«Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» atly sport bäsleşigi
«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Halkymyzyň arasynda türkmen maşgalasy mukaddeslik hasaplanýar. Maşgala kiçijik döwletdir. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, jebisliginde ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary, aň kämilligi aýratyn orny eýeleýär. Maşgalanyň her bir agzasynyň şol ýörelgelere jogapkärli çemeleşmegi we mynasyp eýermegi bolsa maşgalanyň berkliginiň binýady bolup çykyş edýär. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň, milliligimiziň galkynan döwründe her bir türkmen maşgalasy edep-terbiýäniň, agzybirligiň, sagdynlygyň ojagydyr.