"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Şaşka bäsleşigi

9-njy tapgyr Aklar başlaýar we utýarKombinasiýa 3 utuk berilýär

Ýaş pälwanlarymyzyň üstünlikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini, sporty ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýäniň we sportuň rowaçlanmagy, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklary üçin ýurdumyzyň ähli etrapdyr şäherlerinde giň mümkinçilikler döredilýär. Türgenlerimiz gerekli sport enjamlary bilen üpjün edilen sport toplumlarydyr mekdeplerde dürli sport ýaryşlaryna taýýarlyk, türgenleşik  işlerini geçýärler. Çagalar we ýetginjekler sport mekdebimizde mekdep okuwçylarynyň okuwdan boş wagtlary bedenterbiýäniň we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, olaryň geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrjak türgenler bolup ýetişmekleri üçin okuw-türgenleşik işleri talabalaýyk guralýar. Bu ýerde ýokary derejeli, sport ussady, sport ussatlygyna dalaşgär bolan tälimçileriň birnäçesi zähmet çekýär. Sport mekdebinde ýaşlar sportuň türkmen milli göreşi, futbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, futzal görnüşleri bilen meşgullanýarlar.

Duşak şäherçesindäki sport mekdebinde ýaryş geçirildi

Kaka etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň Duşak şäherçesindäki sport mekdebinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp futbol boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryş gyzykly bäsleşikleriň biri boldy. Oňa sport mekdebine gatnaýan ýaşlardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda mekdebiň futbol boýunça tälimçisi Penamyrat Babajanowdan tälim alýan ýaşlar birinji, Orazmyrat Orazgeldiýewiň tälim berýän ýaşlary ikinji, Rejepgeldi Jumageldiýewiň şägirtleri üçünji orunlary eýeledi. Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda sylaglandy.

Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň şäheri

Ulus-ilimiz Aşgabat şäheriniň gününi şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Şol sanly günlerde Aşgabat şäheriniň Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýlip yglan edilendigi hakdaky habary eşidip, toý şatlygymyz has-da goşalandy. Paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Çözgüt ýurdumyzyň baş şäheriniň halkara derejesindäki şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy. Aşgabat bu gün gaýtalanmajak keşbi bilen dünýäni haýrana goýýar. Aşgabadyň häzirki zaman keşbi ylmyň döwrebap gazananlaryna, binagärlik we şähergurluşyk tejribesiniň öňdebaryjy nusgalaryna, ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki üpjünçiliginiň kämil innowasion çemeleşmelerine hem-de millilik keşbine daýanýar. Paýtagtymyzyň keşbine bezeg çaýýan binadyr desgalaryň, ymaratlaryň her birinde özboluşly äheňler bar. Aşgabadyň bezegini artdyrýan sport desgalary bolsa, halkara derejedäki sport ýaryşlaryny guramaga we üstünlikli geçirmäge giň şertleri döredýär. Geçen ýyllarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen iri ýaryşlar hem şeýle diýmäge esas berýär.

Türkmen agyr atletikaçylarynyň üstünligi

22 — 26-njy maý aralygynda Perunyň Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty geçirildi. Dünýäniň 50 döwletinden 280-den gowrak türgeni bir ýere jemlän bu ýaryşda türkmen agyr atletikaçylary hem üstünlikli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Has takygy, 49 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Ogulşat Amanowa üç medala mynasyp boldy. Ol öz agram derejesinde silterläp götermekde 77 kilogram netije bilen kiçi altyn, itekläp götermekde bolsa 91 kilogram görkeziji bilen kiçi bürünç medala eýelik etdi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 168 kilogram görkeziji bilen uly kümüş medala mynasyp boldy. Mundan başga-da, 67 kilograma çenli agram derejede çykyş eden türkmen türgeni Didarbek Jumabaýew itekläp götermekde 155 kilogram görkeziji bilen kiçi bürünç medalyň eýesi boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 372 kiogram (117+155) netije görkezip, dördünji orny eýeledi.

ÝÇL-iň täzelenen geçiş tertibi barada maglumat berildi

23-nji maýda UEFA-nyň wekilleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine Ýewropanyň çempionlar ligasynyň indiki möwsümde nähili ýagdaýda geçjekdigi barada maglumat berdiler. Oňa laýyklykda, ýaryşyň geçiriliş tertibinde, esasan, şu aşakdaky üýtgeşmeler bolar: Ýaryşa gatnaşýan toparlaryň sany 32-den 36-a çenli artdyrylar.

