«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň hemişelik ýankitabyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem diňe bir türkmen halkymyzyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýan eserleriň biridir. Ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize miras galan milli ýörelgelerimizi, özboluşly gymmatlyklarymyzy, gaýtalanmajak ajaýyplyklary döwrebap derejede dikeldýän hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň müdimilik buýsanjyny doly derejede dünýä ýaýmak, olaryň iň gymmatly taraplaryny açyp görkezmek baradaky aladalary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde öz beýanyny tapýar. Ylmy esasda doly öwrenilmäge mynasyp bolan türkmen alabaýynyň taryhy, gelip çykyşy hem-de häzirki wagtda olaryň durmuşdaky orny baradaky wakalary, ajaýyp söhbetleri, hekaýalary özünde jemleýän bu gymmatly eseriň maňzynda uly ruhy güýç bar. Köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda eser döretmek milli mirasymyzy has-da içgin öwrenmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.