Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlara ýörelge

3 Iýun 2024
232

1-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Pederlerimiz asyrlarboýy öz nesillerine aýratyn alada we mähir bilen garap, olara hemme gowulyklary bagyş edipdirler. Halkymyzyň bu däpleri häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary, hemaýatlary, goldawlary we howandarlygy bilen çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň sazlaşykly ösmegi, şol sanda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri netijesinde olar üçin hemme mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy.

«Watan».
Beýleki habarlar