Gökdere — şatlyk mekany

9 Iýul 2024
244

Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda sport, medeni dynç alyş dabarasy geçirildi. Möwsümiň ikinji tapgyrynda merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar oňa uly höwes bilen gatnaşdylar.

Milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny açyp görkezýän sergi bilen tanyşmakdan başlanan çäre gyzykly tomaşalara utgaşdy. Okuwçy gyzlaryň el hünärine degişli işleri ýerine ýetirýän pursatlary has-da ünsi çekiji boldy. Suratkeş çagalaryň bu ýerdäki gyzykly pursatlary şekillendiriş sungatynda beýan etmekleri we öz eserleriniň sergisini guramaklary ýakymly duýgulary peşgeş berdi. Ruhubelentlige beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň owazy bolsa, uzaklara aşdy.

Beýleki habarlar