"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

8 gol ge­çi­ril­se-de, ýe­ňiş ga­za­nan ýok

«Bar­se­lo­na» öz re­kor­dy­na «Rea­lyň» şä­rik bol­ma­gy­na yg­ty­ýar ber­me­di

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 11-nji tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­ny Mad­rid­de «Re­al» bi­len «Bar­se­lo­na­nyň» ara­syn­da oý­nal­dy. 258-nji res­mi «El Kla­si­ko­da» ýe­ňiş ka­ta­lon­la­ryň ta­ra­pyn­da bol­dy. 1-nji ýa­ry­my gol­suz ge­çen oýun­da «Bar­se­lo­na» ga­dym bäs­de­şi­ni 4-0 ha­sa­byn­da der­bi-da­gyn et­di. Gol­la­ry 54-nji we 56-njy mi­nut­lar­da Ro­bert Le­wan­dows­ki, 77-nji mi­nut­da Ýa­mal, 84-nji mi­nut­da-da Ra­fin­ýa ge­çir­di. Du­şu­şyk­da 8 ge­zek of­saý­ta dü­şen Mbap­pe 3-4 sa­ny örän amat­ly pur­sa­ty el­den gi­der­di. Onuň ge­çi­ren 2 go­ly-da of­saýt se­bäp­li ha­sa­ba alyn­ma­dy. Şun­luk­da, «Bar­se­lo­na» gar­şy­da­şy­ny 101-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 42 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän «Re­al Mad­ri­diň» «La Li­ga­da» ýeň­liş­siz se­ri­ýa­sy ta­mam­la­nyp, ol şu du­şu­şyk­da-da ýe­ňiş ga­za­nan ýag­da­ýyn­da «Bar­se­lo­na­nyň» re­kor­dy­na şä­rik bol­ma­ly­dy. Ýö­ne Han­si Fli­kiň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki «Bar­se­lo­na» re­kor­dyň paý­la­şyl­ma­gy­na rug­sat ber­me­di. «Bar­se­lo­na» to­pa­ry «Re­al Mad­ri­di» myh­man­çy­lyk­da şu asyr­da 7-nji ge­zek uly ha­s

Ten Ha­gyň or­nu­na Amo­rim

«Pre­mi­er Li­ga­nyň» we­ki­li «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» baş tä­lim­çi­si Erik ten Ha­gyň we­zi­pe­sin­den bo­şa­dy­lan­dy­gy­ny res­mi ýag­daý­da ha­bar ber­di. Klub ta­ra­pyn­dan ber­len be­ýa­nat­da: «Erik ten Hag «Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň» tä­lim­çi­si we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy. Oňa sagbol­sun aý­dyp, mun­dan soň­ky iş­le­rin­de-de uly üs­tün­lik ar­zuw ed­ýä­ris» di­ýil­ýär. 2022-nji ýy­lyň maý aýyn­da «Man­çes­ter Ýu­naý­te­diň» tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nen Ten Hag 1-nji möw­sü­min­de çem­pio­na­ty 3-nji orun­da ta­mam­la­dy. Kä­bir du­şu­şyk­lar­da güýç­li gar­şy­daş­la­ryn­dan uly ha­sap­ly utu­lan «Ýu­naý­ted» onuň tä­lim­çi­li­gin­de 2-nji möw­sü­mi­nde 8-nji ýe­ri eýe­le­di. Bu möw­sü­me-de 9 oýun­da 3 ýe­ňiş, 4 deň­lik bi­len baş­lan man­ku­ni­an­lar hä­zir­ki wagt­da 14-nji orun­da bar­ýar. Klub onuň tä­lim­çi­li­gin­de äh­li ýa­ryş­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da, 128 oýun ge­çir­di. Şo­la­ryň 70-sin­de ýe­ňiş ga­za­nyp, 35-sin­de utul­dy. 23 oýun­da-da deň­me-deň ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy. «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» Ten Ha­gyň tä­lim­çi­li­gin­de Li­ga Ku­bo­gy­ny (2022/23) hem-de FA

Hepdäniň esasy duşuşyklary

1-nji no­ýabr (an­na) Mo­na­ko – An­že (23:00)

Sportuň peýdasy

Alym Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabynda: «Häzirki zaman lukmançylygynda käbir näsaglyklary bejermekde sportuň hyzmaty uludyr. Esasan hem oňurga näsaglyklarynda beden türgenleşdiriji maşklardan peýdalanylmagy öz netijesini berýär» diýip, parasatly belleýär. Hakykatdan-da, tejribeleriň görkezişi ýaly, her bir ynsan näçe ýaşandygyna garamazdan, hereketde bolmalydyr. Hereketiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek, gimnastika, aerobika we maşklar bilen meşgullanmak bedeniň taplanmagyna, adamyň immunitetiniň berkemegine   itergi berýär. Pyýada ýöremek beden we ruhy sagdynlyk üçin iň ýakymly we peýdaly maşkdyr. Pyýada ýöremek üçin tämiz howaly açyk meýdana çykmaly. Islendik hereketi 5 minutlap arkaýyn ýöremekden başlamaly.

Dünýä çempionatlarynda gazanylan üstünlikler

Ýurdumyzyň türgenleri ýakynda dürli ýurtlarda geçirilen dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň depginli ösüşiniň ýene bir güwäsi boldy. 23 — 28-nji oktýabr günlerinde Gresiýanyň Iraklion şäherinde jiu-jitsu boýunça geçirilen dünýä çempionatyna 72 ýurtdan 1 müňden gowrak türgen gatnaşdy. Halkara ýaryşda ildeşlerimiziň jiu-jitsunyň HIF kombat görnüşi boýunça çykyşlary örän şowly boldy. Türgenlerimiz şol ýaryşda jemi 21 medal gazandylar. Şolaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş, 10-sy hem bürünç medallardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabyndan:

— Sport biziň döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sporty ösdürmek döwletiň ählumumy ösüşleriniň esasy mazmunynyň beýanydyr. * * *

Sport — sagdynlyk we ruhubelentlik

Sport — parahatçylygyň ilçisi

Hormatly Prezidentimiziň Hökümetiň geçen hepdede geçirilen mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasynyň hormatyna 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmek, hemmeleriň bilelikde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini guramak baradaky teklibi hyýallarymyzy talyplyk ýyllaryna alyp gitdi. Talyplygyň bäş ýylynda 8 kilometrlik belentli-pesli bu ýoly, gör, näçe gezek külterländiris. Daň säherde ýola düşüp, günortana ýakyn ýoly doly tamamlanymyzdan soň hem, ýadawlyk ýan-golaýymyza gelmezdi. Gaýtam, Saglyk ýolundan geçilen günleriň talyplygymyzyň iň işjeň günlerine öwrülendigi häli-häzirlerem ýadymda.

Sport

Gyzykly geçen ýaryşlar Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň guramagynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň saýlama tapgyry geçirildi. Onda welaýatymyzyň ussat küştçüleri özara güýç synanyşdylar. Ýaryşyň netijesine görä, zenanlaryň arasynda Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň türgeni Sähra Saparmyradowa birinji, 4-nji sport mekdebiniň türgenleri Dünýägözel Rejepmuradowa bilen Jennet Nepesowa ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Erkekleriň arasynda gyzgalaňly döwlerde Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgenleri Omarbek Ismailow birinji, Muhammetnur Baýgeldiýew ikinji, Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň türgeni Myrat Ýakubow üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy. Ýaryşda zenanlaryň we erkekleriň arasynda utuk hasaby boýunça güýçli türgenleriň onlugyna düşmegi başaran küştçüler Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Durmuşymyzyň zynaty

Beden we ruhy taýdan sagdyn, aň-paýhas taýdan kämil nesli kemala getirmek, sporty ösdürmek babatdaky giň gerimli aladalar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryndan gözbaş alan bu asylly maksat mizemez ýörelgä öwrüldi. Bu ýörelge Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda üstünliklere beslenýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Sport adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Diýmek, sport tutuş Diýarymyzy gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýan sagdynlygyň, ruhubelentligiň berk binýadydyr. Şeýle durmuş hakykatlaryndan ugur alnyp,  ýurdumyzyň her bir raýatyny, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde netijeli işleriň gerimi giňeýär. Döwlet derejesinde şunuň ýaly aladalar bilen gurşalan ýaş nesilleriň türkmen sportunyň abraýyny belende götermek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryny bellemek gerek. Ýurduň egsilmez kuwwatyna, nurana geljegine deňelý

Ýüreklerde alkyş bar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bilen baglylykda, 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi teklip etmegi ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapdy. Munuň özi Türkmenistanyň sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyny nobatdaky gezek dabaralandyrar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Watanymyzda sport-sagaldyş hereketi, köpçülikleýin bedenterbiýe sazlaşykly ösdürilýär, Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde sport düzüminiň häzirki zaman desgalary gurulýar. Bu zatlar Türkmenistan Watanymyzyň halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkeze öwrülmegine, ussat türgenleriň kemala gelmegine şert döredýär.

Woleýbol ýaryşy

Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda okuwçy gyzlaryň arasynda woleýbol ýaryşy geçirildi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde geçen woleýbol ýaryşynyň etrap tapgyryna mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Ýaryş çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Duşuşyklaryň netijesinde okuwçy gyzlaryň arasynda güýçli toparlar öňe saýlandy. Şeýlelikde, etrapdaky 25-nji orta mekdebiň topary birinji, 19-njy orta mekdebiň topary ikinji, 1-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýelemegi başardy. Ýeňiji topar ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Sport — dostluk, sagdynlyk, ruhubelentlik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu günki günde ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde beýik başlangyçlary öňe sürýär. Ähli adamzadyň parahat durmuşyna, dost-doganlyga gönükdirilen şeýle başlangyçlar dünýäniň gyzyklanmasyna, goldawyna eýe bolýar. Çünki olar röwşen geljegimiz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan başlangyçlardyr. Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu başlangyçlary öňe sürmek bilen nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagyna, sportuň ösdürilmegine giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýetginjekler futbol meýdançasynda

Ýakynda 2009 ― 2010-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýat merkezinden toparlaryň 8-si gatnaşdy. Has takygy, «Altyn ýyldyz» we «Köpetdag — Lebap» toparlarynyň her haýsyndan iki düzüm we «Owaz», «Watan», «Miras» hem-de «Nesil» toparlary birinjilik üçin ýaryşdylar. Aýlaw görnüşinde geçirilen ýaryşda birinji orny «Altyn ýyldyz» toparynyň birinji düzümi eýeledi. Halmuhammet Gurbanow tarapyndan tälim berilýän futbolçylar duşuşyklaryň aglabasyny uly hasaply ýeňiş bilen tamamladylar. Şawket Allaýarow tarapyndan tälim berilýän «Owaz» toparynyň ikinji orna mynasyp bolan ýaryşynda ilkinji üçlügi «Köpetdag — Lebabyň» birinji düzümi jemledi. Ýeňijilere ýaryşyň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen sporty şöhratlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen sportuny ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň esasynda, häzirki wagtda eziz Watanymyzda sport ulgamyny ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini buýsançly nygtamak gerek. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyz üçin örän uly abraýdyr. BMG-ä agza ýurtlaryň 87-si bu başlangyjy biragyzdan goldady. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, şu ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Ahal welaýatynyň küşt boýunça şahsy birinjiligi

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde zenanlaryň arasynda Ahal welaýatynyň küşt boýunça şahsy birinjiligi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etraplaryndan jemi 16 küştçi aýal-gyzlar gatnaşdy. Ýaryşyň ilkinji döwlerinden üstünlikli başlan Bäherden, Gökdepe, Tejen etraplarynyň küştçüleri, ahyrky netijelerini hem ýokary görkezijiler bilen tamamladylar.

«Arkadag» FK halkara ýaryşda ilkinji resmi ýeňşini gazandy

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary resmi halkara ýaryşlaryndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Has takygy, geçen hepdäniň şenbe güni geçirilen AFK-nyň Çagyryş ligasynyň «B» toparçasynyň 1-nji tapgyryndan orun alan duşuşykda ildeşlerimiz Maldiw adalarynyň «Maziýa» kluby bilen güýç synanyşdylar. Oýunda hasap 45-nji minutda garşydaş toparyň oýunçysy J.Kantillana tarapyndan açylan hem bolsa, Wladimir Baýramowyň şägirtleri ikinji ýarymda ýeňşi öz taraplaryna agdyryp bildiler. 67-nji minutda Didar Durdyýew kelle urgusy arkaly, hasaby deňledi. 76-njy minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew hem kellesi bilen derwezäni dürs nyşana aldy we türkmen toparyny hasapda öňe çykardy. Oýun 2:1 hasabynda «Arkadag» toparynyň peýdasyna tamamlandy. Şol gün «B» toparçadan orun alan Kuweýtiň «Al-Arabi» we Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» klublary hem özara güýç synanyşdylar. Oýun 1:0 hasabynda gyrgyz toparynyň ýeňşi bilen gutardy. «Arkadag» topary indiki oýnuny 29-njy oktýabrda «Abdyş-Ata» bilen geçirer.

Kibersportyň örüsi giňeýär

Kibersport dünýäde soňky ýyllarda tiz depginde ösýän platformalaryň biridir. Bazar ykdysadyýetini seljermek bilen meşgullanýan «Statista» kompaniýasy 2025-nji ýylda kibersport oýunçylarynyň sany 318 milliona ýeter diýip çaklaýar. «Forbes» žurnaly bolsa 2024-nji ýylda bu pudagyň girdejisiniň 4,3 milliard amerikan dollaryna deň bolandygyny aýdýar. Ýeri gelende bellesek, kibersport tanymal türgenleri hem özüne çekýär. Muňa mysal hökmünde, «Mançester Siti» futbol klubunyň ozalky oýunçysy Serhio Agueronyň özüniň kibersport toparyny döredendigini, MBA-nyň 6 gezek çempiony Maýkl Jordanyň «aXiomatic Gaming» kibersport toparyna 26 million amerikan dollary möçberinde maýa goýandygyny bellemek bolar.

ÝÇL-de 3-nji tapgyryň oýunlary geçirildi

Geçen hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri Ýewropanyň çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Tapgyrda birnäçe garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Hususan-da, öz öýünde «Bawariýany» kabul eden «Barselona» 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýundan öň ýer eýeleriniň ýeňşi çaklanan hem bolsa, beýle uly hasabyň bolmagy köpleri geň galdyrdy. Tapgyryň ýene bir gyzgalaňly oýnunda «Real» öz meýdançasynda Dortmundyň «Borussiýasyny» 5:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýnuň birinji ýarymyny myhman topar 2:0 hasabyndaky üstünlik bilen tamamlady. Emma ikinji ýarymda Karlo Ançelottiden tälim alýan topar 5 gol urup, ýeňşi öz tarapyna geçirmegi başardy. Oýunda 3 gola awtorlyk eden Winisius duşuşygyň gahrymanyna öwrüldi. Şeýle-de «Aston Willa» öz öýünde «Bolonýany» 2:0, «Liwerpul» myhmançylykda «Leýpsigi» 1:0, «Mançester Siti» öz öýünde «Saparta Pragany» 5:0, «Lill» bolsa myhmançylykda «Atletikony» 3:1 Hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 3-nji tapgyrdan soňra turnir tablisasynda iňlis toparlary öňdäki orunlary eýeleýärler. Has takygy, heniz utuk ýitirmedik «Aston Willa» we «Liwerpul» degişlilikde, 1-nji we 2-nji orunda barýarlar. Şeýle-de güýçli bäşlikde «Mançester Siti», «Monako» we «Brest» toparlarynyň (hemmesinde 7 utuk) ady bar.