"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Watandaşlarymyz haj parzyny berjaý etdiler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Düýn bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular. Türkmen zyýaratçylary ýörite uçarda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldiler. Soňra bolsa döwrebap awtobuslarda “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar. Yslam dünýäsiniň özboluşly merkezine öwrülen iki mukaddeslige tagzym eden watandaşlarymyzyň zyýaraty jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň, asylly ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Olar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylygyň, dostlukly gatnaşyklaryň berkarar bolmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly hajy Serdarymyza we hajy Arkadagymyza hoşallyk sözl

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

Aşgabat, 9-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi. Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda nygtalyşy ýaly, saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi we Türkmenistanyň saýlap alan demokratik ýoluna hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adam gatnaşdy. Bu bolsa bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdir.

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe çykýan esasy aýratynlyk adam, adamzat düşünjeleriniň açylmagynda jemlenýär. Şunuň özi şahyryň «Adamzat», «Söhbet ýagşydyr», «Mal ýagşy», «Gözlär men», «Delalat ýagşy» şygyrlarynda gönüden-göni adamzada ýüzlenmede we adamyň pikirleriniň we dünýägaraýşynyň anyk teswirlenmelerinde ýüze çykýar. Şahyryň döredijiliginiň esasynda adam hakyndaky taglymat uly orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda, şahyryň döredijilik dünýäsi tutuşlygyna adama, adamzada gönükdirilen pikirlerde açylýar. «Delalat ýagşy» şygrynda : Asla adamzada ajy söz urma,Pakyra-misgine delalat ýagşy.

Gökdere — şatlyk mekany

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda sport, medeni dynç alyş dabarasy geçirildi. Möwsümiň ikinji tapgyrynda merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar oňa uly höwes bilen gatnaşdylar. Milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny açyp görkezýän sergi bilen tanyşmakdan başlanan çäre gyzykly tomaşalara utgaşdy. Okuwçy gyzlaryň el hünärine degişli işleri ýerine ýetirýän pursatlary has-da ünsi çekiji boldy. Suratkeş çagalaryň bu ýerdäki gyzykly pursatlary şekillendiriş sungatynda beýan etmekleri we öz eserleriniň sergisini guramaklary ýakymly duýgulary peşgeş berdi. Ruhubelentlige beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň owazy bolsa, uzaklara aşdy.

Sport ýaryşlary uly üstünliklere beslendi

Çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň şadyýan we ýatda galyjy pursatlara beslenmegi üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýörite çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Dynç alyş möwsüminde çäreleriň täsirli geçmegi we olara çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklary üçin guramaçylyk işlerine has uly üns berilýär. Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» atly sportuň hereketli we sanly görnüşi boýunça ýaryşlar uly ruhubelentlige beslendi. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilelikde guradylar. «Sagdyn nesil — bagtyýar geljek» atly sportuň hereketli we sanly görnüşi boýunça guralan ýaryşlaryň esasy maksady tomusky dynç alyş möwsüminde bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini wagyz etmekden ybarat boldy.

Hasyl ussatlarynyň zähmet ýeňşi

Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimize daşoguzly gallaçylaryň 270 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, zähmet üstünligini gazanandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatymyzyň edermen hasyl ussatlarynyň gazanan zähmet üstünligi bilen gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etmegi ähli halkymyz bilen birlikde, welaýatymyzyň edermen gallaçy kärendeçilerini hem diýseň guwandyrdy, buýsandyrdy. Welaýat häkimliginde bu şanly waka mynasybetli maslahat geçirildi. Onuň dowamynda galla oragy möwsüminde yhlasly zähmet çeken kärendeçilere we oba hojalyk işgärlerine welaýat häkimliginiň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde edermen gallaçylaryň gazanan zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk özgertmeleriniň ajaýyp miwe berýändiginiň aýdyň netijesidir. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlaryndan peýdalanyp, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolan oba hojalyk toplumynyň agzybir işgärleri bu babatda tagallasyny gaýgyrmaýarlar. Yhlasly zähmet, sazlaşykly iş belent sepg

Arşdan-kürsden ýalkym saçýar «Arkadag»

Agzybirligi, erkanalygy, bagtyýarlygy, beýik özgerişleri bilen adamzady haýrana goýýan halkymyzyň, ata Watanymyzyň toý tutumynyň hem-de şan-şöhratynyň owazasy äleme ýaň salýar. Ýagşy arzuwlaryň wysala, belent maksatlaryň myrada gowuşýan ýerine öwrülen ýurdumyzy synlamak, ynsanperwer halkymyz bilen dost-dogan bolmak, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin dünýäniň çar künjünden myhman gelýär. Olar eziz Diýarymyzyň gyralary güllere, zümerret baglara bürenip oturan, aýna ýaly tekiz, ýagty, döwrebap enjamlaşdyrylan şaýollaryny, köçelerini setirligine jäheklän Zeminiň ak guwy ýaly mermer binalaryny, älemgoşar çüwdürimli seýilgählerini seýran edip lezzet alýarlar. Türkmeniň toý döwresiniň we oňa mynasyp sowgatly barmak adatynyň özlerinde ýakymly täsir galdyrýandygyny nygtap, ony hupbulwatanlygyň naýbaşy nusgalaryndan biri hasaplaýarlar. Milli gahryman Görogly begiň: «Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana» diýen joşgunly namasynyň häzirki döwrüň bagtyýarlyk hakykatyna öwrülendigini belleýärler. «Akylly» şäheriň bir ýyllygynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň doglan gününiň bellenen senesinde hem munuň şeýledigine nobatdaky gezek göz ýetirildi. Şol gün Arkadag şäheriniň häk

Soňky sütün

* Binagärligiň taryhyny öwrenijiler Köneürgençdäki Il-Arslanyň aramgähiniň on iki taraply prizma we on iki taraply çadyr görnüşindäki gümmezli kub şekillidigini aýdýarlar. Ol orta asyrlarda Merkezi Aziýada şeýle binagärlik aýratynlygyna eýe bolan ýeke-täk taryhy ýadygärlik hasaplanýar.

Halkara ylmy maslahat

Tejribe alşyldy

Söhbetdeşlik guraldy

Ýakynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen keşdeçilik sungatyna bagyşlanyp, «Sarpaly sungatym» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Oňa Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler, mugallymlar, şeýle hem Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň esasy hünärmeni Ogulnar Baýramowa, Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Niýazsoltan Artykowa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri Akgül Gurbanmämmedowa we Merjen Nuryýewa, Arkadag şäheriniň 6-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Güljan Öwezowa dagy çykyş etdi. Olar älemgoşar öwüşginli güllere beslenen türkmen sährasyny ýadyňa salýan nepis keşdelerimiziň gadymylygy, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak sapmak, keşdeçilikde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin söhbet etdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şeýle beýik i

Bitaraplyk ýoly bilen beýik geljege tarap

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk halkara ösüş taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bitaraplyk ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmäge, milli we ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyz täze uly ösüşlere beslenýär. Şunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn ösüş gazanmak ileri tutulýan aýratyn möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi.

Demokratiýa daýanylýar

7-nji iýulda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Ir sagat 7:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýar edildi. Ses bermäge ilkinji gezek gatnaşan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Häzirki wagtda Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry üstünlikli dowam edýär. Ol ýerde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher, etrap geňeşleri tarapyndan sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Baý many-mazmuna beslenen wagyz-nesihat duşuşygy

Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň hünärmenleriniň, çagalar baglarynyň, mekdepleriniň müdirleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda Köneürgenç etrap halas ediş toparynyň serkerdesi uly leýtenant Meýlis Kösäýew, polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi baradaky bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Parahat Seýidow, bilim bölüminiň başlygynyň orunbasary Amanmyrat Çopanow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda okuwçylaryň tomusky dynç alyş döwründe olaryň ene-atalary bilen yzygider duşuşyp, ýaş nesilleriň boş wagtlarynda peýdaly işler bilen meşgullanmaklaryny, olaryň hemişe gözegçilikde saklanylyp, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, dürli hukuk bozulmalaryň, betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek barada giňişleýin gürrüň etdiler. Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylarynyň niýetlenmedik ýerlerde suwa düşmekleriniň öňüni almak barada hem wezipeler kesgitlenildi we jogapkär adamlar bellenildi. Maslahatyň dowamynda döwletimiz tarapyndan ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işleriň durmuşa geçiril

Aýdym-sazly döredijilik duşuşygy

Men Watanymy söýýärin Golaýda TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Men Watanymy söýýärin” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrabyň 1-nji, 5-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Zähmet üstünligi

Babadaýhan etrabynda galla oragy möwsümiň ilkinji günlerinden guramaçylykly ýola goýuldy. Däne orujy kuwwatly kombaýnlaryň 88-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanmakda ähli tagallalar edildi. Gallaçylaryň arasynda medeni-dynç alyş dabaralary we höweslendiriş çäreleri guraldy. Bu zatlaryň etrabymyzyň edermen gallaçylarynyň ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmeginiň esasy şertine öwrüldi. Etrabymyz boýunça galla ýetişdirilen 30 müň gektar meýdandan 63 müň tonna barabar ýokary hilli guşgursak ak bugdaý taýýarlanyp, tabşyryk artygy bilen berjaý edildi. Gazanylan zähmet üstünliginde aýry-aýry hojalyklaryň mynasyp paýy bardyr. Etrabymyzyň gallaçy daýhanlary hasyldan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirip, ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýärler.

Dillerde Watanyň waspy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirýärler. Olaryň arasynda dürli sport ýaryşlary, wagyz-nesihat çäreleri, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň guramagynda bu merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda «Watan waspy» ady bilen goşgy hem aýdym aýtmak boýunça geçirilen bäsleşik hem şeýle çäreleriň biri boldy. Gyzykly geçen bäsleşikde çagalar eziz Diýarymyzy, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, tebigat gözelliklerini goşgulardyr aýdymlaryň üsti bilen wasp etdiler.

Demokratiýa we aýanlyk — saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri

Aşgabat, 7-nji iýul (TDH). Şu gün ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Ir sagat 7:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýar edildi. Ses bermäge ilkinji gezek gatnaşan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Demokratiýa we aýanlyk — saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri

Aşgabat, 7-nji iýul (TDH). Şu gün ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Ir sagat 7:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýar edildi. Ses bermäge ilkinji gezek gatnaşan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Çagalaryň şadyýanlygy

Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi tomusky dynç alyş möwsümini uly ruhubelentlige besleýär. Häzirki wagtda dynç alyş möwsümi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Merkeziň toplumyna medeni-sport taýdan enjamlaşdyrylan binalar degişli bolup, olarda çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bulardan başga-da, merkezde kompýuter zallary, okuw we gurnak otaglary, oýun oýnalýan merkezler, kitaphanalar, naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri, sport we oýun meýdançalary, howuzlar, akwaparklar, amfiteatr hereket edýär. Üç ýüz çaganyň dynç almagy üçin niýetlenen merkezde terbiýeçi mugallymlar tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Çagalar ýaş aýratynlyklary boýunça toparlardan ybarat bolup durýar. Her topar düzümine mahsus bolan atlar bilen atlandyrylýar. Merkezde çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe çäreler, bäsleşikler, ýaryşlar yzygiderli guralýar. Aýdym aýdyp, tanslary ýerine ýetirmek, ylgaw ýaryşlary, futbol bäsleşikleri çagalarda aýratyn täsir galdyrýar.