Nurana ykbalyň eýeleri

3 Iýul 2024
273

Ata Watanymyz — çaga gülküleriniň belentden ýaňlanýan, olaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ýurdy. Şonuň üçinem güneşli Diýarymyzda röwşen geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyna, kämil bilim we terbiýe almagyna gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Olaryň asuda durmuşda ýaşamaklary, döwrebap dynç almaklary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde bilim-terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar nesilleri döredijilige ruhlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, dürli mazmunly çäreleriň, bäsleşikleriň hem-de sport ýaryşlarynyň guralmagy olaryň has zehinlilerini ýüze çykarmakda we başarnyklaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Watanymyzyň guwanjy bolan çagalar ýurdumyzyň ertirki nurana ykbalynyň eýeleridir. Tomus paslynyň gelmegi bilen, bagtyýar körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gapylaryny giňden açmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, döwrebap dynç almaklary baradaky aladalarynyň subutnamasydyr. Halkymyza şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.

Baýramgül SAFAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar