"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

«Ker­wen» dynç al­şa ça­gyr­ýar

«Awa­za­» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lan dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän aja­ýyp dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gur­ap, dynç al­ma­ga gel­ýän­le­ri uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýar. Şo­nuň üçin hem go­ja­man Ha­za­ryň mer­jen ke­na­ryn­da dynç al­ma­ga hö­wes ed­ýän­le­riň sa­ny ýyl­ba-ýyl­dan art­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni gö­zel Awa­za görk be­rip otu­ran «Ker­wen» sa­gal­dyş mer­ke­zin­dä­ki ýo­la goý­lan ýo­ka­ry şert­ler hem do­ly tas­syk ed­ýär.  «Ker­wen» sa­gal­dyş mer­ke­zi­niň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri hem on­da luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň bo­lup, dynç al­ýan­la­ryň sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­li­gi­dir. Myh­man­ha­na­nyň iç­ki bi­na­syn­da uly ýaş­ly adam­lar we ça­ga­lar üçin ýa­pyk ho­wuz bo­lup, onuň su­wy tä­ze­le­nip we ýy­la­dyş en­jam­la­ry bi­len ýy­la­dy­lyp, aras­sa­la­nyp du­rul­ýar.

Ýaş nesil hakda alada

Ýurdumyzda ýaş nesli durmuş taýdan goldamak hem-de olarda wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin irginsiz aladalar edilýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça  haýyr-sahawat gaznasy döredildi.  Hormatly Arkadagymyzyň hut özüniň başyny başlan asylly hem sogaply işleri, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde  howandarlyga mätäç çagalar bilen  görüşmegi, ruhy we maddy goldaw bermegi olar barada edilýän aladalaryň aýdyň mysalydyr. Ýakynda Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwrüni täsirli geçirmegi babatda hem aladalar edilýär. Olar şu döwürde Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirerler.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Şu gün ― 3-nji iýunda Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjy» diýen at bilen geçirilen duşuşyga döredijilik işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.

Zyýaratyňyz kabul bolsun!

Şu günler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralýan ýörite uçar gatnawlary bilen türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylýar. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň bellenilýän sahawatly günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan bolan watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, mukaddes Käbä tagzym we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygynda bolarlar.

Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlara ýörelge

1-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Pederlerimiz asyrlarboýy öz nesillerine aýratyn alada we mähir bilen garap, olara hemme gowulyklary bagyş edipdirler. Halkymyzyň bu däpleri häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýu

Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaralary

Ýeňijiler sylaglandy 1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Berkarar döwletiň merjen paýtagty

Merkezi Aziýanyň merjen şäheri — gözel paýtagtymyz Aşgabat eziz Diýarymyzyň günsaýyn gülläp ösýän kuwwatly döwlete öwrülendiginiň nyşanydyr. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda şol seneden bäri her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenilip gelinýär. Dünýä türkmenleri üçin baş şäher hem-de milli döwletliligiň mizemez binýady bolan Aşgabat özboluşly, owadan binagärlik keşbi bilen bütin dünýäniň ünsüni çekýär. Aşgabatdaky Baş baýdak sütüni, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň Oguz hanyň sekiz burçly ýyldyzy, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen haly gölüniň şekili, Aşgabadyň «Olimpiýa» stadionyndaky ahalteke bedewiniň şekili hem-de Olimpiýa şäherçesindäki sportuň suw görnüşleri boýunça toplumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Milli jebisligiň nyşanlary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur paýhasy bilen amala aşyrylýan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty halkara gatnaşyklar ulgamynda giň goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň döwletli başlangyçlarynda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de konstitusion bähbitlerini goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu döwlet syýasaty Türkmenistanyň goşulyşan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň, Raýat we syýasy hukuklar hakynda halkara şertnamanyň, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara şertnamanyň esasy taglymlaryny we milli ýörelgelerimizi özünde jemlän Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Mundan 30 ýyl öň döwletimiz üçin ýatdan çykmajak sene, ýagny Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyz kabul edildi. Bu resminamada halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, Türkmenistanyň goşulyşan konwensiýalary, baglaşan şertnamalary, galyberse-de, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz orun alýar. Şu nukdaýnazardan hem Esasy Kanunymyz döwletimiziň mizemez hukuk binýady, geljekki ösüşlerimiziň özeni bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan milli ýörelgelerimiz raýat je

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Baýramçylyk sowgady Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynda Magtymguly Pyragynyň dogduk mekanynda «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çäginde medeniýet we sungat işgärleriniň we çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazlary, joşgunly tanslary ýerine ýetirmegi dabaranyň şatlygyny has-da artdyrdy.

Gökdere — sapaly mekan

Öňňin — 2-nji iýunda Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylaryna gapylaryny giňden açdy. Tomsuň ilkinji günlerinde mekdep okuwçylaryny çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde hem mekdep okuwçylaryny salkyn saýaly Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Bu ýerde şatlykly wakanyň şanyna aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ýaş nesliň çykyşlarynda güneşli Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, asuda durmuşymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspy ýetirildi.

Bagtyýar nesiller — biziň umyt-arzuwlarymyz

Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek guralan döredijilik bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden müňden gowrak çaga gatnaşdy we şolaryň 350-si aýratyn döredijilik zehini bilen tapawutlanyp, 21-si bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldy. Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan hem-de ýeňiji bolan çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary gowşuryldy.

Ussada bagyşlanan täze kitaplar

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan taýýarlanylan «Arkadag hem Pyragy — pähim-paýhas ummany» atly kitap «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edildi. Akyldar şahyryň ýubileý senesi mynasybetli çapa taýýarlanan bu ylmy ýygyndyda şahyryň döredijiligine bagyşlanan makalalara uly orun berlipdir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dürli taraplary barada söz açylýar. Maral Atdaýewanyň «Magtymgulynyň çeper filosofiýasynyň esaslary» atly başga bir täze kitabynda bolsa akyldaryň edebi mirasyna belent sarpanyň goýulýandygy açylyp görkezilýär. Şeýle eserleriň neşir edilmegi ýurdumyzda Magtymgulynyň döredijiligini içgin öwrenmekde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär.

Salam, tomus!

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegi bolan Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak üçin däbe öwrülen dabara geçirildi.

Sizi bular gyzyklandyrýarmy?

TELEFONYŇ EKRANY BIZIŇ BASÝAN ÝERIMIZI NÄDIP DUÝÝAR?

Döredijilik maslahaty geçirildi

Şu gün — 3-nji iýunda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda «Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjydyr» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere döredilýän giň mümkinçilikler, ähli amatly şertler we belent özgertmeler dogrusynda çykyşlar edildi. Çykyş edenleriň arasynda žurnalistler, döredijilik işgärleri, artistler, ylym-bilim işgärleri hem-de suratkeşler bar. Olar ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan çagalaryň abadan durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik özgertmeler hakynda birin-birin durup geçdiler. Ýurdumyzyň joşgunly günlerinde şol beýik özgertmeleriň özüniň giňden beýanyny tapýandygyny nygtadylar. Şeýle-de çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde çagalar üçin sowgat edilýän desgalar, çagalar baglarydyr mekdepler, döredijilik öýleri, kitaphanalar dogrusynda buýsançly bellenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp döwürde halkymyzyň bagtyýar, eşretli ýaşamagy ugrunda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Döwletliler köşgündäki dabara

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga, saglyklaryny berkitmäge hukuklarynyň üpjün edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ruhubelentlige beslenen ýöriş

Bütindünýä welosiped güni bolan 3-nji iýunda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Ir säheriň arassa howasyndan dem alýan ruhubelent welosipedçiler Mary şäheriniň gözel köçeleriniň biri bolan Kemine köçesiniň başlanýan ýerinden badalga aldylar. Ýürekleri buýsandyryjy bu welosipedli ýörişe welaýat, etrap, şäher häkimliklerinden, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndan, edara-kärhanalardan ýolbaşçylar we hünärmenler, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şäheriň merkezine tarap ugur alan ruhubelent welosipedçiler ýoluň iki gapdalyndaky gözellikleri synlap, dabaraly ýörişi dowam etdirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan saglygyny ähli zatdan belentde goýýandygyna düşünýän welosipedçiler pellehana tarap ruhubelentlikde ugradylar.

Şadyýan tomus — 2024

Bagtyýar çagalygyň mekany Tomus. Bu ajaýyp pasyl çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki, mekdep okuwçylary bu pasylda okuw ýylyny tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Dynç alyş günleri olara şatlykly pursatlaryny eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär.

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde “Watana wepaly çagalar bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr” atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Ony Ahal welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde gurady. Usuly-amaly maslahata ýygnanan bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri asylly däbe eýermek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň mekdebiň eýwanyndaky ýadygärligine gül desselerini goýdular, watançy esgeri hatyraladylar.

Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmek ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen guralan bäsleşige Watanymyza, mähriban topragymyza, maşgala gymmatlyklaryna, gözel tebigatymyza we milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini wasp edýän ajaýyp işler hödürlenildi.