Baý many-mazmuna beslenen wagyz-nesihat duşuşygy

8 Iýul 2024
181

Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň hünärmenleriniň, çagalar baglarynyň, mekdepleriniň müdirleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda Köneürgenç etrap halas ediş toparynyň serkerdesi uly leýtenant Meýlis Kösäýew, polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi baradaky bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Parahat Seýidow, bilim bölüminiň başlygynyň orunbasary Amanmyrat Çopanow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda okuwçylaryň tomusky dynç alyş döwründe olaryň ene-atalary bilen yzygider duşuşyp, ýaş nesilleriň boş wagtlarynda peýdaly işler bilen meşgullanmaklaryny, olaryň hemişe gözegçilikde saklanylyp, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, dürli hukuk bozulmalaryň, betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek barada giňişleýin gürrüň etdiler. Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylarynyň niýetlenmedik ýerlerde suwa düşmekleriniň öňüni almak barada hem wezipeler kesgitlenildi we jogapkär adamlar bellenildi. Maslahatyň dowamynda döwletimiz tarapyndan ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn bellenilip geçildi.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar