"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

ŞU GÜN TÜRKMENISTANYŇ ÝYGYNDYSYNYŇ AZIÝANYŇ KUBOGYNYŇ SAÝLAMASYNDAKY GARŞYDAŞLARY BELLI BOLAR

Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna bije çekiler. Bije çekişlik biziň wagtymyz bilen sagat 12:00-da başlanar. Bijäniň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli bolar. Biziň milli ýygyndymyz bijä ikinji sebetçeden gatnaşýar. Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyrynda 24 ýygyndy 6 toparça bölünip (her toparçada 4 ýygyndy), özara güýç synanyşar. Her toparçadan diňe birinji ýeriň eýesi yklym birinjiliginiň final tapgyryna ýollanma alar.

Sport. Dostluk. Bagtyýarlyk

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 TMÝG-niň Baý­ra­ma­ly et­rap Ge­ňe­şi hem-de Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň 24-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­lym­la­ry, okuw­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­de «Sport sag­dyn ýa­şaý­şa bo­lan hö­wes­dir» at­ly şy­ga­ry bi­len küşt bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Mek­dep­de bi­lim al­ýan ýaş­lar çe­ke­le­şik­li bäs­leş­di­ler. Gy­zyk­ly ge­çen bäs­le­şik­de ta­pa­wut­la­nan okuw­çy­la­ra TMÝG-niň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­rap Ge­ňe­şi­niň adyn­dan Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Fijital sport

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň sport ul­ga­my bi­len ara­bag­la­ny­şy­gy has-da ulu­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hem teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň spor­ta öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, bi­le­lik­de bi­te­wi saz­la­şy­gy dö­ret­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Se­bä­bi döw­rüň ösü­şi­ne la­ýyk­lyk­da yn­san aňy hem ös­ýär. Yn­san aňy­ny kä­mil­leş­dir­mek­de spor­tuň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Sport jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän we has-da kä­mil­leş­ýän gym­mat­lyk­dyr. Uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­myz tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň spor­ta or­naş­ma­gy ne­ti­je­sin­de fi­ji­tal we ki­bers­por­tuň dö­re­me­gi­ne ge­tir­di.

Başarnykly ýaşlar

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ýaş­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da Bal­kan we­la­ýa­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň uşu fe­de­rasiýa­sy­nyň açyk çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Ýa­ryş Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nis­tr­li­giň ýa­nyn­da­ky «Awa­za» sport top­lu­my­nyň ba­şa-baş gö­reş za­lyn­da ge­çi­ril­di. Bu ýa­ry­şa Türk­me­nis­ta­nyň äh­li kün­jek­le­rin­den tür­gen­ler gat­naş­dy­lar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň 3-nji sport mek­de­bi­niň uşu bo­ýun­ça baş tä­lim­çi­si Re­jep­mäm­met Ne­pe­so­wyň hem-de Ju­ma­my­rat Gar­ly­ýe­wiň okuw­çy­la­ry üs­tün­lik­li çy­kyş edip, öz zäh­met çek­ýän sport mek­dep­le­ri­niň ýe­ňi­ji bol­ma­gy­na go­şant­la­ry­ny goş­du­lar. 2008-nji ýyl­da dog­lan Jeý­hun Gar­ly­ýew, 2010-njy ýyl­da dog­lan Ba­ba­my­rat Ju­ma­ýew, 2011-nji ýyl­da dog­lan Aý­za­da Gar­ly­ýe­wa, 2011-nji ýyl­da dog­lan Me­kan Mä­mi­ýew, 2012-nji ýyl­da dog­lan Eziz Sa­par­gel­di­ýew da­gy hor­mat mün­be­ri­niň iň ýo­ka­ry ga­ty­na çyk­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti diýseň uludyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin döwlet ähmiýetli köptaraply işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Ýaşaýyş üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biri hasaplanylýar. Bu gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär. Sagdyn ruh adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär. «Adam üçin durmuşda iň uly we iň esasy baýlyk näme?» diýlip soralanda, hemmämiziň «Saglyk» diýip jogap berjegimiz gümansyzdyr. Saglygy berkitmek, hemişe beden gözelligini, şähdaçyklygy, ruhubelentligi saklamak üçin sport bilen meşgullanmak iň bir ygtybarly serişde hasaplanylýar. Saglygyň sportdan gözbaş alýandygy dünýäde ykrar edilen hakykat. Şonuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişel

Sport maşklarynyň saglyga peýdasy

Sport maşklary saglygy berkitmek, adamyň hereket ukyplaryny kämilleşdirmek, güýjüni, çeýeligini, çydamlylygyny ösdürmek üçin ýörite saýlanyp alnan beden maşklaryň toplumydyr. Esasan hem sportuň gimnastika görnüşinde köp sanly dürli görnüşli maşklar ulanylyp, olaryň hersi belli bir wezipäni ýerine ýetirýär. Bedeniňi we işjeňligiňi ösdüriji umumy maşklar, ýönekeý erkin maşklar, amaly maşklar, ýöremek, ylgamak, bökmek ýaly maşklaryň görnüşleri adamyň bedeniniň umumy ösüşine ýardam berýär, saglygyny berkidýär, iş öndürijiligini ösdürýär, ruhuny galdyrýar. Ýörite gurallarda ýerine ýetirilýän maşklaryň, çeperçilik gimnastikasynda ulanylýan maşklaryň, diregli bökmek hem-de akrobatika maşklaryň kömegi esasynda adamlar öz bedeniniň owadan, sagdyn bolmagyny gazanýarlar. Gimnastika maşklary esasy bäş topara bölünýär. Esasy gimnastika — saglygy dikeltmek we umumy fiziki ösüşi gazanmak üçin mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar, okuwçylar we uly ýaşly adamlar bilen geçirilýän sapaklarda ulanylýar. Şeýle-de, esasy gimnastika adamda täze hereket endiklerini ösdürmek ýa-da has çylşyrymly hereketler üçin taýýarlyk maksady bilen geçirilýär. Esasy gimnastika ýöremek, ylgamak, bökmek, deňagramlyk maşklary, şeýle hem sport gimnastikasynda peýdal

Innowasion sport hepdeligi

Şu günler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda innowasion sport hepdeligi geçirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Milli talyplar sporty hem-de Milli elektron sport federasiýalarynyň bilelikde guramagyndaky ýaryşlar institutyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda ýaýbaňlandyrylýar. Şol ýaryşlar sportuň hereketli we sanly, şeýle-de, elektron görnüşlerini özünde jemleýär. Ajaýyp dabaralara beslenýän innowasion sport hepdeligi ähmiýetli çäreleriň ençemesini özünde jemleýär. Onuň açylyş dabarasy has-da täsirli bolup, sportuň innowasion görnüşleriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirdi. Fijital hem kibersport ýaryşlary bolsa onuň üstüni ýetirdi. Aslynda, bu ýaryşlaryň esasy maksady ýokary okuw mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň arasynda hoşniýetli hem netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, olaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklaryny gazanmakdan, talyplaryň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmakdan, has zehinli türgenleri ýüze çykarmakdan hem-de fijital-sport boýunça özara tejribeleriň alşylmagyny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Ýeňşe ruhlandyrýan güýç

Häzirki döwürde sport ýaryşlary aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyp, hakyky baýramçylyk ruhuna beslenýär. Şeýle dabaralar diňe bir janköýerleriň ruhuny galkyndyrmaga däl, eýsem, türgenler üçinem uly peýdasynyň bardygyny ylmy barlaglaryň netijeleri tassyklaýar. Aýdym-sazyň türgenleriň beden taýýarlygyna, adamlaryň saglygyna peýdaly täsir edýändigi baryp gadymy eýýamdaky akyldarlara mälim bolupdyr. Ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn kemala gelmegine aýratyn ähmiýet beren ilkinji döwletleriň biri hasaplanýan Gadymy Gresiýanyň Sparta şäherinde baryp biziň eýýamymyzdan öňki

Uniwersiadada gazanylan ýeňiş

Golaýda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň talyp oglanlaryň arasyndaky woleýbol bäsleşigi tamamlandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlaryny bir ýere jemlän ýaryş diýseň dartgynly geçdi. Bu ýerde biziň ýokary okuw mekdebimiziň – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat toparyň ýeňiş gazanmagy bilim berýän ýaşlarymyzyň uly üstünligi boldy. Turuwbaşdan çekeleşikli geçen ýaryşda garşydaşlarynyň ählisinden rüstem gelen toparymyz jemleýji duşuşykda Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň sport zalynda guralan duşuşykda görkezen ynamly oýny toparymyzyň has uly netijelere ýetip biljekdigini tassyklaýar.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň jemleýji 32-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň birinji oýnunda paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda «Arkadag» hem-de «Merw» toparlary duşuşdylar. «Arkadag» topary garşydaşyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Arkadag şäheriniň adybir toparyna ýeňiş getiren toplary Didar Durdyýew, Begmyrat Baýow, Şanazar Tirkişow (2) hem-de Begenç Akmämmedow geçirdiler.

«Arkadag» toparynyň nobatdaky üstünligi

Döredilenine sanlyja ýylyň geçendigine garamazdan, Arkadag şäheriniň «Arkadag» futbol kluby nobatdaky Kubogyny gazandy. Balkanabat şäheriniň «Sport toplumy» stadionynda geçirilen ýurdumyzyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda «Arkadag» topary «Ahaldan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň baş emini Arslan Goşşanowyň jürlewük çalan dessine hüjüme geçen «Arkadag» topary ilkinji howply pursady 7-nji minutda döretmegi başardy. Toparyň hüjümdäki «üçlüginiň» Didar Durdyýewyň, Şamämmet Hydyrowyň hem-de Şanazar Tirkişowyň bilelikdäki tagallalary ilkinji howply pursadyň döremegine getirdi. Soňlugynda hut şu oýunçylaryň netijeli çykyşlarynyň «Arkadag» toparyna ýeňiş getirendigini bellemek gerek. «Ahalyň» futbolçylary hem duşuşygyň ilkinji 10 minutynda howply hüjümleriň birnäçesini guradylar. Bu ugurda toparyň sag ýarymgoragçysy Toýly Batyrow bilen ortada hereket eden Begenç Mämiýew has-da tapawutlandylar. Ýöne olaryň howply urgularynyň gola öwrülmegine derwezeçi Rüstem Ahallyýewiň ynamly oýny ýol bermedi.13-nji minutda duşuşykdaky ilkinji gol hasaba alyndy. Şonda burçdan jerime meýdançasyna geçirilen topa ilki ýetişen Ş.Hydyrow tapawutlandy – 1:0. 16-njy minutda Ş.Tirkişowyň burçdan jerime meýdançasyna geçiren topuny kelle bilen derwezä gönükdiren D.D

Sport dünýäsi kitap sahypalarynda

Sport diňe bir ýaryşlardyr oýunlar däl-de, eýsem, türgenleriň, tälimçileriň, tutuş toparlaryň kynçylyklary ýeňip geçip, üstünlige ýetýän pursatlary bilen millionlarça janköýeri maýyl edýär. Şeýle gyzykly wakalar sporta bagyşlanan kitaplarda täsirli beýan edilýär. Soňky ýyllarda sport bilen baglanyşykly edebiýatyň meşhurlygy barha artýar. Biz okyjylary sport dünýäsinde görnükli yz galdyran şahsyýetleriň galamyndan çykan kitaplaryň käbirleri bilen tanyşdyrýarys. «Ýaşyl meýdandaky öwrülişik». Jonatan Wilsonyň taryhy maglumatlar esasynda ýazan eserinde futbol oýnunyň ýyllaryň dowamynda özgerişi, tanymal tälimçileriň durmuşy barada jikme-jik beýan edilýär. Kitap futboldaky taktiki tilsimler bilen gyzyklanýan hünärmenler we janköýerler üçin gyzykly maglumatlary özünde jemleýär.

Ýaş hokkeýçileriň bäsleşigi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň guramagynda 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda hokkeý boýunça mekdebiň açyk birinjiligi geçirildi. 19-njy noýabr — 5-nji dekabr aralygynda dowam eden ýaryş Türkmenistanda hokkeýi ösdürmek we wagyz etmek, ýaş türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak, ussat oýunçylary kesgitlemek maksady bilen guraldy. Ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaşajyk hokkeýçiler buzuň üstünde ynamly hereket edip, ussatlyklaryny görkezse, tejribeli tälimçiler şägirtleriniň oýunlaryna baha bermäge mümkinçilik aldylar. Şeýlelikde, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Oguzhan» topary ýaryşda üstünlikli çykyş edip, 1-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» topary 2-nji, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Bürgüt» topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Möhüm synag

21 – 29-njy noýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «3rd International President cup» atly halkara küşt ýaryşy mekdebimiziň ýetginjek küştçüleri üçin uly tejribe boldy. Halkara küşt ýaryşy «A» we «B» derejelerde geçdi. «A» derejede FIDE-niň reýtingindäki utuklary 2250-den ýokary, «B» derejede bolsa 2250-den pes bolan küştçüler bäsleşdiler. 15 döwletden bolan güýçli küştçüleriň ençemesini bir ýere jemlän ýaryş diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy. «A» derejede 120 küştçi bäsleşse, «B» derejedäki ýaryşa 132 türgen çykdy.

Türkmen karateçilerinden medallar çemeni

Germaniýanyň Hemnis şäherinde sportuň karate-do görnüşi boýunça geçirilen açyk çempionatda türkmenistanly türgenler dürli derejeli medallaryň 45-sine mynasyp boldular. Halkara ýaryşa bäş döwletden müňe golaý türgen gatnaşdy. Ol karate-donyň kata (görkezme çykyşlar) we kumite (tutluşyklar) görnüşleri boýunça geçirildi. Türkmen ýygyndysy bu ýaryşa 18 türgen, 7 emin we 2 sany tälimçi bilen gatnaşdy. Halkara ýaryşda türkmen türgenleri altyn medallaryň 21-sini, kümüş we bürünç medallaryň her haýsysyndan 12-sini gazandylar. Şeýlelikde, ildeşlerimiz toparlaýyn hasapda ýer eýelerinden — Germaniýanyň ýygyndysyndan soň ikinji orny eýelediler. Polşanyň, Çehiýanyň we Nepalyň ýygyndylary bolsa, degişlilikde, üçünji, dördünji hem-de bäşinji orunlary paýlaşdylar.

Spor­tuň gö­zel gör­nü­şi

Irki dö­wür­ler­de buz­da typ­mak dynç al­ma­gyň bir gör­nü­şi sa­ýy­lyp, do­ňan der­ýa­lar­da, köl­ler­de, how­dan­dyr ho­wuz­lar­da typ­mak ýoň bo­lup­dyr. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň iri şä­her­le­rin­de XIX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da kon­ki­de typ­mak üçin ýö­ri­te ýerler taýýarlanylyp, olar suw­dan dol­du­ry­lyp­dyr. 1865-nji ýyl­da şo­nuň ýa­ly il­kin­ji buz­da ty­pyl­ýan meý­dan­ça Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­dä­ki Ýu­su­pow ba­gy­nyň ýa­nyn­da­ky how­dan­da dö­re­dil­ýär.

Türgenlerimiziň şowly çykyşlary

Eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýaş türgenleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, halkara derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi, yzygiderli kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýurdumyzda geçirilýän dürli derejeli ýaryşlar hem ýaşlaryň kämilleşmegine şert döredýär. 29-30-njy noýabrda agyr atletika boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi. «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Oglanlaryň arasynda Yslam Sopyýew (38 kg) 1-nji orny eýeledi. Daýanç Ataýew (41 kg) 2-nji, Dawut Gurbanow (49 kg) 3-nji orunlara mynasyp boldular. Gyzlaryň arasynda Azeliýa Sopyýewa (38 kg), Medine Döwletgeldiýewa (49 kg), Nurana Surkiýewa (59 kg) ýeňiji boldular. Aýna Durdyýewa (38 kg) 2-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijileri ýaryşa tälimçilerimiz M.Kerimow we M.Jannyýew taýýarladylar.

Bedenterbiýe we sport

Bilşimiz ýaly, bu gün ýurdumyzda geçirilýän her bir sport ýaryşlarynda çykyş edýän türgenleriň aglabasy talyp ýaşlardyr. Bu bolsa eziz Diýarymyzda ýaşlaryň sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaklary barada durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çäginde guralýan köpugurly ýaryşlar bolsa sportuň talyp ýaşlaryň durmuşynyň möhüm bölegine öwrülmegini şertlendirýär. Şol ýaryşlarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan ybarat bolan toparlar hem ajaýyp netijeleri görkezýärler. Ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyp deň-duşlarymyzyň birnäçesiniň ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň agzalarydygyny hem bellemek gerek. Pursatdan peýdalanyp, watansöýüji, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, bagtyýar ýaşlarymyzyň zehin-ukyplaryny giňden açyp görkezmekde döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Futzal ýaryşy gyzgalaňly dowam edýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 24-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde ýetip gelýän şanly baýramçylyk ― hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli futzal boýunça Türkmenabat şäheriniň kubogyny almak ugrundaky ýaryş badalga aldy. Ýaryşyň 2-nji tapgyrynda «A» toparçada «Bäş dogan» we «Köpetdag» toparlary nobatdaky ýeňşini gazandylar. Şunda «Bäş dogan» «Gurluşykçy» toparyny 5:2 hasabynda ýeňen bolsa, «Amul» topary «Köpetdagyň» derwezesinden bäş gol geçirendigine garamazdan, güýçli garşydaşyndan asgyn geldi. Çünki topar öz derwezesinde sekiz gol gördi.

Sport

Yzygiderli guralýan ýaryşlar Ýaş ýetginjekleriň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde, dürli sport oýunlaryny, gyzykly ýaryşlary guramakda birnäçe işler amala aşyrylýar. Ýaş ýetginjeklerden düzülen toparlaryň arasynda çekeleşikli sport ýaryşlarynyň ençemesi yzygiderli guralýar. Ýakynda sport mekdebinde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde sportuň birnäçe görnüşi boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. 2007-2008-nji ýyllarda doglan we ondan kiçi ýaşly oglanlaryň arasynda türkmen milli göreşi boýunça geçirilen birinjilige ýaş pälwanlaryň 80-den gowragy gatnaşyp, olar 17 agram derejesi boýunça özara bil tutluşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklaryň netijesinde her bir agram derejesi boýunça ýaryşyň ýeňijileri belli edildi. Şeýle hem toparlar boýunça etrapdaky 3-nji orta mekdebiň ýaş pälwanlary birinji, 29-njy orta mekdebiň türgenleri ikinji, 54-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Woleýbol boýunça 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen etrabyň birinjiligine toparlaryň 5-sinden, 58 sany türgen gatnaşdy. Çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşikde 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Berdimyrat Isgenderowyň taýýarlan topary birinji orna mynasyp boldy.