky gurşawy goramak ulgamynda uly işler, şeýle-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly çemeleşmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda ekologiýa, daşky gurşawy goramak babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ähli zerur işler yzygiderli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan taslamalaryň, gurulýan täze binalaryň, kärhanalaryň ekologiýa nukdaýnazaryndan ygtybarly bolmagy hökmany şerte öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz daşky gurşawy goramak boýunça halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň, taslamalaryň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözülmegine saldamly goşandyny goşup gelýär.

Tebigatyň abadançylygy ugrunda

Berkarar ýurdumyzda tebigatyň gözelliklerini goramaga, tebigy baýlyklardan we serişdelerden rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy baýlaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Sebäbi tebigat bilen adamyň ýaşaýşyny üzňelikde göz öňüne getirip bolmaýar. Biziň ekin ekip, bereketli hasyl alýan topragymyzam, teşneligimizi gandyrýan suwumyzam, salkyn saýasynda janymyza şypa tapýan baglarymyzam... — tebigatyň bize eçilen taýsyz peşgeşi. Olar hem baýlyk, hem saglyk, hem-de gözellik. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda tebigaty goramak we onuň abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler toplumlaýyn häsiýete eýedir. Daşky gurşawyň howpsuz ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, biodürlüligini has-da baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan öwrenmäge, ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli we döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi, kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi, önümçilik we beýleki maksatly binalar gurlanda, “ýaşyl” tehnologiýalaryň ulanylmagy, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi tebigaty goramak ýaly möhüm meseläniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny, adamyň arassa daşky gurşawda sagdyn ýaşamagy barada edilýän ala

Ekologik tagallalaryň ykrarnamasy

Daşky gurşawyň abadançylygy hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biridir. Diýarymyzda gurulýan binadyr desgalarda, amala aşyrylýan taslamalarda tebigata aýawly çemeleşilmegi, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi esasy talaplaryň hatarynda durýar. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky we Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts» güwänamalaryny gowşurmagy hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Ekologiýa — abadan durmuşyň gözbaşy

Berkarar Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Resminama laýyklykda, tokaýlary dikeltmegiň we köpeltmegiň täze usullary we tehnologiýalary boýunça özara tejribe alyşmak bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek, tokaý hojalygyny durnukly dolandyrmagyň usullaryny we tokaý kanunçylygyny kämilleşdirmek, tokaý gaznasyny tükellemek we olar barada maglumatlar binýadyny döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Aýratyn hem, ýapyk kök ulgamly nahallary ýetişdirmek boýunça sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Asylly däbe görä, ählihalk bag ekmek dabaralaryna ildeşlerimiziň uly höwes we hyjuw bilen gatnaşmagy eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň, ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmegiň hem-de ekologiýa abadançylygyny gazanmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Arkadag şäheri — ekologiýanyň we saglygyň ajaýyp sazlaşygy

Saglyk hakda söz açylsa, hökmany suratda däri-dermandyr bejergiler bilen bir hatarda, atmosferadan, ýagny howadan hem söz açylýar. Adamlaryň beden gurluşynyň deň bolmaýşy ýaly, olaryň daşky gurşawy, suwy, howany kabul edişleri-de meňzeş däl. Kimlere sähra howasy ýarasa, kimlere dag howasy ýakymly täsir edýär. Şeýle şypaly howa, keýpiňi göterip, ruhuňy belende galdyrmaga-da, işe, durmuşa bolan höwesiňi artdyryp, güýjüňe güýç goşmaga-da ýaramly. Mahlasy, adam tebigat bilen gönüden-göni bagly. Adam aňynyň ähli ulgamlarda belent-belent sepgitleri nazarlap, görlüp-eşidilmedik üstünliklere ýetýän häzirki döwründe daşky gurşawy ynsan saglygyna peýdaly täsir edip bilýän derejede özleşdirip, ekologiýany has-da gowulandyrmaga örän uly üns berilýär. Şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda birinji tapgyry uly dabara bilen açylyp, ulanmaga berlen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ekologiýa aýratynlyklary hem bu aýdanlarymyza buýsandyryjy mysaldyr.

Daşky gurşawyň abadançylygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi tebigaty aýawly saklamak, ondan rejeli peýdalanmak babatda döwlet syýasatynyň ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk namalary kabul edildi.

Goýnuň dönsün erem bagyna, Diýar!

Türkmen tebigatynyň görkana keşbi asyrlar boýy halkymyzyň ruhy dünýäsini şöhlelendirip gelipdir. Taryhyň şaýatlyk etmegine görä, ekerançylyk bilen meşgullanan pederlerimiz zähmeti bilen ene topragyň keşbini özgertmäge girişipdirler. Suwaryş desgalaryny gurmak, teşne ýerleri suwdan gandyrmak, suwsuz topraklary gülletmek halkymyzyň aň-düşünjesinde mukaddes maksat-ýörelgeleriň biri hökmünde orun alypdyr. Türkmen halkynyň taryhy tejribesiniň, ruhy dünýäsiniň baýlygynyň we özboluşlylygynyň beýany bolan milli medeniýetinde-de, halk döredijiliginde-de, däp-dessurlarynda-da onuň tebigata mährem, näzik, sarpaly garaýşyny aýdyň görmek bolýar. Tebigatdan tygşytly peýdalanmak, onuň gözelligini gorap saklamak möhüm meseleleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, adamzadyň durnukly we howpsuz ösüşine wehim salýan meseleleri aradan aýyrmak boýunça BMG-niň öňe süren Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň biri bolup kabul eden we olary döwlet syýasatynyň gün tertibine uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan özüniň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamalaryny daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler bilen berk utgaşykly amala aşyrýar. Şonuň ýaly-da adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklary ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle hem ada

Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň çeşmesi