GYMMATLY MIRASYŇ BEÝIK SARPASY

3 Iýul 2024
257

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem äşgär edýär.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň soňky nesillere miras galdyran eserleri sözüň doly manysynda terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watansöýüjilige, mertlige, lebzihalallyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary gadyr-gymmaty bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aşynyň bir suprada taýýar kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygarlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär.

Beýleki habarlar