«Al Aýn» AFK Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al Aýn» topary AFK Çempionlar ligasynyň 2023-2024-nji ýylky möwsüminiň ýeňijisi boldy. Iki oýundan ybarat finalyň ikinji duşuşygynda «Al Aýn» Ýaponiýanyň «Ýokogama Marinos» toparyny 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Finalyň deslapky oýnunda «Ýokogama Marinos» öz öýünde 2:1 hasabynda garşydaşyndan üstün çykypdy. Şeýlelikde, iki oýnuň netijesine görä, «Al Aýn» AFK Çempionlar ligasynyň şu möwsüminiň çempiony boldy.

«Mançester Ýunaýted» Angliýanyň Kubogynyň finalynda «Mançester Sitiden» üstün çykdy

Geçen hepdäniň şenbe güni «Uembli» stadionynda futbol boýunça Angliýanyň Kubogynyň final oýny geçirildi. Onda Mançester şäheriniň iki kluby «Mançester Ýunaýted» we «Mançester Siti» meýdança çykdylar. Duşuşyk 2:1 hasabynda «Mançester Ýuneýtediň» peýdasyna tamamlandy. Oýunda ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Alehandro Granaço (30) we Kabi Maýnu (39), «Mançester Sitiniň» ýeke-täk goluny bolsa Žeremi Doku (87) derwezä gönükdirdi.

«Zenit» altynjy gezek Russiýanyň çempiony

Sankt-Peterburgyň «Zenit» kluby Russiýanyň premýer-ligasynda bassyr altynjy gezek çempion boldy. Geçen hepdäniň şenbe güni geçirilen ahyrky tapgyrdan ozal, ikinji ýerde barýan «Zenit» 30-njy tapgyryň oýnunda «Rostowy» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Soňky tapgyrdan öň çempionlyga esasy dalaşgär hasaplanan «Dinamo» bolsa myhmançylykda «Krasnodardan» 1:0 hasabynda asgyn geldi. Şunlukda, «Zenit» 57 utuk bilen çempiona öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, 2002-nji ýyldan bäri RPL-iň taryhynda hiç bir topar şeýle az utuk bilen çempion bolup bilmändi. Ikinji ýer 56 utuk toplan «Krasnodara», üçünji ýer bolsa şonça utuk toplan «Dinamo» nesip etdi. Şeýle-de güýçli bäşlikden «Lokomotiw» (53 utuk) hem-de «Spartak» (50 utuk) toparlary orun aldylar. Maglumat üçin, «Zenit» Russiýanyň premýer-ligasynda iň köp çempion bolan topardyr. Toparyň hasabynda 10 sany çempionlyk bar.

Ikinji gezek kuboga mynasyp boldy

Geçen hepdäniň şenbe güni futbol boýunça Germaniýanyň Kubogynyň final oýny geçirildi. Onda «Kaýzerslautern» hem-de «Baýer» toparlary duşuşdylar. Berlin şäherindäki «Olimpiýa» stadionynda geçirilen oýun «Baýeriň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Oýundaky ýeke-täk gol 17-nji minutda Granit Jaka tarapyndan geçirildi. Duşuşyk barada ýene bir bellenilmeli zat, oýnuň 44-nji minutynda «Baýeriň» oýunçysy Kossunu gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Ýöne muňa garamazdan, «Baýer» ýeňşi gorap saklamagy başardy.

Tälimçiler täzelenýär

Geçen hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň esasy toparlarynyň birnäçesi baş tälimçilerini işden boşatdy. Hususan-da, «Ýuwentus» Allegriniň, «Barselona» Hawiniň, «Milan» Pioliniň, «Çelsi» bolsa Poçettinonyň öz wezipesinden gidýändigini mälim etdi. Galyberse-de, «Bawariýanyň» Tomas Tuhel bilen, «Liwerpulyň» bolsa Ýurgen Klopp bilen hoşlaşjakdygy möwsümiň ortalarynda belli bolupdy. Tälimçisi bilen hoşlaşan top klublaryň sanawyna ýakyn wagtda «Mançester Ýunaýtediň» hem goşulmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, häzirki wagtda bu toparlaryň haýsyna kimiň baş tälimçi boljakdygy baradaky habarlar hemmeleri gyzyklandyrýar. Ýewropa metbugaty «Barselona» geljek möwsümde Hans-Dýuter Flikiň (häzirki wagtda işsiz), «Ýuwentusa» Týago Mottanyň (häzirki wagtda «Bolonýanyň» tälimçisi), «Çelsä» Kiran Makkenanyň (häzirki wagtda «Ipsiwiçiň» baş tälimçisi), «Bawariýa» Wensan Kompaniniň (häzirki wagtda «Býörnliniň» baş tälimçisi), «Milana» Paulu Fonsekanyň (häzirki wagtda «Lill» toparynyň baş tälimçisi), «Mançester Ýunaýtede» Maurisýo Poçettinonyň ýa-da Tomas Tuheliň (ikisi hem işsiz) tälim berjekdigi barada ýazýar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­ba­daý­han et­ra­by­nyň Ga­ra­we­kil oba­syn­da­ky sport mek­de­bin­de TDP-niň Ba­ba­daý­han et­rap ko­mi­te­ti, et­ra­byň Be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi hem-de beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­dä­ki düz­gün­na­ma la­ýyk­lyk­da 2006-njy ýyl­da dog­lan we on­dan ki­çi ýaş­da­ky ýet­gin­jek­le­riň ara­syn­da mil­li gö­reş we gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ril­di.

Aşgabat — sportuň gülläp ösýän merkezi

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­möç­ber ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de 2013-nji ýy­lyň 25-nji ma­ýynda Aşgabat ak mer­merli bi­nalaryň has köp jemlenen şähe­ri hökmün-de Ginnesiň rekordlar ki­tabyna girizildi. Şol se­ne­den baş­lap, her ýy­lyň 25-nji ma­ýy Aş­ga­bat şäheriniň güni hökmünde bellenilip baş­landy. Ak şä­he­ri­miz Aşgabat özü­niň özboluşly, owadan binagärlik keşbi bilen dünýäniň rekordlar şäherine, sport mer­ke­zi­ne, sag­dyn­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rül­di. Spor­ty ös­dür­mek ul­ga­myn­da tä­ze­çil­lik stra­te­gi­ýa­sy­nyň ba­şy­ny baş­lan Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň baş şä­he­rin­de kuw­wat­ly we döw­re­bap, kö­pu­gur­ly dü­züm ke­ma­la gel­di. Aş­ga­bat Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň mün­be­ri­ni be­ze­ýän ahal­te­ke be­de­wi­niň dün­ýä­de iň uly atyň keş­bi hök­mün­de, Spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zi­niň dün­ýä­de iň uly üs­ti ýa­pyk suw­da ýü­züş how­zy hök­mün­de, 2018-nji ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da 3 müň 246 ada­myň gat­naş­ma­gyn­da

Bir gün­de iki şat­lyk

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Sport jan­kö­ýer­le­ri ta­ra­pyn­dan söý­lüp to­ma­şa edil­ýän hem-de köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şa­ran sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri-de fut­boldyr. Häzirki wagtda mil­li­on­lar­ça jan­kö­ýer­le­ri özün­de jem­le­ýän fut­bo­lyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de tut­ýan or­ny diý­seň uly. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan yn­san­la­ryň, hu­su­san-da, ça­ga­lar­dan baş­lap, ýa­şu­ly ne­sil­le­riň ara­syn­da fut­bol oýun­la­ry­na to­ma­şa ed­ýän­le­riň sa­ny bir ýa iki däl. Olar ýüz­ler­çe. Şo­nuň üçin-de, dün­ýä ýü­zün­de fut­bo­la hem-de fut­bol oýun­çy­la­ry­na be­ril­ýän üns has-da güýç­li. Ýa­kyn­da fut­bol muş­dak­la­ry­ny be­gen­di­ren şeý­le­räk bir wa­ka — BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan her ýy­lyň 25-nji ma­ýy «Bü­tin­dün­ýä fut­bol gü­ni» diý­lip yg­lan edil­di. Bu buý­san­dy­ry­jy wa­ka türk­men fut­bol­çy­la­ry üçin-de ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat bol­dy. Se­bä­bi her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da paý­tag­ty­my­zyň — Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­nü­ni ulu­dan baý­ram ed­ýän sport­sö­ýü­ji­

Ýeňiş — meşhur toparda

25-nji maýda ýurdumyzyň futbol boýunça milli çempionatynyň 18-nji tapgyrynda «Arkadag» futbol topary «Şagadamy» kabul etdi. «Akylly» şäheriň «Arkadag» stadionynda geçen oýunda hasaby açan tarap «Şagadam» boldy. 14-nji minutda Röwşen Begjanowyň goly bilen öňe saýlansalar-da, olara hasaby goramak başartmady.  Arkadaglylaryň jogaby gijikmedi. Olara deňlik getiren goly 20-nji minutda Şanazar Tirkişow geçirdi. Oýnuň 32-nji minutynda Abdy Bäşimowyň goly bilen «Arkadag» topary 2:1 hasabynda öňe geçdi. Duşuşygyň birinji ýarymy şu hasap bilen tamamlandy. Duşuşykdaky dördünji goly oýnuň ahyrynda «Arkadag» futbol toparyndan Begenç Akmämmedow öz adyna ýazdyrdy.

Ýö­rel­gä­miz — sport we sag­dyn­lyk

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de sport sy­ýa­sa­ty­na uly üns be­ril­ýär. «Il sag­ly­gy — ýurt baý­ly­gy» şy­ga­ryn­dan ugur alyp, mäh­ri­ban hal­ky­myz yzy­gi­der­li sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­ly­gy­ny ber­kid­ýär­ler. Şeý­le hem, ýaş ýet­gin­jek­le­ri­miz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, ýur­du­myz­da we da­şa­ry döw­let­le­riň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra sport bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, sport ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­ke­zip, Türk­me­nis­ta­nyň sport ab­ra­ýy­ny go­ra­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, sport bäs­le­şik­le­ri­niň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň sag­dyn ösü­şiň we sag­dyn ýa­şaý­şyň mekanydygyna şa­ýat­lyk ed­ýär.

Sport we gözellik

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hormatly Prezidentimiziň peş­geş be­ren aja­ýyp za­ma­na­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip ýa­şa­mak bi­ziň jan sag­ly­gy­my­za uly täsirini ýetirýär. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin ýur­du­myz­da tä­ze-tä­ze des­ga­lar gu­r­lup ulan­ylma­ga be­ril­ýär.

Woleýbolçylarymyzyň üstünligi

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy 9 — 17-nji maý aralygynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Woleýbol assosiasiýasynyň Milletler ligasyna gatnaşdy. Türkmen woleýbolçylary alty döwletiň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda kümüş medala mynasyp boldular. Halkara ýaryşda ildeşlerimiz ilkinji duşuşygyny Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirdiler. Duşuşyk 3:2 hasabynda eýranly woleýbolçylaryň peýdasyna tamamlandy. Ýöne ildeşlerimiz ruhdan düşmän, ýeňişli tapgyra badalga berdiler. Gyrgyz ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen woleýbolçylarymyz Owganystanyň ýygyndysyndan hem 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar. Deslapky tapgyryň ahyrky duşuşygynda Şri-Lankanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňen türkmen woleýbolçylary final duşuşygyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Serdar Täçnazarowyň şägirtleri finalda ýer eýeleri bolan Pakistanyň ýygyndysy bilen duşuşyp, 1:3 hasabynda asgyn geldiler.

Baýramçylyk sowgady

Paýtagtly türgen Alymmuhammet Kakalyýew ýetip gelen baýramy – Aşgabat şäheriniň gününi sowgatly garşylady. Ol Ispaniýanyň La-Korunýa şäherinde tamamlanan «Karate 1 Ýaşlar ligasynyň» dünýä tapgyryndaky halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy bu üstünligi 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 55 kg çenli agram derejesinde kumitede gazandy. Ýeri gelende bellesek, bu türkmen türgeniniň halkara ýaryşlaryndaky ilkinji medaly däldir. Alymmuhammet şu ýyl Fudžeýrada (BAE) geçirilen hut şeýle derejedäki bäsleşikde bürünç, Samarkantda guralan Merkezi Aziýanyň karate boýunça 9-njy çempionatynda altyn medallara mynasyp boldy.

Çekeleşikli tutluşyklar

Golaýda 2007 – 2009-njy hem-de 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sambo boýunça Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Mekdebiň «Köpugurly» sport zalynda guralan ýaryşlaryň her birine 100-e golaý türgen gatnaşdy. Bu ýaryşlaryň ikisinde hem toparlaýyn hasap boýunça birinji orna Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi eýe boldy. 34 kg-de Gurban Rejepow, 38 kg-de Allanur Seýitkulow, 42 kg-de Ybraýymbeg Baýramgylyjow, 46 kg-de Ýusup Atabaýew, 50 kg-de Resul Geldiýew, 55 kg-de O.Hudaýberdiýew, 60 kg-de Daniýel Rustamow, 66 kg-de B.Gulmuhammedow, +70 kg-de bolsa Hezret Hoşgeldiýew dagy 2007–2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldy.