Ynsanyň wepaly dosty
«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy özüniň aýratyn taraplary bilen tapawutlanýan baýramdyr. Bu baýram halkymyzyň öz milli gymmatlygy, buýsanjy bolan alabaý itlerine söýgi-sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Baýram güni geçirilýän dabaralarda türkmen alabaýynyň şanyna döredilen aýdym-sazlar ýaňlanyp, şygyrlar okalýar, asylly itleriň özboluşly gylyk-häsiýetleri barada gyzykly gürrüňler berilýär. Şu ýyl hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltar