Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň

6 Oktýabr 2024
557

«7/24.tm»: №41 (22807.10.2024

Türk­men be­ýik­ şahsyýetlerini el­my­da­ma hor­mat­lap, ola­ry ýü­re­gi­niň tö­rün­de ýa­şad­ýar. Hal­kyň aňyn­da ba­ky orun alan ägirt­le­riň bi­ri hem, şy­gyr­la­ry bi­len at-owa­za­sy dün­ýä do­lan da­na şa­hyr, akyl­dar, fi­lo­sof Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de akyl­dar şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ra uly äh­mi­ýet be­rip, ede­bi mi­ra­sy­ny öw­re­nip, ony dün­ýä jemgyýetçiligine ýaýyp, gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek­de giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň en­çe­me mu­şak­gat­ly ýol­lar­dan ge­çip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­me­gi hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga go­ýul­ýan sar­pa­nyň çuň­ňur­dy­gy­na çürt-ke­sik gü­wä geç­ýär.

Gül­şat Ga­ra­ba­ýe­wa,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň sa­gal­dyş işi hü­nä­ri­niň ta­ly­by.