Zähmet üstünligi

8 Iýul 2024
295

Babadaýhan etrabynda galla oragy möwsümiň ilkinji günlerinden guramaçylykly ýola goýuldy. Däne orujy kuwwatly kombaýnlaryň 88-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanmakda ähli tagallalar edildi. Gallaçylaryň arasynda medeni-dynç alyş dabaralary we höweslendiriş çäreleri guraldy. Bu zatlaryň etrabymyzyň edermen gallaçylarynyň ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmeginiň esasy şertine öwrüldi.

Etrabymyz boýunça galla ýetişdirilen 30 müň gektar meýdandan 63 müň tonna barabar ýokary hilli guşgursak ak bugdaý taýýarlanyp, tabşyryk artygy bilen berjaý edildi. Gazanylan zähmet üstünliginde aýry-aýry hojalyklaryň mynasyp paýy bardyr. Etrabymyzyň gallaçy daýhanlary hasyldan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirip, ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýärler.

Şöhrat AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar