"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Sport

WOLEÝBOLÇYLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany artyp, olar dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Türgenlerimiziň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sportuň woleýbol görnüşi ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolup, woleýbolçylarymyz uly üstünlikleri gazanýarlar.

Bu gezek Şwentek ýeňiş gazandy

Ten­nis bo­ýun­ça Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len «Mad­rid Açyk – Mas­ters» ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da rus­si­ýa­ly And­reý Rub­lew, ze­nan­lar­da pol­şa­ly Iga Şwen­tek ýe­ňiş ga­zan­dy. Rub­lew fi­nal­da ka­na­da­ly Fe­liks Ože-Al­ýas­sim bi­len du­şu­şyp, 2 sa­gat 48 mi­nut­da gar­şy­da­şy­ny 2:1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji set­de 6:4 as­gyn ge­len Rub­lew 2-3-nji set­ler­de 7:5 ha­sap­lar bi­len ýeň­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň 2-nji «Mas­ters» ku­bo­gy, şol san­da kar­ýe­ra­syn­da­ky 16-njy ATP çem­pi­on­ly­gy­dyr.

Iki ýaryşda-da italýan klublary çempion boldy

Wo­leý­bol bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ýa­ryş­la­ry­nyň iki­sin­de-de, ýag­ny er­kek­le­riň hem-de ze­nan­la­ryň ara­syn­da ital­ýan klub­la­ry çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Iki ýa­ry­şyň hem fi­nal du­şu­şyk­la­ry Tür­ki­ýä­niň An­tal­ýa şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da Ita­li­ýa­nyň «Itas Tren­ti­no» to­pa­ry bi­len Pol­şa­nyň «Ýast­şembs­kiý Wen­gel» to­pa­ry du­şuş­dy. Ital­ýan klu­by 3:0 (25:20, 25:22, 25:21) ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, 13 ýyl­dan soň 4-nji ge­zek çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Tren­to şä­he­ri­niň we­ki­li mun­dan öň 2009-njy, 2010-njy we 2011-nji ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na 3 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. Pol­şa­nyň «Ýast­şembs­kiý Wen­gel» to­pa­ry bol­sa bas­syr 2-nji sa­par fi­nal­da ýe­ňil­di.

PSW-niň 25-nji, «Spor­tin­giň» 20-nji çem­pi­on­ly­gy

Ni­der­land­la­ryň hem-de Por­tu­ga­li­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ryn­da möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, çem­pi­on­lar bel­li bol­dy. Ni­der­land­la­ryň çem­pio­na­ty «Ere­divisie»-de çem­pi­on bel­li bo­lup, Eýnd­ho­wen şä­he­ri­niň PSW to­pa­ry wag­tyn­dan öň çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. PSW 32-nji tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da Rot­ter­da­myň «Spar­ta» to­pa­ry­ny 4-2 ha­sa­byn­da ýe­ňip, möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, 2-nji ýer­dä­ki «Fe­ýe­noord» bi­len 9 utuk ara­ta­pa­wu­dy sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Şun­luk­da, PSW to­pa­ry 6 ýyl­dan soň çem­pi­on bo­lup, bu ola­ryň 25-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Soň­ky ge­zek 2018-nji ýyl­da çem­pi­on bo­lan PSW bu ugur­da 36 sa­par çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Aýaks­dan» soň 2-nji ýer­de bar­ýar. Ge­çen möw­sü­miň çem­pio­ny, 3-nji bas­gan­çak­da­ky «Fe­ýe­no­or­dyň» 16 çem­pi­on­ly­gy bar.

Ga­ra­şyl­ma­dyk ýe­ňi­ji

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 6-njy ýa­ry­şy Ma­ýa­mi «Gran Pri­sin­de» ga­ra­şyl­ma­dyk sü­rü­ji ýe­ňiş ga­zan­dy. 5-nji ha­tar­dan baş­lan «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris ýe­ňi­ji bo­lup, ol 57 aý­la­wy 1 sa­gat 30 mi­nut 49,876 se­kunt­da ta­mam­lap, kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. «McLa­ren» to­pa­ry-da soň­ky ge­zek 2021-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň Mon­za şä­he­rin­de ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ýa­ry­şa il­kin­ji ha­tar­dan bat alan Maks Wers­tap­pen ýe­ňi­ji­den 7,612 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ol sprint ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, goş­ma­ça 8 utuk ga­zan­dy. Mün­be­riň 3-nji bas­gan­ça­gy­na «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly sü­rü­ji­si Şarl Lek­ler çyk­ma­gy ba­şar­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň mek­si­ka­ly sü­rü­ji­si Ser­hio Pe­re­siň 4-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Kar­los Saýns Ju­ni­or 5-nji or­ny eýe­le­di.

APL-de çempionlygyň iki dalaşgäri-de ýeňiş gazandy

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ar­se­nal» öz meý­dan­ça­syn­da «Born­mut» to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 3 gol ge­çi­rip, or­nu­ny sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Lon­don­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Sa­ka, Tros­sar hem-de Raýs ge­çir­di. Er­ling Ho­lan­nyň 4 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Wul­wer­hemp­ton» to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ut­dy. 6 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Tot­ten­ha­my» 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da 1 gol ge­çi­ren Mo­ha­med Sa­lah APL-de bas­syr 3 möw­süm­de 10-dan köp gol we 10-dan köp asist eden il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da Lon­don der­bi­sin­de «West Ham­dan» 5–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da Jek­son 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. «Kris­tal Pa­las» bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da Oli­se­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Man­çes­ter Ýu­naý­te­di» 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Ýu­naý­ted» şu möw­süm­de 13-nji ge­zek utu­lyp, bu gör­ke­zi­ji APL-de olar üçin an­tire­kor­da deň­dir. 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ri­len gol­lar

«Re­al Mad­rid» 36-njy ge­zek «La Li­ga­nyň» çem­pio­ny

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» çem­pi­on 34-nji tap­gyr­da bel­li bo­lup, «Re­al Mad­rid» 36-njy çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da «Ka­diz» to­pa­ry­ny Braim Dia­ziň 51-nji, Bel­lin­ga­myň 68-nji hem-de Ho­se­lu­nyň 90+3-nji mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bu du­şu­şy­gyň yzy­sü­re ge­çi­ri­len «Ži­ro­na» — «Bar­se­lo­na» du­şu­şy­gyn­da-da ýer eýe­le­ri­niň ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­dan soň «Re­al Mad­rid» çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» 36-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp, 27 çem­pi­on­ly­gy bo­lan «Bar­se­lo­na­dan» ep-es­li öň­de bar­ýar. To­pa­ryň tä­lim­çi­si An­çe­lot­ti «Re­al­da­ky» 12-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 28-nji ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. «Re­al Mad­rid» Ýew­ro­pa­nyň TOP 5 çem­pio­na­tyn­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan 2 to­pa­ryň bi­ri bo­lup, ol bu ugur­da re­kor­dy «Ýu­wen­tus» bi­len paý­laş­ýar. «Bar­se­lo­na­ny» ýe­ne-de 4–2 hasabynda ýeň­di we il­kin­ji ge­zek Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na gat­na­şar

4 to­pa­ryň gat­na­şan soň­ky 2 ýa­ry­şy

1972-nji ýyl­da­ky 4-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty Bel­gi­ýa­da ge­çi­ri­lip, oňa ýe­ne-de 4 ýy­gyn­dy gat­naş­ýar. Ýa­rym fi­nal­da Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa ýer eýe­le­ri Bel­gi­ýa­ny Gerd Mül­le­riň gol­la­ry bi­len 2–1, ozal­ky So­ýu­zyň ýy­gyn­dy­sy bol­sa Weng­ri­ýa­ny Ana­to­liý Kon­ko­wyň 53-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da 1–0 ýeň­ýär. Fi­nal­dan öň oý­na­lan bü­rünç me­dal du­şu­şy­gyn­da Bel­gi­ýa 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ýar. 18-nji iýun­da­ky fi­nal­da bol­sa Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy SSSR-iň ýy­gyn­dy­sy­ny Gerd Mül­le­riň (27, 58) hem-de Her­bert Wim­me­riň (52) gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär we il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. Bu çem­pio­nat­da Gerd Mül­ler 4 gol ge­çi­rip, ýa­ry­şyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy bol­ýar. 4 ýyl­dan soň çem­pio­nat do­wam ed­ýän for­ma­tyn­da ozal­ky Ýu­gos­la­wi­ýa­da gu­ral­ýar. Çem­pio­na­tyň çä­gin­de geçirilen 4 du­şu­şyk­da-da ýe­ňi­ji esa­sy wagt­da bel­li bol­ma­ýar. Çe­hos­lo­wa­ki­ýa Ni­der­land­la­ry 3–1 (Ond­ruş 19, Ne­ho­da 114, We­se­li 118 — Ond­ruş 73 ö.d.), Gün­ba­tar Ge

«Wembley»-däki finalda «Borussiýa Dortmund» bilen «Real Madrid» duşuşar

23 medal — üstünliklere goşant

Karate türkmen sportuna soňky ýyllarda halkara ýaryşlardan medaly iň kän getirýän görnüşleriň biri. Bu hakykat ýakynda Ürgenç şäherinde geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda ýene bir gezek örboýuna galdy. Ýaryşda biziň ildeşlerimiz hormat münberine 23 gezek çykdylar. Halkara ýaryşa türkmenistanly karateçiler bilen birlikde Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan jemi 293 türgeniň gatnaşandygyny nygtamak türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň derejesine göz ýetirmekde ähmiýetlidir. Üç myhman döwlete milli ýygyndylar wekilçilik eden bolsa, Özbegistan halkara ýaryşa sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan klublar arkaly gatnaşdy.

Aşgabat. Aprel. Arena

Aşgabat ýene-de halkara sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapdy. Ak mermere bürenen türkmen paýtagtynyň adyny apreliň buzly arenadaky sport baýramçylygy bilen utgaşdyran ajaýyp waka — Hokkeý boýunça halkara ýaryş dünýäde iri sport merkezi hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Türkmenistanyň mümkinçiliklerini äleme ýaýdy. Halkara ýaryş diňe Watanymyzyň iri sport çärelerini geçirmekdäki tejribesiniň beýany bolmak bilen çäklenmän, türkmen türgenleriniň mümkinçilikleriniň hem aýdyň görkezijisine öwrüldi. Ýaryşyň guramaçylyk derejesiniň nusgalyk hasaplanandygyna aýratyn ünsi çekmek gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen gol çeken degişli Karary Hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň kämil derejedäki guramaçylygynyň binýadyny emele getirdi. Halkara ýaryşa taýýarlyk görmekde meýletinçileriň ornunyň hem diýseň uly bolandygyny bellemek gerek. Olar guramaçylyk işleriniň ähli tapgyrlaryna ýakyndan ýardam etdiler.

Taekwondonyň ýaş ussady

Taekwondo ITF boýunça tutluşyk meýdançasynda 5 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli çykyş edip gelýän ýaşajyk türgenlerimiziň biri Ysmaýyl Taýlyýewdir. Ol Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 4-nji synpynda okaýar. Okuwdan boş wagtlary sport mekdebine, türgenleşik zallaryna yzygiderli gatnap, öz taýýarlygyny ýokary depginde alyp barýar. Ýaňy 10 ýaşyny doldurandygyna garamazdan, Ysmaýyl eýýäm ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlarda birnäçe gezek çempion bolmagy başardy. Has dogrusy, ol 2022-nji ýylyň iýul aýynda Taekwondo ITF boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatynda 30 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, I orny eýeledi. Şeýle-de şol ýylyň noýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem I orny gazandy. Bu Ysmaýyl jigimiziň şahsy tutluşyklardaky ilkinji üstünlikleridir. 2023-nji ýylyň maý aýyndan Ysmaýyl eýýäm ýurdumyzyň adyndan halkara ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Ol Estoniýa döwletiniň Tallin şäherinde Taekwondo ITF boýunça geçirilen halkara ýaryşynda 30 kilogram agram derejesinde çykyş edip, şahsy tutluşykda I orny, 8-9 ýaşly çagalaryň arasynda şahsy tulda II orny gazanmagyň hötdesinden geldi. Mundan başga-da, ol şol ýylda ýurdumyzda Taekwondo ITF boýunça geçirilen birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary gazan

Ýetginjek hokkeýçileriň üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hokkeý ýaşlaryň köpçülikleýin saýlap alýan sport görnüşleriniň birine öwrüldi. Ýetginjekler boýunça milli ýygyndymyz mart aýynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde Gonkongyň, Tailandyň we GAR-yň toparlarynyň gatnaşmagynda «B» toparyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatynda çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Milli ýygynda «Galkan» hokkeý toparynyň ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi Guwançmyrat Jepbarow tälimçilik etdi. Şeýle hem ýaşlaryň bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmeginde kömekçi tälimçi Maksat Ataýewiň uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» we «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan» toparlaryndan ýaş hokkeýçileriň 20-si wekilçilik etdi. Ýetginjekler toparynyň düzüminde çykyş eden mekdep okuwçylaryndan Serdar Durdyýewiň, Isgenderhan Durdyýewiň, Elman Isaýewiň, Soltanhamit Wahytowyň, Şöhrat Begliýewiň atlaryny agzamak bolar. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň oýunçysy Elman Isaýew çempionatyň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlandy. Serdar Durdyýew bolsa bir oýunda dört şaýba geçirip, ýokary netije görkezdi.

Ýeňiş baýramyna bagyşlanan ýaryş

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli guralýar. Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde geçirilen woleýbol ýaryşy hem şeýle bäsleşikleriň biri boldy. Ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy gyzlardan düzülen toparlar gatnaşyp, woleýbolda ussatlygyny aýan etdiler. Ýeňiş baýramyny dabaralandyrylan ýaryş gyzykly häsiýetde geçip, güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde, etrapdaky 42-nji orta mekdebiň topary birinji, 31-nji orta mekdebiň topary ikinji, 40-njy orta mekdebiň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji toparlar “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary bilen sylaglandy.

Okuwçy gyzlar woleýbolda ýaryşdy

Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okuwçy gyzlaryň arasynda woleýbol ýaryşy geçirildi. “Biz Oguzhan nesli” atly ýaryşy “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady. Etrapdaky umumybilim berýän mekdepleriň okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlaryň arasynda geçirilen ýaryş ýaşlara ukyp-başarnygyny görkezmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Çekeleşikli duşuşyklary bilen uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda etrapdaky 25-nji orta mekdebiň topary birinji, 19-njy orta mekdebiň topary ikinji, 2-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Sport

Çekeleşikli boldy Ýakynda Mary etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň sport zalynda etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda şaşka boýunça ýaryş geçirildi.

Tapgyryň esasy oýny

Düýn Milli çempionatymyzyň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde «Nusaý» stadionynda «Arkadag» we «Ahal» toparlary duşuşdy. Bu oýunda «akylly» şähere wekilçilik edýän futbolçylar garşydaşlaryndan 4-0 hasabynda üstün çykdylar. Nobatdaky üç utugy hasabyna ýazdyran arkadaglylar 33 utuk bilen sanawdaky birinjilik orunlaryny berkitdiler. Geçiren gollarynyň hasaby boýunça-da ilkinji orunlarda «Arkadagyň» oýunçylarynyň açyk-äşgär artykmaçlyklary bar. Duşuşykda Altymyrat Annadurdyýew 2 gol, Didar Durdyýew 1 gol hem-de Begenç Akmämmedow 1 gol geçirip, tapawutlanmagy başardylar.

Sport ýeňşi

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan bu sport çäre sportuň 13 görnüşi boýunça geçirildi. Spartakiadada Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary I orna mynasyp boldy.

Kämilligiň ýolunda

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdynlyk ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler welaýatymyzda ussat türgenleriň sanynyň-da gün-günden artmagyna getirýär. Bu hakykata Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça welaýatyň çempionlygyny gazanmak ugrunda geçirilen ýaryşlarda ýene bir gezek göz ýetirdik. Ýaş pälwanlaryň 200-e golaýyny bir ýere jemlän bu sport ýaryşynda Halaç etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Annamyrat Derýakulyýew iň ýokary netijeleriň birini görkezmegi başardy. Ol 100 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, nobatdaky gezek welaýatymyzyň çempiony boldy. Kiçilikden pälwan bolmagy ýüregine beslän Annamyrat ýaňy mekdep ýaşyna ýetende, Halaç etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde türgenleşige başlaýar. Ýaş türgen emel-tilsimleri özleşdirişi, jogapkärçiligi we urgulara erk edişi bilen şol sport mekdebiniň tälimçisi, sport ussatlygyna dalaşgär Gündogdy Allaýewiň bada-bat ünsüni özüne çekýär. Ol okuw-türgenleşik sapaklaryny özleşdirişi bilen halypalaryň ynamyny tiz ödäp, 8-9 ýaşlaryndan ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Bu bolsa Annamyrada öz başarnygy bilen ýeňişli ýollary külterlemäge giň mümkinçilik açýar.

Her bir ýaryş — uly toý!

Toýlaryň ýürekde galýan ýakymy babatynda «uzak wagt» diýen düşünje hem dar görünýär. Çünki toýlar hiç haçan ýüregiňden çykmaýar. Olary ykbalyň iň ýakymly günleri hökmünde hemişe ýatlap gezýärsiň. Ynha, geçen aýda merjen paýtagtymyzda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş hem şeýle uly ýakyma beslenen toýlaryň biri boldy. Bu toý türkmen sportunyň iň şanly sahypalarynyň biri hökmünde oňa şaýat bolanlaryň aňynda hemişelik galar. Güneşli Türkmenistanyň sähra ýaly gyzgyn ýürekli ogullary diňe bir buzda typmak bilen çäklenmän, buzly oýunda halkara ýaryşyň ýeňijisi bolmagy hem başardylar.