Ýaşlar Watanyň daýanjy

3 Iýul 2024
272

Edebiýat diňe bir milli edebiýatyň çygrynda ýaşap ýörenliginde, onuň örüsi dar bolýar. Haçan-da, milli edebiýat dünýä halklarynyň eserleri bilen sazlaşykly ösdürilende täze belentlige ýetip biler. Bu ýagdaý edebiýatyň ähli döwürlerinde şeýle bolupdy we geljekde-de şeýle bolmagynda galar. Meniň pikirimçe, döwür, jemgyýet, edebiýat we ýaşlyk bular biri-biri bilen utgaşykly alnyp gidilende, çeper eserler joşgunly hem täsirli bolýar. Çünki edebiýatyň süňňi ýaşlyga ýugrulanda, onuň ruhy dünýäsi täze öwüşginli, joşgunly bolýar. Paýhas bilen ýaşlyk joşguny utgaşykly alnyp gidilende, edebiýatyň sarpasy has-da belende göterilýär. Başgaça aýdanymyzda, joşgun we paýhas, ýaşlyk we gojalyk, geçmiş we geljek özara sazlaşmalydyrlar. Şonuň üçinem biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini täze ruhda, giň gerimde dabaralandyrýarys. Halypa-şägirtlik ýollary diýlende, uly ýaşly döredijilik adamy seniň eliňden tutup, goşgy ýazmagy, eser ýazmagy öwredip bilmeýär. Bu ýagdaýy her bir dörediji ýaşlaryň özi bilmeli. Olaryň öz ruhy dünýäsine golaý okaýan awtorlary bolmaly. Esasanam, döredijilik adamynyň, has dogrusy, ýaş döredijileriň baş halypasy durmuş hem-de özleriniň ykbaly bolmaly. Tarpdan döreýän şahyr, ýazyjy, döredijilik işgäri ýok. Alan terbiýäme hem durmuş tejribäme esaslanyp, şeýle netije çykarýaryn: edebiýatçy bolmak üçin hem ylym-bilim, sowat gerek. Köp okamaly, köp diňlemeli. Köp bilip, az gürläp, sözleriňi, sözlemleriňi gunt düşen ýaly ykjamlamaly. Ylymdan hem durmuş tejribesinden ýüküň ýetik bolmaly. Takyk ylymlardanam başyň çyksa, şonda döredijiligiňdäki pikir ýöretmeleriň aýdyň hem ýagty bolýar. Edebiýatçy bolmak üçin diňe bir edebiýatdan däl, fizikadanam, matematikadanam, filosofiýadanam, taryhdanam, psihologiýadanam, logikadanam, geografiýadanam, astronomiýadanam başyň çyksa gowy. Olaryň ählisi seniň döredýän eserleriňe siňýär hem eseriň gahrymanyny dogry pikir ýöretmäge ugrukdyrýar. Edebiýatçy bolmak üçin, syýasatdanam, jemgyýetçilik garaýyşlaryndanam başyň çykmagy hökmanydyr. Dünýäniň ähli güýçli ýazyjy-şahyrlarynyň terjimehalyna ýüzlenenimizde, muňa aňryýany bilen göz ýetirip bilýäris. Edebiýata şeýle kesgitleme beresim gelýär:

Edebiýat — ruhyýet!

Beýleki habarlar