"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Türk­men ru­hu­nyň syn­ma­jak sü­tü­ni

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy — türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy, umu­ma­dam­zat şa­hy­ry, yn­san kal­by­nyň ru­hy luk­ma­ny. Şa­hy­ryň yn­san öm­ri, mer­te­be­si, adam­kär­çi­lik, hoş­ni­ýet­li­lik ba­ra­da­ky öz­bo­luş­ly pi­kir­le­ri her bir ada­my dur­muş­da­ky öz bor­jy ha­kyn­da oý­lan­ma­ga mej­bur ed­ýär. Şo­nuň üçin hem akyl­da­ryň pä­him-pa­ra­sat­dan ýüki ýe­tik çuň ma­ny­ly şy­gyr­la­ry kö­ňül­ler­de in­çe duý­gu­la­ry oýa­ryp bil­ýän­li­gi bi­len be­ýik­li­ge gö­te­ri­lip, umu­ma­dam­zat me­de­ni-ru­hy ha­sy­na­syn­da mü­di­mi orun al­dy. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry» at­ly ki­ta­byn­da: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň asyr­lar aşyp, bi­ziň döw­rü­mi­ze ge­lip ýe­ten müň dür­li öwüş­gin­li şy­gyr­la­ry, ene top­ra­gy, ata Wa­ta­ny ýü­rek­den söý­mä­ge we yn­san­per­wer­li­ge ça­gy­ryş­la­ry, pa­ra­sat­ly sar­gyt­la­ry bü­tin adam­za­dyň ru­hy gym­mat­ly­gy­na öw­rül­di» di­ýip bel­le­ýär. Şu pa­ra­sat­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, şa­hy­ryň şi­rin maz

Täze eýýamda sport ýaňy

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ýur­du­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe­ sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe hem­-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Türkmenistan — bagtyýarlyk mekany

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň mej­lis­ler za­lyn­da «Eziz Wa­tan, se­niň goý­nuň, hem geç­miş­dir, hem gel­jek» di­ýen at bi­len aý­dym-saz­ly, sah­na­ly yl­my-usu­ly çä­re ge­çi­ril­di.

Türk­men hal­ky­nyň be­ýik akyl­da­ry

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da özü­niň aja­ýyp dö­re­di­ji­li­gi bi­len öç­me­jek yz gal­dy­ran be­ýik akyl­dar­ Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Be­ýik şa­hy­ryň şyg­ry­ýet dün­ýä­sin­de türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şy öz aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Ir­gin­siz zäh­me­tiň ne­ti­je­le­ri

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Bi­li­miň, yl­myň, teh­ni­ka­nyň we teh­no­lo­gi­ýa­nyň güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­me­gi, okat­ma­gyň has amat­ly we ýo­ka­ry ne­ti­je­li in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ne giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy biz bi­lim iş­gär­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­le­re ýol aç­mak bi­len bir ha­tar­da öňü­miz­de ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we maz­mu­ny­ny yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­mak ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri goý­dy. Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da umu­my­bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2028-nji ýy­la çen­li Kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da mek­de­bi­miz­de giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Golf — şähdaçyklygyň sporty

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Sport gör­nüş­le­ri­niň için­de golf oý­ny has hem gy­zyk­ly we tä­sir­li oýun­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu oýun bi­len meş­gul­lan­ýan adam­lar şäh­da­çyk hem şa­dy­ýan bol­ýarlar. Golf oý­ny dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da ösen sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Biz, esa­san, dur­muş­da golf oý­nu­ny spor­tuň hok­keý gör­nü­şi­ne meň­zed­ýä­ris. Ýö­ne golf hok­ke­ýe meň­ze­se-de bu­zuň üs­tün­de oý­nal­ma­ýan­dy­gy we beý­le­ki kä­bir düz­gün­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu oý­nuň oý­nal­ýan meý­dan­ça­sy ýa­şyl land­şaf­ty, gö­zel­li­gi we daş­ky owa­dan­ly­gy ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hem dün­ýä halk­la­ryn­da ýa­şa­ýan adam­la­ryň 50 mil­li­on tö­we­re­gi bu oýun bi­len gy­zyk­lan­ýar. Ýö­ne bu gör­ke­zi­ji gün-gün­den bar­ha art­ýar. Bu bol­sa golf oý­nu­na is­leg bil­dir­ýän adam­la­ryň sa­ny­nyň has-da köp­dü­gi­ne su­but­na­ma bo­lup dur­ýar. Her bir sport gör­nü­şin­de bel­li bir mak­sat bol­ýar, my­sal üçin, bas­ket­bol oý­nun­da pök­gi­ni se­be­te sal­mak, fut­zal­da pök­g

Futbolda iň ýakymly ýatlamam

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ýa­kyn­da sport te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň bi­rin­de bir söh­bet­deş­li­ge ga­bat gel­dim. On­da «Bar­se­lo­na» fut­bol to­pa­ry­nyň öň­ki fut­bol­çy­sy Kris­ti­an Tel­lo sport žur­na­lis­ti­niň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­ýär­di.

Üs­tün­lik

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Her bir adam dur­muş­da üs­tün­lik ga­zan­mak is­le­ýär. Üs­tün­li­giň sy­ry diý­lip, köp zat aý­dyl­ýar, ýö­ne ha­ky­kat­da ol ýö­ne­keý. Üs­tün­lik is­leg­den we mak­sa­dy­ňy anyk kes­git­le­mek­den baş­lan­ýar. Dür­li fi­lo­sof­lar we alym­lar bu ba­ra­da dür­li pi­kir­leri or­ta at­ýar­lar. My­sal üçin, türk­men be­ýik şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy bol­sa, ylym we ah­lak­ly­lyk ar­ka­ly ru­hy kä­mil­leş­me­giň üs­tün­li­ge alyp bar­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.

Ta­lyp spor­ty ro­waç­lan­ýar

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ni baş­dan ge­çir­ýän eziz Di­ýa­ry­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry bat­ly ga­dam­lar bi­len ös­dü­ril­ýär. Bu ugur­da ýur­du­myz­da dür­li pu­dak­lar­da zäh­met çek­jek hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Aý­ra­tyn-da, ýaş hü­när­men­le­riň sag­dyn be­den­li, sag­dyn ruh­ly bol­ma­gyn­da sport tür­gen­le­şik iş­le­ri­niň ge­ri­mi has-da gi­ňe­ýär.

Eko­lo­gi­ýa we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ýa­şa­ýan gurşawymyz — bu bi­ziň öýü­miz. Ony go­rap sak­la­mak ýer ýü­zün­de ýa­şa­ýan her bir yn­sa­nyň mu­kad­des bor­ju­dyr. Jem­gy­ýe­tiň sy­ýa­sy gu­ra­ma­sy hök­mün­de döw­le­tiň eko­lo­gik we­zi­pe­si onuň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän we­zi­pe­le­ri­niň ul­ga­myn­da aý­ra­tyn orun tut­ýar. Jem­gy­ýe­tiň we te­bi­ga­tyň öza­ra gat­na­şy­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň art­ma­gy, eko­lo­gik ýag­da­ýyň ýi­ti­leş­me­gi döw­le­tiň içer­ki we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de öz­baş­dak eko­lo­gik we­zi­pä­niň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­di. Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, te­bi­gy se­riş­de­ler ada­myň ýa­şaý­şy­nyň we işi­niň esa­sy hök­mün­de re­je­li peý­da­lan­ma­ga we go­ral­ma­ga de­gişl­dir. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ada­myň, ra­ýa­tyň eko­lo­gik hu­kuk­la­ry­ny go­ra­ýar, ke­pil­len­dir­ýär.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş­la­ry­my­zyň be­den taý­dan sag­dyn, ru­hy taý­dan kä­mil bol­mak­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we we­la­ýat­lar­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän sport des­ga­la­ry, sport mek­dep­le­ri yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Mu­nuň özi hal­ky­myz­da, aý­ra­tyn hem, ýaş tür­gen­le­ri­miz­de uly buý­sanç dö­red­ýär, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.

Ak öýleriň ýaraşygy

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmeniň keçe sungatydyr. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän bu inçe senet ýylsaýyn il arasynda öz gymmatyny barha artdyrýar. Türkmen gelin-gyzlary keçe basmak işiniň inçe syrlaryny ýitirmän, milli keçelerimizi täze öwüşgin bilen baýlaşdyrýarlar. Keçeleriň dürli görnüşleri bolup, olar häzirki günlerde hem gündelik durmuşda giňden ulanylýar. Goşma keçe, ýan keçe, ojakbaşy, tör keçe ýaly keçelere salynýan nagyşlar hem biri-birinden tapawutlydyr.

Sportdaky rekordlar

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 200 met­re kebelekläp ýüz­mek­de dün­ýä re­kor­dy­ tä­ze­le­ndi

Na­gyş­ly pök­gi

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Ça­ga­la­ryň oý­na­ýan oý­na­waç­la­ry­nyň ara­syn­da iň go­wy gö­rül­ýän oý­na­waç­la­ryň bi­ri hem pök­güdir. Hä­zir­ki dö­wür­de pök­gü­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Re­zin­den, de­ri­den ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­dä­ki pök­gü­le­re her bir öý­de duş­mak bol­ýar. Ýö­ne me­niň gür­rü­ňi­ni et­jek bol­ýan pök­gim ol pök­gü­le­re meň­ze­me­ýän ma­ta pök­gü­ler ba­ra­da. Siz ma­ta­dan ti­ki­len pök­gü­ler ba­ra­da eşi­dip gö­rüp­mi­di­ňiz? Dog­ry, hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de bu ba­ra­da il­ki eşi­de­nem, ýa du­şa­nam bir­ba­da geň gal­sa ge­rek. Biz bu ba­ra­da mek­de­bi­mi­ziň türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty mu­gal­ly­my Ba­har An­na­şo­wa­dan eşit­dik. Ba­har mu­gal­ly­m il­ki geç­miş­de ene-ma­ma­la­ry­my­zyň ti­kin­çi­li­ge, el iş­le­ri­ne ga­ty ök­de bo­lan­dy­gy, bu ga­dy­my hü­nä­riň sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­lip, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­ri­lip gel­nen­di­gi ba­ra­da, türk­men ze­na­nla­ry­nyň el­le­ri­niň zäh­me­tin­den, ze­hin-yh­la­syn­dan dö­rän ne­pis el

Çöple, öwren, peýdalan!

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Dö­re­di­ji­lik dün­ýä­sin­den dem al­ýan adam­la­ryň esa­sy hä­si­ýet­le­ri­niň bi­ri ge­çi­ri­ji­lik uky­by­dyr. He­mi­şe göz­leg­de bol­mak. Ge­rek za­dy­ňy gö­re­niň­de ta­na­mak we oňa eýe çyk­mak. Şeý­di­bem, ony ile ti­mar­lap gaý­dyp ber­mek.

Dil­ler dün­ýä­si­ne sy­ýa­hat

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­me­giň peý­da­la­ry köp­dür­lü­dir. Bir­nä­çe di­li bil­mek di­ňe bir şah­sy ösüş we bi­lim taý­dan peý­da­ly bol­man, eý­sem, jem­gy­ýet­de has tä­sir­li gat­na­şyk gur­mak, iş­le­ýiş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek, şeý­le-de me­de­ni­ýet­le­ri öw­ren­mek üçin ýol­la­ry aç­ýar. Ge­liň, köp dil bil­me­giň äh­mi­ýe­ti, haý­sy di­li öw­ren­me­giň aň­sat­dy­gy ýa-da kyn­dy­gy dog­ru­syn­da pi­kir ýö­re­de­liň!

Lift ba­ra­da bil­ýär­di­ňiz­mi?

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Adam­zat ta­ry­hyn­da iň go­wy oý­lap ta­pyş­la­ryň bi­ri bo­lan lift geç­miş bi­len tä­ze döw­rüň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny bir­leş­dir­ýär. Lif­tiň döw­re­bap­ly­gy we bu en­ja­myň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry ýy­lyň-­ýy­ly­na ös­dü­ril­ýär, tä­ze­çe gör­nüş­de iş­le­nip dü­zül­ýär. lift­dä­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri hem ýo­lag­çy­la­ra ni­ýet­le­nen ýüz gö­rül­ýän aý­na­nyň bol­ma­gy­dyr. Eý­sem, nä­me üçin ýo­kar­ky gat­la­ra adam­la­ry we ýük­le­ri da­şa­ýan bu en­jam­da aý­na go­ýul­ýar­ka?

Bu ýurtlarda hiç kim üşemeýär

«7/24.tm»: №45 (232) 04.11.2024 Dün­ýä ýurt­la­ry­nyň her­si­niň özü­ne mah­sus te­bi­gy gur­şa­wy we ho­wa gu­şak­ly­gy bar. Kä­bir ýurt­da bir­nä­çe ho­wa gu­şak­ly­gy (ek­wa­to­ri­al, su­bek­wa­to­ri­al, tro­pik, subt­ro­pik, aram, ark­ti­ka, su­bark­ti­ka) bar bol­sa, kä­bi­ri şol bir ho­wa gu­şak­ly­gyn­da ýer­leş­ýär. Ýurt­la­ry ho­wa şer­ti­ne gö­rä, so­wuk, ys­sy, gu­rak, ýa­gyn­ly, ýel­li ýurt­lar ýa­ly to­par­la­ra böl­mek müm­kin. Kä­bir ýurt­da hiç wagt ys­sy bol­ma­ýan bol­sa, kä­bi­rin­de ýy­lyň do­wa­myn­da ýe­ke­je ge­ze­gem gar ýag­ma­ýar. Ys­sy ýurt­lar ady­ny alan Pu­er­to-Ri­ko, Wa­nua­tu, Wir­gin ada­la­ry, Gu­am, Mü­sür ýa­ly ýurt­lar­da hiç wagt so­wuk bol­ma­ýar. Hat­da bu ýurt­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry so­wuk ho­wa di­ýen dü­şün­jä­ni ýat­dan çy­ka­ryp­dyr­lar. Biz bol­sa gyş pas­ly­nyň ýa­kyn­la­ma­gy­ny göz öňün­de tu­tup, si­zi dün­ýä­dä­ki iň ys­sy ýurt­lar, has dog­ru­sy, gyş pas­ly­nyň to­mu­sa meň­ze­ýän ýurt­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti XVI BRIcS Sam­mi­ti­ne gat­naş­dy

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň ikin­ji gü­nün­de hormatly Pre­zi­dentimiz Ka­zan şä­he­rin­de il­kin­ji ge­zek gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de ge­çi­ril­ýän XVI BRICS Sam­mi­ti­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne Ta­ta­rys­ta­nyň «Dus­lyk» or­de­ni gow­şu­ryl­dy

«7/24.tm»: №44 (231) 28.10.2024 Dün­ýä­niň 30-dan gow­rak ýur­dun­dan ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet­le­ri, umu­my­lyk­da 20 müň­den gow­rak myh­ma­ny Ka­zan­da jem­län XVI BRICS sam­mi­ti iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek üçin hem ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di. Sam­mi­tiň çä­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­now bi­len du­şuş­dy.