"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Adam hakda alada üns merkezinde

Ýurdumyz adam hukuklary we azatlyklary bilen baglanyşykly halkara resminamalaryna işjeň goşulyşmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny subut edýär. Munuň şeýledigine golaýda çap edilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumatynda beýan edilen görkezijiler hem doly şaýatlyk edýär. Maglumatyň girişinde bellenilip geçilişi ýaly, geçen 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» hem ýurdumyzyň iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna möhüm wakalara baý, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek babatda anyk netijeleriň gazanylan ýyllarynyň biri boldy. Şonuň bilen baglylykda, maglumatda ýurdumyzda adamyň we raýatyň ýaşaýyş, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, adam hukuklarynyň berjaý edilişinde 2023-nji ýylda ýetilen sepgitleriň netijesine syn berilýär we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde alyp baran işleri giňişleýin beýan edilýär. Hususan-da, bu resminama Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy, Raýat we syýasy hukuklar, Ykdysady, durmu

Ynsan saglygy – döwletimiziň baş aladasy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman lukman Arkadagymyzyň paýhasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary, birnäçe enjamlar sowgat berildi. Şu ýyl Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Aşgabat şäherinde ýerleşýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine gaznanyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» öndürijisiniň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamynyň sowgat berilmegi taryhy wakadyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, ekologiýa taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady

Tomus paslynda —

Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň. * * *

Suwda ýüzmegiň peýdasy

Alym Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserinde parasatly nygtaýşy ýaly,  ynsan bedeninde ganyň hem-de beýleki suwuklyklaryň talabalaýyk aýlanmagynyň esasynda öýjükler işjeňleşip başlaýar. Bu bolsa emele gelen zyýanly maddalardan bedeniň saplanmagyna getirýär. Suwuň bar ýerinde hereket hem bolýar, ýaşaýyş hem. Adamyň sagdyn we şähdaçyk ýaşamagynda fiziki hereketleriň beýleki görnüşleri bilen birlikde, suwda ýüzmegiň hem ähmiýeti uludyr.

SAGDYN HEM BAGTYÝAR GELJEK ÜÇIN

Çagalygy, ýetginjekligi oba ýerlerinde geçen ildeşlerimiz üçin şol ýyllar bilen bagly ýatlamalaryň welosidepsiz güni azdyr. Çünki welosiped çagalyk, ýetginjeklik bilen bagly süýji ýatlamalarymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biri. Belki, biz şol ýyllarda onuň jan saglygymyza edýän oňyn täsiri dogrusynda kelle döwjek hem bolan däldiris. Ýöne bizi barja ýerimize çal ýetirýän welosiped saglygymyz üçin, gör, nähili aladalary eden eken. Şu ýyl Ýer ýüzi taryhda ýedinji gezek Bütindünýä welosiped gününi belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mundan alty ýyl ozal ― 2018-nji ýylyň aprel aýynda hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek bilen bagly Kararnamany kabul etdi. Şol taryhy Kararnama bolsa tutuş adamzada saglyk babatynda ýene bir serpaýy ýapdy.

«Arkadag medisina klasteri menejment» kärhanasy: baş baýlygyň goragy üçin döwrebap önümçilik

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletleýin maksatnamasynda ýurdumyzyň adam mümkinçiliklerini ösdürmek, ilatyň saglygynyň derejesini ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmak babatda saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynyň möhüm orny kesgitlenendir. Saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmelerde döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, ýokary tehnologik enjamlary satyn almak boýunça göz öňünde tutulan taslamalar amala aşyrylyp, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmak, olary maksatlaýyn taýýarlamak, derman üpjünçiligini kämilleşdirmek we beýlekiler boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Keselleriň öňüni alyş işlerinde adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, aýratyn-da, ýurtda raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Maksatnamadan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şeýle-de lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ýurduň baş baýlygy hasaplanýan halkyň saglygyny goramaga,

Hil ulgamynyň laýyklyk güwanamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu güwänama «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu bolsa kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň nobatdaky üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Görk — agyzdan

Sagdyn iýmitlenme bedeniň goragyny üpjün edýär. Doýgun däl ýaglaryň doýgun we transizomerli ýaglardan peýdalydygyna düşünmeli. Doýgun däl ýaglar — balygyň, hozuň, günebakaryň, zeýtunyň ýagy sagdyn iýmitlenme rejesiniň bir bölegidir. Etiň düzümindäki we mesgedäki ýaglara doýgun ýaglar diýilýär. Onuň üçin düzüminde ýag bolmadyk et böleklerini ulanmaly. Iýmitiň düzümine balyk hökman goşulmalydyr. Balyk belogyň, witaminleriň we omega-3 doýgun däl turşularyň çalşyryp bolmaýan çeşmelerine degişlidir. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Il saglygy – ýurt baýlygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň döwrebap derejede ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Ýakynda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen bu kärhananyň saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň we beýlekileriň ilkinji tapgyry welaýat köpugurly hassahanasyna gelip gowuşdy.

Baş baýlygyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary, taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda hem guwandyryjy netijeler gazanylýar. Häzirki wagtda berkarar döwletimiziň ähli künjeginde dünýäniň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleri, saglyk öýleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Şeýle binalaryň ençemesi biziň welaýatymyzda hem bar. Ol ýerlerde welaýatymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary öz saglyklaryny berkidýärler, dynç alýarlar. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň kämil, sowatly, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär we giň ýollar açylýar. Ýaňy-ýakynda welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan çagalaryň saglygyny dikeltmekde möhüm bolan iki sany täze enjamyň sowgat berilmegi hem çagalar barada edilýän uly aladanyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Lukmanyň maslahaty

Alma şiresiniň ähmiýeti Mineral elementleriň toplumyny özünde jemleýän alma bedeni işjeň saklamak, ömri uzaltmak üçin köp kabul edilýän miweleriň biridir.

Tomusda saglygy goramak üçin:

Deňiz suwunyň ähmiýeti

Zähmet rugsadyny gyzykly we peýdaly geçirip, täze güýç, oňat keýp bilen ýene-de işe başlamagy islemeýän adam ýok bolsa gerek. Kaşaň jaýlarda ýerleşen, ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty ýola goýlan şypahanalarda saglygyňy dikeltjekmi ýa-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç aljakmy, berkarar Diýarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Hatda Hazaryň saglyk üçin has ýaramly türkmen kenarynda dynç alyp, onuň jana tenekar suwunda gulaçlap ýüzmek hem bagtyýarlykdan nyşan. Deňziň suwunda ýod köpdür. Bu element beýniniň işini işjeňleşdirýär, ýatkeşligi gowulandyrýar, galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Deňziň kenarynda 15 — 20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi 35 göterim ýokarlanýar. Hlorly natriý (nahar duzy) deňiz suwuna şorumtyk tagam, hlorly we kükürtli magniý bolsa ajymtyk tagam berýär.

Görk — agyzdan

Dünýäde adam saglygyna belli bir derejede zyýanly täsir edýän zatlaryň biri — bu nädogry iýmitlenme we fiziki işjeňligiň pesligidir. Sagdyn iýmitlenme süýjüli diabetden, ýürek kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerinden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän önümlerimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, hozlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we hozlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanmagyny iýmitiň düzüminde azaltmaly. Doýgun däl ýaglaryň doýgun we transizomerli ýaglardan peýdalydygyna düşünmeli. Doýgun däl ýaglar, ýagny balygyň, hozuň, günebakaryň, zeýtunyň ýagy sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir.

Baş baýlygyň goragynda

Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Sebäbi Gün şöhlesi bedenimiziň diş we süňk dokumalaryna zerur bolan D ýokumynyň işlenip çykmagyna täsir edýär. Gezelençler howanyň ýagdaýyna görä ir säher bilen 9-a çenli we agşamlyk 18-den soň bolmaly.

Suwa düşmegiň howpsuzlyk talaplary

Tomus döwrüniň yssy howasy adamlary deňiz ýakasynda, derýalaryň, kölleriň kenarlarynda dynç almaga höweslendirýär. Deňziň sergin howasy, suwuň ýakymly täsiri adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle ýagdaýlarda adamlar käwagt ätiýajy elden berip, gynansak-da, gark bolma ýagdaýyna uçraýarlar. Gark bolan adamlary ilkinji 3-6 minudyň dowamynda halas edip bolýandyr, emma sowuk suwda şeýle ýagdaýlar 20-30 minuda çenli uzap bilýär. Gark bolan adamy halas etmek üçin onuň yzyndan ýüzüp barmalydyr, ony arkasyna öwrüp, tizden-tiz kenara çykarmaly we ilkinji kömegi bermeli:

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

Berkarar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi jemgyýetimize giňden ornaşdyrylyp, ýaramaz endiklere garşy aýgytly göreş alnyp barylýar. Ýaş nesliň saglygy, olaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüp ulalmaklary üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär hem-de döwrebap şertler döredilýär. Munuň subutnamasy hökmünde saglygyň sakasy bolan bedenterbiýe we sport hereketiniň ösdürilmegini, sport mekdepleriniň, toplumlarynyň ýaşlaryň hyzmatyna berilmegini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagy, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmagy, sport bilen meşgullanmagy, elmydama hereketde bolmagy, dogry iýmitlenmegi ündeýän çäreleri görkezmek bolar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan ata Watanymyzda saglyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär. «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär, raýatlaryň saglygynyň temmäki, alkogol önümlerini ulanmagyň täsirinden goralmagy babatda döwlet syýasatynyň ugurlary kesgitlenýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyna biz ajaýyp zamanamyzda gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda alnyp barylýan işler bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» ýaly pähimleri miras galdyran pederlerimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, zyýanly hem ýaramaz pişelerden gaça durmagy öz nesillerine beren terbiýelerinde, öwüt-ündewlerinde esasy ýörelge edinipdirler. Täze taryhy eýýamda şol ýörelgäniň dowamat-dowam bolýandygy her birimiz üçin buýsançlydyr. Esasanam, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Yz

Tomus paslynda berjaý edilmeli düzgünler

♦Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgap geýiň ýa-da ýaglyk dakynyň. ♦Gözlere Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynyň, saýawan ulanyň.

Saglygymyzy goralyň!

Tomus paslynda her bir günüň yssy bolýandygyny we howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, howa görä geýinmeli. Tomus paslynda açyk howada işleýän ildeşlerimiz kellelerini ýaglyk, başgaplary bilen örtmeli.