"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Beýni üçin peýdaly sport görnüşleri

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Alym­la­ryň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, spor­tuň di­ňe bir beý­ni öý­jük­le­ri­niň ös­me­gi­ne kö­mek et­män, eý­sem ada­my has şäh­da­çyk ed­ýän­di­gi köp­den bä­ri mä­lim­dir. Ge­liň, bo­lup geç­ýän ýag­daý­la­ra has iç­gin se­re­de­liň!

Bagtly adamlaryň hatarynda bolmagyň syrlary

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Biz he­mi­şe bagt­ly bol­ma­gy, «Men bagt­ly!» di­ýen jüm­lä­niň lez­ze­ti­ni duý­ma­gy ar­zuw ed­ýä­ris. Bagt­ly adam­la­ryň dün­ýä­si­niň aça­ry­ny göz­le­ýä­ris. As­lyn­da, bu pi­kir­le­riň äh­li­si bi­ziň wag­ty­my­zy sarp et­mek­den baş­ga ne­ti­je ber­me­ýän­di­gi­ne bol­sa ünsem be­rem­zok. Bagt­ly bol­ma­gy öw­ren­me­giň ge­rek­li­gi bol­sa köp­çü­li­giň hy­ýa­ly­na-da gel­me­ýär. Bag­tyň ýö­nekeý­je pur­sat­lar­dy­gy­ny aň­la­mak üçin köp zat­la­ra dü­şün­mek ge­rek bol­ýar. Psi­ho­log Son­ýa Lýu­bo­mirs­kiý Mark&An­gel ne­şi­rin­dä­ki ma­ka­la­syn­da bagt te­ma­sy­na ýüz­le­nip, göz­leg­le­riň do­wa­myn­da anyk­lan bagt­ly bol­ma­ga mah­sus bo­lan birnäçe se­bäpler ha­kyn­da mag­lu­mat ber­di. Nä­hi­li şert­de ýa­şa­ýan­dy­gy­my­za ga­ra­maz­dan, biz bu mas­la­hat­la­ry he­mi­şe ula­nyp bi­le­ris.

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Sag­dyn dur­muş — bag­ty­ýar ýa­şa­ýyş

Ar­ka­dag şä­he­rin­de Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň jem­le­ri­ne we äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan maslahat geçirilidi

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gin­de «Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­si we Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yl­ha­my — döw­let­li­li­giň da­ba­ra­lan­ma­sy» at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu maslahat ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­nyň öň­ýa­nyn­da paý­tag­ty­myz­da Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň gat­naş­ma­gyn­da uly üs­tün­lik­le­re bes­le­nip ge­çen Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň jem­le­ri­ne hem-de ola­ryň äh­mi­ýe­ti­ni wa­gyz et­mä­ge ba­gyş­lan­dy.

Bedenterbiýe we sport

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň hem-de Bereket etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda Bereket etrabynyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde I orny Bereket etrabynyň 15-njy orta mekdebiniň, II orny 3-nji orta mekdebiniň, III-nji orny 17-nji orta mekdebiniň futbol toparlary eýelemegi başardylar. Bereket etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň garamagyndaky sport mekdebinde zähmet çekýän tälimçi-mugallymlar we tehniki işgärleriň arasynda sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Gyzgalaňly geçen ýaryşlaryň netijesinde baýrakly orunlara mynasyp bolanlar TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary, Bereket etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Sag­lyk — di­li­mi­ziň se­na­sy

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 «Bar za­dyň sa­ka­sy sag­lyk» diý­ýän hal­ky­myz dur­mu­şyň öze­ni, bag­tyň owal özi, be­de­niň abat­ly­gy hök­mün­de baş sag­ly­gy­ny her­ki zat­dan ile­ri goý­ýar. Sag­dyn iý­mit­len­mek, şah­sy gi­gi­ýe­na ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek, yzy­gi­der­li sport bi­len meş­gul­lan­mak be­den sag­ly­gy­my­zyň göz­ba­şy­dyr. Sag­lyk jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my gym­mat­ly­gy ha­sap­lanyl­ýar.

Döw­let­li tu­tum­la­ra ba­dal­ga

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň şan­ly se­ne­si­niň ulu­dan da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan gün­le­rin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şan­ly ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bu mej­li­si hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­k, bi­te­wü­li­k, pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lup, oňyn öz­gert­me­le­riň, tä­ze­le­ni­şiň ýo­lun­dan ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di.

«1000 söz» bäsleşigi

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap Ge­ňe­şi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň bi­le­lik­de yg­lan eden «1000 söz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­le­nil­di.

Dostlarymyzdan sowgat

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Mil­li se­ne­na­ma­my­zyň iň naý­ba­şy baý­ram­çy­ly­gy — Ga­raş­syz­lyk gü­ni tu­tuş ýur­du­myz­da giň ge­rim­de bel­le­nil­di. Il-ul­su­myz bi­len bir­lik­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi hem bu baý­ra­myň şat­ly­gy­na go­şul­dy. Soň­ky ýyl­lar­da dost­luk­ly döw­let­ler­de iri şä­her­le­riň be­lent baş­ly bi­na­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Tu­gu­nyň ýal­kym saç­ýan şe­ki­lin­de be­zäp, türk­men hal­ky­ny mil­li baý­ra­my bi­len gut­la­mak asyl­ly dä­be öw­rül­di. 27-nji sent­ýabr­da bel­le­ni­len Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li bu däp Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da do­wam et­di­ril­di.

Mag­tym­gu­ly gru­zin di­lin­de

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ry dün­ýä dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, dost­luk­ly halk­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy ber­kit­mä­ge go­şant goş­ýar. Go­laý­da be­ýik akyl­da­ryň gru­zin di­lin­dä­ki goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­ oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­di. Onuň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da «www.mfa.gov.tm» saý­tyn­da ha­bar be­ril­di.

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň V jildi

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 «Ha­ty­ra» ki­ta­by­nyň jem­leý­ji, bä­şin­ji jil­di­niň tä­ze ne­şi­ri 1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da we­pat bo­lan, şeý­le-de de­rek­siz ýi­ten es­ger­le­riň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­lan­ýar.

6-njy oktýabr — Hatyra güni

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Hal­kyň ha­ky­da­sy ba­ky­dyr

Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Türk­men be­ýik­ şahsyýetlerini el­my­da­ma hor­mat­lap, ola­ry ýü­re­gi­niň tö­rün­de ýa­şad­ýar. Hal­kyň aňyn­da ba­ky orun alan ägirt­le­riň bi­ri hem, şy­gyr­la­ry bi­len at-owa­za­sy dün­ýä do­lan da­na şa­hyr, akyl­dar, fi­lo­sof Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de akyl­dar şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ra uly äh­mi­ýet be­rip, ede­bi mi­ra­sy­ny öw­re­nip, ony dün­ýä jemgyýetçiligine ýaýyp, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek­de giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň en­çe­me mu­şak­gat­ly ýol­lar­dan ge­çip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­me­gi hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga go­ýul­ýan sar­pa­nyň çuň­ňur­dy­gy­na çürt-ke­sik gü­w

Ýörelgämiz — sagdyn durmuş

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len türk­men hal­ky­nyň hal-ýag­da­ýy­ny mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak, ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, ru­hy we be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler bi­ziň ýur­du­myz­da adam ba­ra­da­ky ala­da­nyň il­kin­ji orun­da dur­ýan­dy­gy­ny aýan ed­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň bu ýol-ýö­rel­gä­ni içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry edip al­ma­gy­nyň öz­bo­luş­ly se­bä­bi bar. Çün­ki jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy — ýur­duň aba­dan­çy­ly­gy. Di­ňe sag­dyn jem­gy­ýet bi­len ösüş­le­riň, öz­ge­riş­le­riň me­ka­ny bo­lan sars­maz, syn­maz we kuw­wat­ly döw­le­ti ber­ka­rar edip bol­ýar.

Akyldara beýik sarpa

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry bi­len türk­men da­na hem nus­ga­wy akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ab­raý-mer­te­be­si has-da ar­şa gö­te­ril­di. Ýur­du­myz­da üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy bu mu­kad­des top­rak­da akyl­da­ra go­ýul­ýan hor­ma­tyň çäk­siz­di­gi­ni ýe­ne bir gezek su­but et­di. 2024-nji ýy­lyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si, onuň ömür ýo­ly, şyg­ry­ýet äle­min­dä­ki aý­ra­tyn­lyk­lar bi­len bag­ly giň ge­rim­li çä­re­le­re ba­dal­ga be­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly dö­re­dil­di. Da­na akyl­da­ry­my­zyň şa­ny­na hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly iri dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­d

Gerçek hakynda buýsançly kelam

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 As­man gi­ňiş­li­gin­de er­ka­na ga­nat ýaý­ýan bür­gü­di göz öňü­ne ge­ti­rip gö­re­liň. Ýok, go­wu­sy, mäh­ri­ban ata-ene­si­niň oňa azan­da at edip da­kan mer­di — ba­tyr, gaý­duw­syz, güýç-kuw­wat­ly ars­la­nyň keş­bi­ni aňy­myz­da jan­lan­dy­ra­lyň. «Ars­lan» sö­zü­niň şir, pe­leň, ýol­bars di­ýen ma­ny­daş söz­le­ri bar. «Alp» sö­zi ene di­li­miz­de ba­tyr­ly­gy, gaý­duw­syz­ly­gy, mer­da­na­ly­gy aň­lad­ýar.

Ga­raş­syz­lyk — bag­tyň ga­na­ty

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Eziz Wa­ta­ny­myz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da be­ýik ösüş­ler, uly üs­tün­lik­ler we uly öz­gert­me­ler bi­len öňe bar­ýar. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my eziz ýur­du­my­zyň we türk­men hal­ky­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, asu­da­ly­gy­ny, pa­ra­hat­ly­gy­ny we ber­ka­rar­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan baý­ram­dyr. Bu aja­ýyp baý­ra­my zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­läp, eziz ýur­du­my­zy ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap öňe git­me­gi­ni üp­jün edýän Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň we mer­da­na hal­ky­my­zyň ed­ýän ta­gal­la­la­ry bel­läp ge­çer­lik­li­dir.

Okuw maslahaty

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li Mer­ke­zi­niň gu­ra­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň gat­naş­mak­la­ryn­da «Hal­ky­my­zyň joş­gun­ly, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti esa­syn­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler­de kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň tut­ýan or­ny» at­ly okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler.

Taryhy-medeni miras we syýahatçylyk

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Türk­men hal­ky şöh­rat­ly ta­ry­hy, ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­ri we mil­li mi­ra­sy bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň we jem­gy­ýet­le­ri­niň ara­syn­da öz my­na­syp or­nu­ny ta­pyp­dyr. Hal­ky­my­zyň bu aja­ýyp gym­mat­lyk­la­ry he­mi­şe adam­za­dyň üns mer­ke­zin­de sak­la­nyp, jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ryn­da kä­mil­lik ru­hun­da ke­ma­la gel­me­gin­de my­na­syp or­ny eýe­läp­dir. Şo­nuň üçin türk­men hal­ky­nyň mad­dy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na yzy­gi­der­li gi­ri­zil­ýär. Bu ba­bat­da Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz dün­ýä döw­let­le­ri we hal­ka­ra ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ry bi­len yzy­gi­der­li ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýar we gün­sa­ýyn ös­dür­ýär.

Sag­lyk bo­lar bu dur­mu­şyň göz­ba­şy

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gys­ga dö­wür­de paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, Arkadag şä­he­rin­de hem-de se­bit­le­ri­miz­de sag­ly­gy go­ra­ýyş-anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gu­rul­dy. Ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi, Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi we onuň dü­zü­min­de kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na, on­ko­lo­gi­ýa mer­ke­zi, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi, «Tiz kö­mek» mer­ke­zi, sag­lyk öýi we sag­ly­gy go­raý­şyň aw­tou­lag­lar kär­ha­na­sy ulan­ma­ga be­ril­di.