Çagalaryň şadyýanlygy

7 Iýul 2024
398

Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi tomusky dynç alyş möwsümini uly ruhubelentlige besleýär. Häzirki wagtda dynç alyş möwsümi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Merkeziň toplumyna medeni-sport taýdan enjamlaşdyrylan binalar degişli bolup, olarda çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bulardan başga-da, merkezde kompýuter zallary, okuw we gurnak otaglary, oýun oýnalýan merkezler, kitaphanalar, naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri, sport we oýun meýdançalary, howuzlar, akwaparklar, amfiteatr hereket edýär.

Üç ýüz çaganyň dynç almagy üçin niýetlenen merkezde terbiýeçi mugallymlar tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Çagalar ýaş aýratynlyklary boýunça toparlardan ybarat bolup durýar. Her topar düzümine mahsus bolan atlar bilen atlandyrylýar. Merkezde çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe çäreler, bäsleşikler, ýaryşlar yzygiderli guralýar. Aýdym aýdyp, tanslary ýerine ýetirmek, ylgaw ýaryşlary, futbol bäsleşikleri çagalarda aýratyn täsir galdyrýar.

Annatuwak GURBANNYÝAZOW,
Türkmenbaşy etrap bilim bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar