«Ker­wen» dynç al­şa ça­gyr­ýar

4 Iýun 2024
205

«Awa­za­» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lan dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän aja­ýyp dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gur­ap, dynç al­ma­ga gel­ýän­le­ri uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýar. Şo­nuň üçin hem go­ja­man Ha­za­ryň mer­jen ke­na­ryn­da dynç al­ma­ga hö­wes ed­ýän­le­riň sa­ny ýyl­ba-ýyl­dan art­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni gö­zel Awa­za görk be­rip otu­ran «Ker­wen» sa­gal­dyş mer­ke­zin­dä­ki ýo­la goý­lan ýo­ka­ry şert­ler hem do­ly tas­syk ed­ýär. 

«Ker­wen» sa­gal­dyş mer­ke­zi­niň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri hem on­da luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň bo­lup, dynç al­ýan­la­ryň sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­li­gi­dir. Myh­man­ha­na­nyň iç­ki bi­na­syn­da uly ýaş­ly adam­lar we ça­ga­lar üçin ýa­pyk ho­wuz bo­lup, onuň su­wy tä­ze­le­nip we ýy­la­dyş en­jam­la­ry bi­len ýy­la­dy­lyp, aras­sa­la­nyp du­rul­ýar.

Beýleki habarlar