"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Toparyň nobatdaky üstünligi

Ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 15-nji tapgyryň oýnunda «Arkadag» topary «Köpetdag» toparynyň myhmany boldy. Oýnuň ilkinji on minudynda üç gol hasaba alyndy. Şamämmet Hydyrowyň 6-njy minutdaky goly bilen  Arkadag şäheriniň adybir topary oýnuň hasabyny açdy. Yzysüre 7-nji minutda bolsa, ýene şol topardan Arslanmyrat Amanow tapawutlandy. «Köpetdag» 9-njy minutda Baýramhan Kadyrowyň goly bilen tapawudy azaldanam bolsa, hasaby deňlemek başartmady. Deregine şondan soňra-da «Arkadagdan» üç gol geldi. 18-nji minutda Arslanmyrat Amanow, 24-nji, 60-njy minutlarda Begenç Akmämmedow tapawutlandy. Şeýlelik bilen, oýunda doly üstün oýnan çempionlar 5-1 hasabynda ýeňiş gazandy we utuklarynyň sanyny 39-a çykaryp,  öňdäki ornuny has-da berkitdi.

Estafetaçylar bäsleşdi

Ýakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Gyzylarbat etrabynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletikanyň estafeta görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi. Ýaryşy etrabyň jemgyýetçilik guramalary, bedenterbiýe we sport bölümi gurady. Bäsleşigiň maksady ýeňil atletikaçylaryň sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, saglyklaryny berkitmek, sagdyn bedenli ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Bäsleşik 14 tapgyrdan ybarat  bolup, her toparda 14 türgen çykyş etdi. Bäsleşigiň jemi boýunça 1-nji orna şäheriň 18-nji orta mekdebiniň topary mynasyp boldy we estafetaçylaryň göçme kubogyny almagy başardy. 2-nji orna şäherdäki 21-nji, 3-nji orna bolsa 28-nji orta mekdebiň topary mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýeňiş ýene «Arkadag» toparynda

Geçen şenbe güni sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň 14-nji tapgyrynda «Aşgabat» bilen oýun geçirdi. «Akylly» şäheriň 10 000 orunluk stadionynda geçirilen bu oýunda ýene «Arkadag» topary öz ýeňişini baýram etdi.  Oýnuň ýaňy 4-nji minudynda «Arkadagyň» derwezesine 11 metrlik jerime urgusy bellenildi. Begmyrat Pirkulyýewiň depen pökgüsi  «Aşgabady» öňe saýlasa-da, hasaby goramak uzak başartmady. Şondan soňra 10-njy minutda «Arkadagdan» Welmyrat Ballakow öz deňlik getiren goly bilen topardaşlaryny ruhlandyrdy. Oýnuň birinji ýarymyna goşmaça goşulan wagtda «Arkadag» toparyndan Begenç Akmämmedow gol geçirip, toparynyň öňe saýlanmagyny gazandy.  

Sport. Sport. Sport.

Maksada okgunly türgen Sport bilen meşgullanýan türgenleriň sanynyň barha artýandygyny baýrakly orunlara eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Şeýle türgenleriň biri-de Mary şäherindäki 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Musa Bekmyradowdyr.

Sport sagdynlygyň gözbaşydyr

Sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, sagdynlygyň we ruhubelentligiň çeşmesi bolan sportuň we bedenterbiýäniň meşhurlygyny artdyrmak maksady bilen, Şabat etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde etrabyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň göreş, küşt, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis we woleýbol görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa etrabyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň toparlary gatnaşdylar. Geçirilen ýaryşlarda türkmen göreşi boýunça öz agram derejeleri babatda etrapdaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Gaýypnazar Berdiýew, 23-nji orta mekdebiň mugallymy Hamid Mätjanow, 45-nji orta mekdebiň mugallymy Nurbek Danýarow, 18-nji orta mekdebiň hojalyk işgäri Hamid Allakow birinji orny eýelediler. Sportuň küşt görnüşi boýunça 41-nji orta mekdebiň hojalyk işgäri Gafurjan Matýazow, düzzüm görnüşi boýunça 7-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Raşid Saparow, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça 25-nji orta mekdebiň mugallymy Zafar Orunbaýew dagy birinji orny eýelediler. Woleýbol boýunça etrapdaky 23-nji orta mekdebiň topary birinji, 2-nji orta mekdebiň topary ikinji, 45-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler.

Netijeli hüjümlere baý oýunlar

Futbol Ýurdumyzyň futbol boýunça milli çempionatynyň 13-nji tapgyrynda Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparyny kabul eden Balkanabadyň «Nebitçisi» bassyr dördünji sapar ýeňildi. Myhmanlardan 8-nji, 70-nji minutlarda Rahman Myratberdiýewiň, 32-nji, 51-nji minutlarda Arslan Saparowyň, 69-njy minutda Wahyt Orazsähedowyň geçiren gollaryna ýer eýelerinden jogap berip bilen bolmady.

Ýetginjekler başarnygyny görkezdiler

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde 2011—2012-­nji we 2013—2014-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda boks we grek-rim göreşi boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Ony etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de TDP-niň etrap komiteti bilelikde gurady. Çekeleşikli geçen ýaryşda boks boýunça 25 kilogram agramda Aýhan Amanseýidow, 27 kilogram agramda Batyr Hamedow, 29 kilogram agramda Bagtyýar Nurmuhammedow, 31 kilogram agramda Öwez Orazow, 33 kilogram agramda Akmyrat Meretgeldiýew, 35 kilogram agramda Emirguly Saparow, 37 kilogram agramda Süleýman Nurberdiýew, 39 kilogram agramda Gurbanmyrat Rejepow, 41 kilogram agramda Pälwan Annaýew, 43 kilogram agramda Selim Annageldiýew birinji orny eýelemegi başardylar.

Welaýatyň boks birinjiligi

Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda sportuň boks görnüşi boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk iş meýilnamasy esasynda agram derejeleriniň 13-si boýunça geçirilen welaýatyň birinjiligine welaýatyň dürli ýerlerinden türgenler gatnaşdy. Uly gyzyklanma eýe bolan birinjilikde 48 kilogram agramda B.Beşimow, 51 kilogram agramda A.Garaýew, 54 kilogram agramda U.Amanmyradow, 57 kilogram agramda H.Allaberdiýew, 60 kilogram agramda E.Seýtiýew, 63,5 kilogram agramda E.Şanazarow, 67 kilogram agramda E.Parahadow, 71 kilogram agramda D.Kakajanow, 75 kilogram agramda B.Omarow, 80 kilogram agramda A.Bäşimow, 86 kilogram agramda G.Täçmyradow, 92 kilogram agramda Ş.Gylyjow, 92 kilogram agramdan ýokary agram derejesinde bolsa N.Mämmedow ýeňiji boldy.

Sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn üns berlip, raýatlaryň saglygy hakda uly alada edilýär. Bu gün berkarar Watanymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleridir meýdançalarynyň hereket etmegi hem-de olarda ildeşlerimiz üçin giň amatlyklaryň üpjün edilmegi adam hakdaky aladanyň buýsançly subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Sport — sagdynlyk, sport — gözellik, sport bir söz bilen aýdanyňda ýaşaýyşdyr» diýip belleýär. Bu çuň manyly jümlede sportuň ähmiýeti, onuň adam durmuşyna ýetirýän oňyn täsiri öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar.

Woleýbol ýaryşy

Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde «Biz Oguz han nesli» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasynyň çäginde geçen ýaryşa etrapdaky umumybilim berýän mekdeplerden toparlar gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşda okuwçy ýaşlar ukyp-başarnygyny görkezdiler. Netijede etrapdaky 25-nji orta mekdebiň topary birinji, 19-njy orta mekdebiň topary ikinji, 2-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.

Sport

Çekeleşikli geçen ýaryş Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda dürli sport çäreleri geçirilýär. Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem sportuň woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň we welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Dostluk gezelenji. Taklamakan we Ýüpek ýoly ýörişi 2024 Hytaýyň Horgos şäherinde başlandy

2024-nji ýyldaky Taklamakan we Ýüpek ýoly ýörişi Hytaýyň Sinszýan uýgur awtonom sebitindäki Horgosda başlandy. Bäsleşige Hytaýdan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen 130-dan gowrak ýaryşçy gatnaşýar. Jemi uzynlygy 2523 kilometre barabar bolan 5 tapgyrda bäsleşmeli bolarlar. Bu ugur türgenlere üç ýurduň çägindäki tebigy landşaftlaryň gözelligini we dürlüligini görmäge mümkinçilik berer.

Şaşka bäsleşigi

8-nji tapgyr Aklar başlaýar we utýarKombinasiýa 3 utuk berilýär

Sport

Agyr atletikaçylar bäsleşdiler Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça meşgullanyp, uly üstünliklere eýe bolýan türgenleriň sany ýylsaýyn artyp, dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmekde bitirilýän işleriň badynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

«Altyn Asyr» Gündogar bazarynyň işgärleriniň gazanan sport üstünligi

Ýeňişleriňiz dowamly bolsun, pälwanlar! Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Şu günki ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen täze ruhly nesillerdir. Jemgyýetçilik guramalary Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýip, belle­mek bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işlerine örän ýokary baha berýär. Bu bolsa sporta, ylma, çeper döredijilige ukyply, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda we olary höweslendirmekde anyk wezipeleri öňümizde goýýar.

Fitnes — saglygyň çeşmesi

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Lukmanlaryň belleýşi ýaly, hereketiň azlyk etmegi dürli keselleriň döremegine sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýda fitnes maşklary biziň üçin saglygyň gymmatly çeşmesine öwrülýär. Eýsem, «fitnes maşklaryny ir säher bilen ýerine ýetirseň peýdalymy ýa-da agşamara?» diýen soragy öz-özüne berýän kän bolsa gerek. Bu soragyň jogabyny biziň şu çykyşymyzdan öwrenip bilersiňiz.

«Arkadag» toparynyň täze rekordy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynda myhmançylykda «Nebitçi» toparyny 4:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň çempionatynda utuk sanyny 100-den geçiren toparlaryň hataryna girdi.

Serdar Rahymow dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Türkmenistanyň sportunyň taryhyna täze şanly sahypa ýazyldy. 20 ýaşly dzýudoçy Serdar Rahymow Täjigistanyň paýtagtynda başlanan IJF «Uly tuwulga» dünýä tapgyryndaky «Dushanbe Grand Slam 2024» abraýly ýaryşda Türkmenistan üçin ilkinji altyn medalyny gazandy.

Ýelden ýüwrük bedewleriň ýaryşy

Ýurdumyzda dowam edýän ýazky at çapyşyk möwsüminiň Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen nobatdaky tapgyry toý ruhuna beslendi. Döwrebap toplumyň giň aýlawynda guralan ýelden ýyndam bedewleriň ýaryşlary köp sanly janköýerlerde aýratyn täsir galdyrdy. Her aýlawyň başlanýan wagtynda ýaňlanan halk heňleridir hoş owazly aýdym-sazlar şowhunly ýaryşlaryň özboluşly bezegine öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýaz paslynyň nurana gününde şatlyga gurşalan at çapyşygy alty tapgyrdan ybarat bolup, oňa üç, dört we uly ýaşar atlaryň 30-dan gowragy gatnaşdyryldy. Daşoguzyň döwlet athanasyna, welaýatyň edara-kärhanalaryna hem-de hususy hojalyklara degişli atlar aýlawlarda özleriniň ýyndamlyklaryny görkezdiler.

Yna­my öde­ýän tür­gen­ler

«7/24. tm» №20 (207), 13.05.2024 Spor­tuň ka­ra­te­do (WKF) gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Öz­be­gis­ta­nyň açyk çem­pio­na­tyn­da we Sa­mar­kant şä­he­rin­de gu­ra­lan Azi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da türk­men tür­gen­le­ri üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Şol üs­tün­li­ge Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň 2-nji sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri hem my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­du­lar.