Şadyýan tomus — 2024

3 Iýul 2024
216

Giň mümkinçilikler döredilýär

Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip, olar eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde açylyp, ulanylmaga berilýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alýarlar, wagtlaryny sapaly hem hoş geçirýärler. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri çagalary tapgyrma-tapgyr kabul edýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň işgärleriniň çagalary “Nesil”, “Çeşme”, “Şöhle” we “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaga ugradylýar. Çagalaryň dynç alyş döwrüniň 1-nji tapgyrynda 150, 2-nji tapgyrynda 160 çaga merkezlerde dynç alyp, möwsümiň 3-nji tapgyrynda 200-e golaý çaganyň dynç almaga gitmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa, çagalar hakynda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Beýleki habarlar