"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Şowhuna beslenen hepdelik

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de açyk gapylar hepdeligi geçirilýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda guralan fijital-sport ýaryşlary şu gün tamamlanýar. Fijital-sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birikmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

Diňe hokkeý hakynda

Diýarymyzda hokkeý boýunça geçiriljek halkara ýaryşyň barha golaýlaşýan günlerinde sportuň bu görnüşiniň taryhy hakynda gysgaça söhbet etmegi makul bildik. Häzirki wagtda hokkeý sportuň gyşky görnüşleriniň arasynda iň meşhury bolup, onuň dörän ýeri Kanada hasaplanylýar. Ilkinji hokkeý oýny 1875-nji ýylyň ýaz paslynda Monreal şäherinde geçirilýär. Şondan 11 ýyl geçeninden soňra, ýagny 1886-njy ýylda bu oýna resmi kadalar girizilýär. Hut şol ýylda hem Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň toparlarynyň arasynda taryhy duşuşyk geçirilip, onda hokkeýiň dörän ýurdunyň wekilleri ýeňiş gazanýarlar. 1899-njy ýylda bolsa ilkinji hokkeý arenasy açylýar, soňra bolsa emeli buzdan hokkeý meýdançalary ulanmaga berlip başlanýar.

Bedenterbiýe we sport

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň dabaralanmagy ýa­ly aja­ýyp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän her bir ada­myň mer­te­be­si­ni beý­gelt­mek hem-de onuň bagt­ly ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek ba­ra­daky ala­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hu­su­san-da, ýaş ne­sil ba­ra­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tut­ýan ug­ru­na öw­rül­di. Ýaş nes­liň ter­bi­ýe­si­ne, ylym­ly-bi­lim­li bol­ma­gy­na, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na, Wa­ta­ny­my­za, il-gü­nü­mi­ze we­pa­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne, her bir iş­de öz şah­sy jo­gap­kär­çi­li­gi­ni duý­ýan nes­liň ke­ma­la gel­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ara­syn­da dür­li wa­gyz-ne­si­hat, sport we me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­riniň, dür­li bäs­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi hem ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi

Sport mekdeplerinde

1-2-nji aprelde Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda ýetginjekleriň arasynda kiçi futbol boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýatyň şäherlerinden we etraplaryndan toparlar gatnaşdy. Finalda ýer eýeleri bilen Ak bugdaý etrabynyň topary duşuşdy. Netijede, ýaş olimpiýaçylar 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempion bolmagy başardylar. Maksatnyýaz MEREDOW,

Türgenleri taplaýan ýaryşlar

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, suwda pökgi oýnamak boýunça hem dürli derejeli ýaryşlar geçirilýär. Şeýle ýaryşlarda institutymyzyň topary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Fewral aýynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda geçirilen ýaryşda «Talyp sporty» toparymyz öňdeligi eýeledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Suwdaky sport görnüşleriniň federasiýasynyň guramagynda suwda pökgi oýnamak boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa welaýatlaryň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Bu ýaryşda hem Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary öňdeligi eýelemegiň hötdesinden geldi. Ýygyndy toparyň düzüminde ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem çykyş etdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

Taryhda şu gün

1896-njy ýylyň 6-njy aprelinde ilkinji gezek guralan häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheriniň «Mermer» stadionynda geçirilen açylyş dabarasyna 80 müň tomaşaçynyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Halkara Atletik kongresiniň 1894-nji ýylyň 23-nji iýunyndaky ýygnagynda antik döwrüniň oýunlaryny dikeltmek barada Pýer de Kuberteniň teklibi gyzgyn goldaw tapýar. Ýygnagyň dowamynda ilkinji Oýunlary Gresiýa ynanmak barada ylalaşyga gelinýär. 6 – 15-nji aprel aralygynda geçirilen Oýunlara 14 döwlete (Awstraliýa, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Gresiýa, Daniýa, Italiýa, ABŞ, Fransiýa, Çili, Şweýsariýa, Şwesiýa, Awstriýa, Wengriýa) wekilçilik eden türgenleriň 241-si gatnaşmaga isleg bildirýär. Türgenler sport görnüşleriniň 9-synda (nusgawy grek-rim göreşi, welobäsleşik, gimnastika, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, tüpeňden ok atmak, tennis, agyr atletika, gylyçlaşmak) medal sanawynyň 43-si ugrunda bäsleşýärler. ***

Ýeňiş bilen Tejenden Türkmenabada

Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň «Altyn ýyldyz» futbol topary 2010-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Tejen şäherinde geçirilen Ahal welaýatynyň açyk birinjiligine gatnaşyp, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna we altyn medala mynasyp boldy. Mekdebiň tälimçi-mugallymy Halmuhammet Gurbanowyň şägirtleri Ahal, Daşoguz, Mary welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gatnaşan toparlaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezmegi başardylar. Duşuşyklarda Ahal welaýatyna wekilçilik eden «Tejen» toparyny 2:0, Daşoguzyň «Nesil» toparyny 5:0, Mary welaýatynyň «Ýaşlyk» toparyny 1:0 hasabynda ýeňen lebaply futbolçylar diňe paýtagtymyzyň «Garagum» toparyndan 1:3 hasabynda asgyn geldiler. Muňa garamazdan, garşydaş toparlaryň özara duşuşyklarda utuk ýitirmegi bilen, bir aýlawdan ybarat bolan ýaryşda birinjilik Lebap welaýatyndan baran futbolçylara nesip etdi.

Köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary giňden ýaýbaňlandyrylýar

Halkyň arasynda bedenterbiýe we köpçülikleýin sport hereketlerini ýaýbaňlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, indi her ýyl ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary dürli sport çäreleri, ýörüşler, sport ýaryşlary, çempionatlar we köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary bilen utgaşýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalarda hem bedenterbiýe maşklary giňden ýaýbaňlandyryldy. Olara  dürli ulgamlarda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän işgärler, talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary we beýleki raýatlar işjeň gatnaşdylar.

Talyplar ylgaw ýodasynda

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda estafeta ýaryşy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ýokary, ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Oglanlaryň arasynda guralan ýaryşda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türgenleri birinji orna mynasyp boldular. Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň topary ikinji, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär mekdebiniň topary üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda guralan ýaryşlarda Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär mekdebiniň talyplary birinji, Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gyzlary ikinji we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şäheriň birinjiligi geçirildi

Sport mekdebimizde sambo we söweş sambosy, dzýudo, kuraş boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş guraldy. Oňa welaýat merkeziniň sport mekdeplerinde tälim alýan ýaş pälwanlaryň 250-den gowragy gatnaşdy. 2011 — 2012-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda guralan ýaryşlarda oglan-gyzlar agram derejeleriniň 7-si boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe bolan tutluşyklarda sport mekdebimiziň türgenleri baýrakly orunlaryň aglabasyny eýelediler. Olardan Merjen Açilowa, Firangiz Karýagdyýewa, Şatlyk Gurbanow, Serdar Şeripow, Myrat Maksadow, Döwletjan Röwşenow dagy öz agram derejelerinde birinjiligi gazandylar. Ýaryşyň dowamynda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň ussat tälimçisi Şirin Kubaýewanyň türgenleri Zuhra Babamuradowa we Dünýägözel Rozynýazowa hem öz agram derejelerinde öňdeligi elden bermediler. Ýeňijiler degişli medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

Sport

Gyzykly geçen tutluşyklar Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Görogly etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde türkmen milli göreşi boýunça ýaşlaryň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Akdepe, Görogly, Köneürgenç, Ruhubelent, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndan deslapky saýlama ýaryşlarda ýeňiji bolan pälwanlar gatnaşdylar.

Sport

Giň gerime eýe bolýan ýaryşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky görkezmelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň 2008 — 2010-njy ýyllarda doglan  okuwçy oglanlarynyň  arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen sportuň erkin göreş görnüşi boýunça şäher birinjiligi geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölümi welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guradylar. Aýlaw esasynda geçirilen bu ýaryşda ýaşajyk türgenler 38,41,44,48,52,57,62,68,75 kilogram agram derejelerde bäsleşdiler. Şeýlelikde, 38 kg agram derejede Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdepden Sanjar Hamidow, 41 kg agram derejede 23-nji orta mekdepden Muhammet Saryýew hem-de 44 kg agram derejede Nadirbek Mamedow, 48 kg agram derejede 16-njy orta mekdepden Arslan Toýlyýew, 52 kg agram derejede 28-nji orta mekdepden Kemran Jumaniýazow, 57 kg agram derejede 16-njy orta mekdepden Ahmet Açilow, 68 kg agram derejede 30-njy orta mekdepden Behruz Atajanow, 75 kg agram derejede 28-nji orta mekdepden Ýerlan Aliýew dagy bi

Ökdeler öňe saýlandylar

Welaýat Baş bilim müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki 15-nji orta mekdepde orta mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda woleýbol boýunça şäher birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Gyzykly geçen ýaryşda ökdeler öňe saýlandylar. Onda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň topary öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, birinji orny eýelemegi başardylar. 34-nji orta mekdebiň topary ikinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň mugallymlary üçünji orna mynasyp boldular.

«Baýer» çempionlyga barha golaýlaýar

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri «Ba­ýer» bu de­re­je­si­ni soň­ky mi­nut­lar­da hem bol­sa go­ra­ma­gy ba­şar­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da «Hof­fen­haý­my» ka­bul eden «Ba­ýer» to­pa­ry 33-nji mi­nut­da Mak­si­mil­li­an Ba­ýe­riň go­lu­na alaç ta­pyp bil­me­di. Ýer eýe­le­ri­ne bu go­la jo­gap ber­mek ýe­ňil düş­me­di. 88-nji mi­nut­da And­rih bi­len ha­sa­by deň­län le­wer­ku­zen­li­le­re ýe­ne-de Pat­rik Şik 90+1-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­ly bi­len ýe­ňiş ge­tir­di. Şun­luk­da, «Ba­ýe­riň» ýe­ňil­me­zek­li­gi 39 oý­na çyk­dy. Tap­gy­ryň iň esa­sy oý­nun­da, «Der Klas­si­ker» du­şu­şy­gyn­da «Ba­wa­ri­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­rus­si­ýa Dort­mund­dan» 2–0 ha­sa­byn­da utul­dy. 5 ýyl­dan soň gar­şy­da­şy­ny il­kin­ji ge­zek ýe­ňen dort­mund­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Ade­ýe­mi bi­len Rýuer­son ge­çir­di. «Bo­rus­si­ýa» to­pa­ry «Ba­wa­ri­ýa­ny» 10 ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek myh­man­çy­lyk­da ýe­ňip, umu­my­lyk­da 11 du­şu­şyk­dan soň ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu ýeň­liş­den soň «Ba­ýer» «Ba­wa­ri­ýa­dan» 13 utuk öňe saý­la­nyp, ga­lan 7 oý­nuň 3-sin­de ga­

Ger­ma­ni­ýa­da hem-de Fran­si­ýada ku­bok ýa­ry­şy­nyň fi­nal­çy­la­ry bel­li bol­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da «Kai­zers­lau­tern» bi­len «Ba­ýer» to­par­la­ry du­şu­şar­lar. «Kai­zers­lau­tern» to­pa­ry ýa­rym fi­nal­da mun­dan öň­ki tap­gyr­lar­da de­giş­li­lik­de, «Ba­wa­ri­ýa», «Aýnt­raht», «Bo­rus­si­ýa M» to­par­la­ry­ny ýa­ryş­dan çy­karan 3-nji li­ga­nyň wekili «Saarb­ruk­ken» to­pa­ry­ny 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. 21 ýyl­dan soň fi­na­la çy­kan «Kai­zers­lau­ter­niň» fi­nal­da­ky bäs­de­şi «Ba­ýer» to­pa­ry ýa­rym fi­nal­da «For­tu­na Düs­sel­dorf» to­pa­ry­ny 4–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Ýe­ňil­mez­lik se­ri­ýa­sy 40 oý­na çy­kan we 5-nji sa­par fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­za­nan «Ba­ýe­riň» gol­la­ry­ny Frim­pong (7), Ad­li (20) hem-de Wirts (36, 60 p) ge­çir­di. Fi­nal du­şu­şy­gy 25-nji maý­da Ber­lin­de ge­çi­ri­ler. * * *

Fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da 13 müň go­la ýe­ten il­kin­ji klub

Fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bir klub 13 müň go­la ýet­di. Bra­zi­li­ýa­nyň we­la­ýat li­ga­sy «Carioca Se­rie A»-nyň fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şy­gyn­da «Fla­men­go» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «No­wa Igua­su» to­pa­ry bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şyk­da myh­man­çy­lyk­da­ky «Fla­men­go» to­pa­ry 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Rio de Ža­neý­ro­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ryň 2-si­ni Ped­ro, beý­le­ki­si­ni-de Ro­nald dos San­tos Sil­wa öz der­we­ze­sin­den ge­çir­di. Du­şu­şyk­da der­we­zä gi­ri­zi­len 2-nji gol «Fla­men­go» to­pa­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky 13 000-nji gol bol­dy. Şun­luk­da, «Fla­men­go» to­pa­ry fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da 13 müň go­la ýe­ten il­kin­ji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 1911-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan klub Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 7, we­la­ýat li­ga­syn­da 37, Ko­pa Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gyn­da-da 3 çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. We­la­ýat li­ga­sy «Carioca Se­rie A»-nyň fi­na­ly­nyň jo­gap du­şu­şy­gy 7-nji ap­rel­de oý­na­lar.

Sagdyn ýaşaýşyň gözbaşynda

Ynsan saglygyny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň ösdürilip kemala getirilmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny raýatlaryň durmuşyna ornaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleler her bir döwletiň içerki we daşarky syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Çünki dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, dostlukly jemgyýetçilik gatnaşyklary barha ösýän häzirki wagtda saglyga dahylly meseleler diňe bir ýurt derejesinde däl-de, eýsem, halkara derejede hem tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýär. 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde şeýle maksat bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) döredilýär. 1950-nji ýylyň 7-nji aprelinden başlap bu sene ähli dünýä ýurtlarynda dabaraly ýagdaýda bellenilip başlanylýar. Bu baýramçylyk ýylda belli bir şygar astynda geçirilip, BSGG-nyň hünärmenleri tarapyndan tutuş ýylyň dowamynda öwrenilip, «iň agyryly hem-de möhüm mesele» hökmünde gozgalan, dünýä ýurtlarynyň degişli gulluklarynyň we lukmançylyk işgärleriniň bilelikdäki tagallalary bilen çözgüdini tapmak maksat edilýän meselä bagyşlanylýar. Tutuş dünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda-da jemgyýetçilik ýerlerinde, okuw jaýlarynda, edaralardyr kärhanalarda Bütindünýä saglyk güni g

Sport — saglygyň sakasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty dünýä derejesine çykýar. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak ugrunda döwlet ähmiýetli anyk maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Sport arkaly dost-doganlygy berkitmek, parahatçylygy söýüjilik we özara düşünişmek ýörelgelerini pugtalandyrmak, hoşniýetli halkara gatnaşyklaryny täze tapgyra çykarmak hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler, türgenlerimiziň gazanýan halkara üstünlikleri sanardan juda köp. Bu sözleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş türkmen türgenleriniň ençemesiniň gazanan üstünliklerini agzamak bolar. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, häzir dünýäde sport — halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Hut şoňa görä-de halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýylla

Bedeniň artyk agramynda geçirilýän fiziki maşklar

Dünýäniň ähli ýurtlarynda bedeniň artyk agramyndan we semizlikden ejir çekýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu ýagdaýa adamyň az hereketliliginiň netijesinde bedende madda alyş-çalyş hadysasynyň bozulmagy sebäp bolýar. Artyk agram ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň, II tipli süýjüli diabetiň döremek hem-de bogunlara we oňurga sütünine agramlyklaryň düşme ähtimallygyny ýüze çykarýar. Şonuň üçin semizligiň öňüni almakda, bedeni kadaly agrama getirmekde fiziki hereketleriň, maşklaryň aýratyn ornunyň bardygy amalyýetde subut edildi. semizlikde geçirilýän fiziki maşklar gandaky glýukozanyň (şekeriň) artyk mukdarynyň saklanmagynyň öňüni alýar. Ondan başga-da ganda holesteriniň derejesini we gan basyşyny kadalaşdyrýar. Ýöne semizlikde fiziki maşklar bilen bir hatarda berhiz saklamaklygy, şol bir wagtda ýeňil özleşýän iýmitleri kabul etmekligi ýatda saklamalydyr. Semizlikde fiziki maşklary ýerine ýetirmäge girişmezden ozal doly barlaglardan geçmeli, şeýle hem ýürek-damar, dem alyş ulgamlarynyň kadaly işleýşine göz ýetirmeli. Ýörite fiziki maşklar bedeniň madda çalşygyny, okislenme-dikeliş hadysasyny kadalaşdyrýar, artyk agramy peseldip, ýürek-damar hem-de dem alyş ulgamynyň funksional ýagdaýyny gowulaşdyrýar, fiziki işjeňliligi ýokarlandyrýar. Netijede, bedende

Uzak ýaşamagyň syry

Saglyk — bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy. Ýaşaýşy bolsa, hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Her bir adam näçe ýaşandygyna garamazdan, hereketde bolmaly. Hereketiň ähmiýetiniň juda uludygyny unutmaly däldiris. Günüň dowamynda 30 — 45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syrydyr. Fiziki hereket bedeniň berkemegi we bedenden zyýanly maddalaryň bölünip çykmagy üçin peýdalydyr. Bedeniňi taplamagyň iň ygtybarly usullary pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek, gimnastika bilen meşgullanmakdyr. Şeýle-de tigir sürmek adam bedenine peýdaly hereketleriň biridir. Tigir sürmek adamyň aýaklarynyň myşsalaryny berkitmäge ýardam berýär, olaryň çydamlylygyny artdyrýar, gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Mundan başga-da, sportuň bu görnüşi gözleriň görüşini güýçlendirmek üçin hem peýdalydyr. Sebäbi uzaga seredip, daşdaky bir zada gözüňi dikmek göz myşsalarynyň berkemegine ýardam berýär.