"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Ýaşlar Watanyň daýanjy

Edebiýat diňe bir milli edebiýatyň çygrynda ýaşap ýörenliginde, onuň örüsi dar bolýar. Haçan-da, milli edebiýat dünýä halklarynyň eserleri bilen sazlaşykly ösdürilende täze belentlige ýetip biler. Bu ýagdaý edebiýatyň ähli döwürlerinde şeýle bolupdy we geljekde-de şeýle bolmagynda galar. Meniň pikirimçe, döwür, jemgyýet, edebiýat we ýaşlyk bular biri-biri bilen utgaşykly alnyp gidilende, çeper eserler joşgunly hem täsirli bolýar. Çünki edebiýatyň süňňi ýaşlyga ýugrulanda, onuň ruhy dünýäsi täze öwüşginli, joşgunly bolýar. Paýhas bilen ýaşlyk joşguny utgaşykly alnyp gidilende, edebiýatyň sarpasy has-da belende göterilýär. Başgaça aýdanymyzda, joşgun we paýhas, ýaşlyk we gojalyk, geçmiş we geljek özara sazlaşmalydyrlar. Şonuň üçinem biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini täze ruhda, giň gerimde dabaralandyrýarys. Halypa-şägirtlik ýollary diýlende, uly ýaşly döredijilik adamy seniň eliňden tutup, goşgy ýazmagy, eser ýazmagy öwredip bilmeýär. Bu ýagdaýy her bir dörediji ýaşlaryň özi bilmeli. Olaryň öz ruhy dünýäsine golaý okaýan awtorlary bolmaly. Esasanam, döredijilik adamynyň, has dogrusy, ýaş döredijileriň baş halypasy durmuş hem-de özleriniň ykbaly bolmaly. Tarp

GYMMATLY MIRASYŇ BEÝIK SARPASY

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem äşgär edýär. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň soňky nesillere miras galdyran eserleri sözüň doly manysynda terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watansöýüjilige, mertlige, lebzihalallyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary gadyr-gymmaty bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aşynyň bir suprada taýýar kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygarlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyry

Ät-owazy dünýä dolan Diýarym

Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrýan halkymyzyň ruhy belent. Bu şanly senäniň buýsanjy ýüreklere ylham eçilýär, göwünlere ganat baglaýar. Akyldar şahyryň ynsana paýhas paýlaýan şygyrlaryny, geçen durmuş ýoluny öwrenmek, olary ýaş nesillere ýetirmek we wagyz-nesihat etmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Welaýatymyzda yzygiderli geçirilýän dabaraly maslahatlarda, döredijilik duşuşyklarynda, edebiýat agşamlarynda dana Pyragynyň poeziýasy hakynda gyzykly söhbet edilýär. Syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem şeýle işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýetmek bardyr arzuwlaryň ajabyna, Çagyryş bar toýly günleň gujagyna

Hawa, Arkadag şäheri dogrudanam bagtyň şäheri, bagtlylaryň şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen bu şäher dünýäniň ähli gözelligini özünde jemläpdir. Şol ajaýyplygyň, gözelligiň gujagynda tutulan toý bolsa bagtyýarlygyň jarçysy bolup alyslara ýaň saldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşan Medeniýet hepdeliginiň dabarasy dünýä doldy. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýedi günläp toý tutdy. Kalby Watana bolan buýsançdan, söýgüden doly biz — ýaşlara hem şol toýa gatnaşmak bagty miýesser etdi. Ajaýyp röwüşde bezelen bu şäher ykballara bagt nuruny paýlap, köňüllere ylham eçildi. Doganlary, dostlary, halypa-şägitleri ylhamyň joşýan mekanyna jemledi. Täze-täze tanyşlyklara, dostluga mümkinçilik döretdi. Ol ýerde ýurdumyzyň belli artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edildi, ýazyjy-şahyrlaryň täze eserleri diňlenildi. Olara özara pikir alyşmaga, duýgularyny paýlaşmaga, dostlaşmaga şertler döredi. Medeniýet hepdeliginiň ýakymly ýatlamalary mähribanlyk bolup kalplara dolýar. Şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň:

Nurana ykbalyň eýeleri

Ata Watanymyz — çaga gülküleriniň belentden ýaňlanýan, olaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ýurdy. Şonuň üçinem güneşli Diýarymyzda röwşen geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyna, kämil bilim we terbiýe almagyna gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Olaryň asuda durmuşda ýaşamaklary, döwrebap dynç almaklary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde bilim-terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar nesilleri döredijilige ruhlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, dürli mazmunly çäreleriň, bäsleşikleriň hem-de sport ýaryşlarynyň guralmagy olaryň has zehinlilerini ýüze çykarmakda we başarnyklaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Watanymyzyň guwanjy bolan çagalar ýurdumyzyň ertirki nurana ykbalynyň eýeleridir. Tomus paslynyň gelmegi bilen, bagtyýar körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gapylaryny giňden açmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, döwrebap dynç almaklary baradaky aladalarynyň subutnamasydyr. Halkymyza şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimi

Halypa hakynda söz

Ýazmak — ykbalyň peşgeşi Owaly oglanlyk, öýlesi gojalyk bolan gadymy dünýäde juwan ýaşaýyş dowam edýär. Bu iki möwrit arasynda her kim öz ýodasyny-ýoluny agtarýar. Tapanlar tapýar, «yhlas bilen bir kämilge gol bermedikler» bolsa gazygynyň daşynda aýlana-aýlana, örklenen ýerinde galyberýär. Diýmek, ýaşaýyş öňe gitmegi, ýyllar kämilleşmegi, durmuş öz ýoluňy tapmagy talap edýär. Şunda döretmek bagty nesip edenleriň alnyna uly ykbalyň ýazylýandygyny bellemek gerek. Ýazmak — bakylyga dahylly bolup, dowamata ýol salmak; beýniňi işe girizip, ýüregiňi goýup, mümkinçiligiňi saldarlamaga şert; özüň kimdigiňe göz ýetirmek; dünýä iň oňat duýgulary ýaýmak. Diýmek, ýazmak — ykbalyň peşgeşi. Şeýle peşgeşden paýly halypa žurnalist, şahyr Hojaberdi Çaryýewiň ençeme ýazyjy-şahyrlaryň ilkinji kämillik mekdebini geçen «Maru — şahu jahan» gazetinde işe başlanyna tegelek elli ýyl — ýarym asyr dolýar.

Paýhasly pikirler

Iň ýokary paýhas ýagşylygy we ýamanlygy tapawutlandyryp bilmekdir.Sokrat.*  *  *Ukyply adam ýene-de has ukyply bolmak isleginden ejir çekýär.Konfusiý.*  *  *Seniň ilkinji kanunyň özüňe bolan hormatyň bolmalydyr.Pifagor.*  *  *Eždatlaryňa hormatsyzlyk ahlaksyzlygyň birinji alamatydyr. Aleksandr Puşkin.*  *  *Eger-de siziň gideniňizi hiç kim aňmadyk bolsa, onda siz ýöne ýere gitmänsiňiz.Lew Tolstoý.*  *  *Paýhasly adamyň hakyky alamaty onuň sabyrlylygydyr.Genrik Ibsen.*  *  *Gahar-gazap hemişe erbet maslahatçy hasaplanýar.Emil Zolýa.*  *  *Iş ähli bela-beterleriň iň gowy dermanydyr.Ernest Hemingueý.

Asudalygyň goragynda

Sagdyn durmuşyň höziri Türkmen halky geçmişde-de neşekeşligi, çilimkeşligi, naskeşligi ýazgarypdyr. Bu hakykata nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerindenem göz ýetirmek bolýar. Sebäbi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän maşgala agzybir, bagtly bolup, rysgal-döwleti artýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny üpjün etmäge gönükdirilen degerli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle tagallalaryň netijesinde gürrüňi edilýän meseläniň çözgüdinde uly üstünlikler gazanylýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ruhubelentligiň ýörelgesi Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň maksady neşekeşligi we beýleki zyýanly endikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Sagdyn durmuş ilatyň saglygyny goramakda, maşgalalaryň agzybirligini, jemgyýetimiziň jebisligini, mäkämligini üpjün etmekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem neşekeşlik bilen birlikde, arakhorlugyň, çilimkeşligiň we naskeşligiň öňüni almak bilen bagly çärelerem möhüm işe öwrülýär.

Şadyýan tomus — 2024

Giň mümkinçilikler döredilýär Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip, olar eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde açylyp, ulanylmaga berilýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alýarlar, wagtlaryny sapaly hem hoş geçirýärler. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri çagalary tapgyrma-tapgyr kabul edýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň işgärleriniň çagalary “Nesil”, “Çeşme”, “Şöhle” we “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaga ugradylýar. Çagalaryň dynç alyş döwrüniň 1-nji tapgyrynda 150, 2-nji tapgyrynda 160 çaga merkezlerde dynç alyp, möwsümiň 3-nji tapgyrynda 200-e golaý çaganyň dynç almaga gitmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa, çagalar hakynda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

“01” gullugynda

Himiýa önümleriniň ýangyn howpsuzlygy Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň 3-nji otrýadynyň ÝHB-niň ýangyn gözegçiliginiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begenç BAÝJAÝEW bilen duşuşyp, himiýa önümleri saklananda, daşalanda we ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

“01” gullugynda

Himiýa önümleriniň ýangyn howpsuzlygy Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň 3-nji otrýadynyň ÝHB-niň ýangyn gözegçiliginiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begenç BAÝJAÝEW bilen duşuşyp, himiýa önümleri saklananda, daşalanda we ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

It — wepa

(Bolan waka) Güýz paslynyň bir günüdi. Howa sowap, çigrek düşüpdi. Uly goýun sürüsi selin-sazakly Maýa bozlan çölüniň içi bilen suwly howza tarap eňip barýardy.

Kämil kanunçylyk ― ösüşleriň binýady

Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagynda we berjaý edilmeginde, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda Konstitusiýa möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine we kadalaryna pugta eýerilip, biziň döwletimizde syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim babatyndaky ösüşlerimiziň bitewi ulgamyny öz içine alýan özgertmeler amala aşyrylýar, kanunlar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän, döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä berk eýerilýär. Netijede ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşini dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan derejelere çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman ulag, aragatnaşyk ulgamyny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherl

Täsirli geçen söhbetdeşlik

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermegi bilen baglylykda, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan işjeň agzalaryň gatnaşmagynda baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «tegelek stoluň» başynda guralan söhbetdeşlik hem täsirli çäreleriň biri boldy. Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan ugur alyp, gadymy Änew medeniýeti, bu topragyň şan-şöhrata beslenen taryhy we şu günki barha özgerýän keşbi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Bu gün halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakda aýdylanlar hem ünsi çekiji boldy.

Döredijiligiň we ruhubelentligiň baýramy

Bagtyýar türkmen ili 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabaralara besläp belläp geçdi. Ýurdumyzyň abadanlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ruhubelentliginiň we döredijiligiň baýramy hökmünde giňden dabaralandyrylan şanly sene gadymy Ahal ýaýlasynda hem baý dabaralara utgaşdy. Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde — akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen dabara göwün göteriji duýgulara beslendi. Welaýat häkimligi, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan dabara edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar hem-de medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdy.

Berekediň başy — bugdaý

Güneşli Diýarymyzda galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde guralan «Berekediň başy — bugdaý» atly sergi-bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, zähmet toparlarynyň ugurtapyjylygyny, täzeçillige ymtylyşlaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen sergi-bäsleşige welaýatymyzyň etraplaryndan toparlar gatnaşdy. Olar bugdaý desseleridir dänelerden taýýarlan dürli şekilleriniň sergisini guradylar. Muzeýiň giň eýwanyny bezän owadan, göze gelüwli şekilleriň sergisi ünsi çekiji boldy. Özboluşly bäsleşige gatnaşyjylar sergä hödürlän işleriniň her biri hakda gürrüň berdiler. Ylaýta-da, bugdaý desselerini saýlap alyşlary, bugdaý desseleridir dänelerden dürli şekilleri ýasamagyň aýratynlyklary hakdaky täsirli gürrüňleri gyzyklanma bilen diňlendi. Olar ýerine ýetiren we sergide görkezen owadan şekillerini goşgy setirlerinde labyzly wasp etmekde hem ukybyny görkezdiler.

Ýaşlygyň ýakymy (obama syýahat)

Ýaşlyk ýyllarymyň ýakymly ýatlamalaryny goýnunda saklap oturan obam bu gün gözlerime enem ýaly eziz, atam ýaly arzyly görünýär. Çünki men enemdir atamyň gujagynda önüp-ösüp, kemala gelşim ýaly, obamyň hem gujagynda ösüp, mähri bilen gurşalypdym. Oba diýilse gulagymda hüwdiniň sesi ýaňlanyp, kalbymda guşlar nagma kakyberýär. Oba agzalanda pikirlerim çar ýana atygsap, ganatly guşa öwrülýär-de alyslara uçuberýär. Syn edip otursak adam ömri üç bölege bölünýän eken. Olaryň birinjisi elwan gülli ýazlar ýaly çagalygymyz, joşgunly siller ýaly ýetginjekligimiz. Bu ýyllar nähili süýji bolsa-da, onuň tagamynyň, lezzetiniň manysyna akyl ýetirip ýetişmänkäk deňimizden ýyldyrym çaltlygynda geçip gidýär. Ömrüň ikinji böleginde tomus ýaly gyzgyn ýürekli ýaşlygymyz bar. Onda ilkinji söýgi, durmuşa aýgytly ädilýän ädimler, biziň geljekde kim, nähili adam boljakdygymyz hakyndaky çözgütleriň başlangyjy, gör, näçe sany öňde goýulýan maksatlar, arzuwlardyr hyýallar bolýar.

Lezzetli nygmat

Tagamynyň datlylygy bilen tapawutlanýan «Çupa çups» süýjüsi çagalaryň arasynda uly höwes bildirilýän kemputlaryň biridir. Süýjiniň bu görnüşiniň emele geliş taryhy hem özüne çekiji. Dürli süýjüliklerdir köke önümlerini öndürýän kärhananyň ýolbaşçysy Enrike Bernat bir zenanyň süýji iýensoň, elini-ýüzüni şire-şepbik eden perzendine käýäp duranyny görende, pikire batypdyr. Ol çagalaryň el-ýüzüni, egin-eşigini hapalamaýan süýjiniň görnüşini döretmegiň ugruna çykypdyr. Enrike Bernadyň şol döwür marmelad öndürýän kärhanasy bar eken. Telekeçi nähili bolanda süýjiniň şiresiniň çaganyň üst-başyna degmejekdigini, eliniň-ýüzüniň şire bolmajakdygyny göz öňüne getiripdir. Birnäçe tejribeden soň, ugurtapyjy Enrike Bernat süýjini çöpe ildirip görüpdir we şonda garaşylýan netijäni alypdyr.

Bugdaýdan taýýarlanan şekilleriň bäsleşigi

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň zähmete werziş gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna 1 million tonnadan geçirip, bugdaý hasylyny tabşyryp, işlerini üstünlikli depginde dowam etdirýärler. Olaryň gazanan üstünliklerini goşalandyrmak maksady bilen, geçen hepdäniň çarşenbe güni Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi Ak bugdaý Milli muzeýinde «Berekediň başy — bugdaý» atly bäsleşigini geçirdi. Welaýat derejesinde geçirilen bu bäsleşige 7 etrapdan şekil ýasamaga höwesek kärendeçiler bugdaý dänelerinden, hoşalaryndan hem-de samanyndan taýýarlan şekilleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyrynda bugdaý desseleriniň dürli görnüşleri hödürlenen bolsa, ikinji tapgyrynda bugdaý samanyndan ýasalan şekiller görkezildi.