«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024
Gök önümler sagdyn iýmitlenmegiň iň möhüm bölekleriniň biridir. Olaryň düzüminde witaminler, minerallar we antioksidantlar ýaly peýdaly maddalar köp. Esasanam, gyş paslynda gök önümleriň peýdasy has uludyr, sebäbi olar bedeni witamin ýetmezçiliginden goraýar we immuniteti güýçlendirýär. Gyş paslynda adam bedeni Gün şöhlesiniň we hereketiň ýetmezçiliginden ejir çekýär. Bu ýagdaý immunitetiň peselmegine, nerw ulgamynyň gowşamagyna we umumy saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirip biler. Gök önümler bolsa şeýle meseleleriň öňüni almakda uly kömek berýär.