Gökdere — sapaly mekan

3 Iýun 2024
280

Öňňin — 2-nji iýunda Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylaryna gapylaryny giňden açdy. Tomsuň ilkinji günlerinde mekdep okuwçylaryny çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi.

Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde hem mekdep okuwçylaryny salkyn saýaly Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Bu ýerde şatlykly wakanyň şanyna aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ýaş nesliň çykyşlarynda güneşli Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, asuda durmuşymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspy ýetirildi.

Maksat AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Watan».
Beýleki habarlar