Sport psihologiýasy
«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Sportuň psihologiýasy» diýen adalganyň peýda bolmagy häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol baryp XIX asyryň ahyrlarynda sportuň bu ulgamy barada ilkinji kitaby ýazypdyr. Şondan soň köp ýyllap hiç hili zat ýazylmandyr. Diňe geçen asyryň 30-40-njy ýyllarynda sport pudagynda psihologik barlaglar ozalky soýuzda geçirilip başlanýar. 50-60-njy ýyllarda Germaniýada, Polşada, Çehiýada, Wengriýada, Rumyniýada, has soňrak, Fransiýada, ABŞ-da, Şweýsariýada we Angliýada bu barlaglar giň gerime eýe bolýar.