"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

«Inter» aratapawudy 15 utuga çykardy

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Je­noa­ny» Asl­la­ni hem-de San­çe­siň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Şol ha­sap bi­len soň­ky çem­pi­on «Na­po­li» hem «Ýu­wen­tu­sy» ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Na­po­li­niň» gol­la­ry­ny Kwa­ras­he­li­ýa bi­len Ras­pa­do­ri der­we­zä gi­riz­di. «Mi­lan» bol­sa «La­sio­ny» Oka­fo­ryň 88-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy. «La­sio» to­pa­ryn­da 2-si soň­ky mi­nut­lar­da 3 oýun­çy gy­zyl kart al­dy. Mou­ri­nio­nyň ug­ra­dyl­ma­gyn­dan soň di­ňe 1 oýun­da utu­lan «Ro­ma» myh­man­çy­lyk­da «Mon­za­dan» 4–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da «Wa­len­si­ýa» bi­len du­şu­şyp, oý­nuň ahyr­ky pur­sat­la­ry dart­gyn­ly geç­di. Ýer eýe­le­rin­den Du­ro (27) we Ýa­rem­çu­gyň (30) yz­ly-yzy­na ge­çi­ren gol­la­ry­na mad­rid­li­ler Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň gol­la­ry bi­len jo­gap ber­di. Oý­nuň ahy­ryn­da Bel­lin­ga­myň ge­çi­ren go­lu­ny emin jür­le­wük­den soň der­we­zä gir­di di­ýip, ha­sa­ba al­ma­dy. Şol pur­sat­da ang­li­ýa­l

Sport bäsleşigi

Öňňin Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» atly estafeta bäsleşigi geçirildi. Oňa «akylly» şäheriň köp çagaly maşgalalary gatnaşdylar. Arkadag şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen bu sport bäsleşigi çekeleşikli boldy. Bäsleşikde ökdeler öňe saýlanyp, ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýeňijilere Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Öz käriniň ussady

Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinden welaýatymyzyň küştçüleriniň döwlet derejesinde geçirilen ýaryşlarda altyn medallaryň birnäçesine eýe bolmaklary ýurdumyzyň gündogar sebitinde paýhas oýnunyň ösmegi ugrunda aladalanýan halypalaryň yhlasly zähmetiniň guwandyryjy netijeleridir. Küştçülerimiziň şeýle üstünliklere eýe bolmaklary üçin welaýatymyzyň küşt boýunça uly tälimçisi Güljahan Öwlýakulyýewa hem gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Güljahan mugallym indi 30 ýyla golaýlap barýan tälimçilik işinde küşt boýunça ýurdumyzyň çempionlarynyň birnäçesini ýetişdiren ussat tälimçi hökmünde tanalýar. Ol Wepaly Halynýazow, Jeren Ibragimowa, Jennet Durdyýewa, Kadyr Jumaýew ýaly halkara küşt ýaryşlarynyň birnäçesiniň ýeňijileriniň hem ilkinji halypasy. Özi-de Güljahan mugallymyň şägirtlerinden çempionlaryň kemala gelmegi tapgyrma-tapgyr dowam edýär. Ýagny onuň her toparynda çempion küştçüleriň biri ýa-da ikisi bar. Bu hakykaty geçen aýda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda dürli ýaş derejeleri boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijeleri bilen hem delillendirmek mümkin.

Täze möwsüme badalga berildi

Futbol Futbol boýunça ýurdumyzyň milli çempionatyna geçen ýekşenbe güni badalga berildi. Balkanabadyň «Nebitçisi» ilkinji tapgyrda Mary şäheriniň «Merw» toparyny kabul etdi. Çekeleşikli ýagdaýda geçen oýunda ýeke-täk pökgi hasaba alnyp, ony hem 83-nji minutda myhmanlardan Serdar Annamämmedow öz adyna ýazdyrdy.

Güýçlüler ýeňdi

Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdepde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” ady bilen sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. 2008—2010-njy ýyllarda doglan okuwçy ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guraldy. Etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy oglan-gyzlardan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda geçen ýaryş güýçlüleri öňe saýlady. Şeýlelikde, okuwçy oglanlaryň arasynda 37-nji orta mekdebiň topary birinji, 36-njy orta mekdebiň topary ikinji, 42-nji orta mekdebiň topary üçünji, okuwçy gyzlaryň arasynda 37-nji orta mekdebiň topary birinji, 41-nji orta mekdebiň topary ikinji, 36-njy orta mekdebiň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Woleýbol ýaryşy

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasyndaky woleýbol ýaryşynyň final oýunlary geçirildi. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasyndaky ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Welaýatymyzyň gündogar we günbatar sebit etraplarynda geçirilen ýaryşlarda tapawutlanan toparlar aýgytlaýjy duşuşyklarda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Mekdebiň ýokary derejede enjamlaşdyrylan woleýbol zaly ýaryşyň guramaçylykly geçmegine şert döretdi. Çekeleşikli duşuşyklar güýçli toparlary ýüze çykardy. Netijede, Tejen etrabynyň okuwçy gyzlardan düzülen topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Onda Ak bugdaý etrabynyň topary ikinji, Kaka etrabynyň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Kuala-Lumpurdan 34 medal!

Golaýda Malaýziýa Federasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherinde taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryş geçirildi. Oňa 11 döwletden 1500-e golaý türgen gatnaşdy. Ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç, jemi 34 medal gazandylar. Ildeşlerimiziň gazanan bu üstünlikleri Türkmenistanda sport hereketiniň, şol sanda sportuň taekwondo görnüşiniň ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Ýaryşa has ýaşajyk türgenleriň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Şunda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde başlangyç synp mekdep okuwçylary — Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Timur Dubrowin, şol mekdebiň 1-nji synp okuwçysy Batyr Öwezdurdyýew 23 — 29 kilogram, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Taýlyýew 30 — 35 kilogram, paýtagtymyzdaky 130-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Eminbeg Möwlamow 28 — 32 kilogram, Aşgabat şäherindäki 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Omar Berdimyradow 30 — 37 kilogram agram derejelerinde tutluşyklary geçirip hem-de tul görnüşi boýunça görkezme çykyşlarynda altyn, kümüş we bürünç meda

Gyzgyn goldaw tapdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, bu ugurdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalaryň barha rowaçlyga beslenmegi örän buýsandyrýar. Bu babatda alnyp barylýan işler türkmen sportunyň täze belentliklere çykmagynda, ussat türgenleriň kemala gelmeginde, berkarar Watanymyzyň sport ýurdy hökmündäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sporty ösdürmäge aýratyn üns berip, ýurdumyzda dürli sport çärelerini we halkara ýaryşlaryny yzygiderli geçirmegiň zerurdygy barada aýtmagy, şeýle-de şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyny geçirmek boýunça degişli Karara gol çekmegi ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapdy.

Maşgala sport bäsleşigi

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» ady bilen maşgala sport bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplaryndan köp çagaly maşgalalar gatnaşdy. Welaýat häkimliginiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan sport bäsleşiginiň açylyş dabarasynda oňa gatnaşýan agzybir maşgalalara üstünlik arzuw edildi. Bäsleşige badalga berilmegi bilen, köp çagaly maşgalalardan düzülen toparlar öz aralarynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklary alyp bardylar. Hereketli oýunlaryň birnäçe görnüşi, şeýle-de tanap çekmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezen bagtyýar maşgalalar sporta bolan höweslerini, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini aýan etdiler.

Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy

Saglyk ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sporta dostana gatnaşyklaryň ilçisi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen bimöçber aladalaryň netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýe, sport geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Her bir ynsanyň saglygy onuň ýurdunyň baýlygy bilen deňelýär. Diýarymyzda ilatyň ähli gatlaklaryna bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak mümkinçiligini kepillendirýän «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.

Pälwanlar ýeňiş bilen dolandylar

Welaýatymyzyň pälwanlary Aşgabat şäherinde kuraş boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde üstünlikli çykyş etdiler. Agram derejeleriniň 30-sy boýunça geçirilen ýaryşlarda welaýatymyzyň topary birinji orna mynasyp boldy. Ýaryşda ussat tälimçi Şirin Kubaýewanyň türgenleri Leýli Bahadurowa 48, Rozymeňli Meýmanowa 52 kilograma çenli agram derejelerinde altyn medallara mynasyp boldular. Leýli Ýusupowa 52, Kamila Zakirowa 63, Ataniýaz Amangeldiýew 90 kilograma çenli agram derejelerinde ikinji orny eýelediler. Dünýägözel Babaniýazowa 48, Gunça Nurgeldiýewa 70, Leýla Rahmanowa 78, Jamşiddin Ismatow we Şatlyk Hemraýew 100 kilograma çenli agramdaky türgenleriň arasynda bürünç medallara mynasyp boldular.

Welaýatyň çempionaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebinde woleýbol boýunça welaýatymyzyň çempionaty guraldy. Ýaryşda 2008 — 2009-njy ýyllarda doglan oglanlardan düzülen toparlar özara duşuşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça welaýat merkezimiziň Türkmenabat — 2 topary çempionlygy gazandy. Toparyň düzüminde Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň türgenleri Kerim Allanazarow, Atajan Döwletow, Orun Gylyjow, Myrat Hydyrkulow, Nepes Meňliýew, Alihan Merdanow, Kakajan Metdiýew, Meýlis Seýidow, Arslan Seýtiýew, Allanur Meredow dagy çykyş etdiler. Woleýbolçylary ýaryşa ussat tälimçi Ahmet Jankulyýew taýýarlady. Ýaryşyň ikinji baýrakly ornuny çärjewli türgenler eýelediler. Türkmenabadyň birinji topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Sport — ýaşlaryň gujurly güýji Golaýda etrapdaky 2-nji sport mekdebinde TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň, etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda “Sport — ýaşlaryň gujurly güýji” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Sport

Çekeleşikli geçdi Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmak sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek esasy ýörelgämize öwrüldi.

Sport

Basketbolçylarymyzyň ýeňşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, sport ulgamyna hem uly üns berilýär. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebinde sportuň futbol, basketbol, ýeňil atletika, grek-rim göreşi, erkin göreş, kikboksing, çeper gimnastika, suwda pökgi oýnamak, taekwon-do ITF görnüşleri boýunça türgenleriň onlarçasy tälim alýar. Sportuň basketbol görnüşi boýunça tälimçi-mugallym Ahmet Ýusupowyň tälimçilik etmeginde onuň türgenleri hem ýaryşlarda şowly çykyş edýärler.

Sport

Welaýatyň çempionaty geçirildi Ýakynda Baýramaly etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde sportuň hapkido görnüşi boýunça Mary welaýatynyň çempionaty geçirildi. Oňa Mary, Baýramaly şäherlerinden, Mary, Baýramaly, Ýolöten, Wekilbazar etraplaryndan 100-den gowrak türgenler gatnaşdylar. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda geçirilen ýaryşda türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Iň güýçli düzzümçiler anyklanyldy

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda düzzüm boýunça welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Birinjilige Türkmenabat şäherinden, Çärjew we Kerki etraplaryndan türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. Şahsy görnüşde geçirilen ýaryşda gyzlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň okuwçysy D.Jumaniýazowa iň ýokary netijäni gazandy. Şol mekdepden S.Maşaripowanyň ikinji orny eýelän ýaryşynda Saýat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy S.Arslanowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Körpe şaşkaçylaryň ýaryşynda

Ýakynda 64 öýjükli şaşka boýunça 8 ― 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Dänew we Darganata etraplaryndan 50-den gowrak türgen gatnaşdy. 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Dänew etrabyndan gelen Ramazan Nowruzow hemmelerden öňe saýlanmagy başardy. Türkmenabatly çagalar Rahman Karýagdyýew bilen Dawut Rozykulyýew bolsa ikinji we üçünji orunlary paýlaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde 2008 — 2010-njy ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” atly sport bäsleşikleriniň çägindäki bu ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady. Onuň netijesinde okuwçy gyzlaryň arasynda 16-njy, 1-nji, ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepleriň toparlary degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Okuwçy oglanlaryň arasyndaky ýaryşda 1-nji orta mekdebiň topary birinji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldular.

Ar­ka­dag şä­he­ri — sport şäheri

«7/24. tm» №10 (197), 04.03.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da ylym, bi­lim, sport ul­ga­myn­da uly sep­git­le­re ýe­til­ýär. Be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hal­ka­ra ser­gi­le­riň, yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ryň, hal­ka­ra iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di.