Salam, tomus!

3 Iýun 2024
244

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegi bolan Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak üçin däbe öwrülen dabara geçirildi.

«Nesil».
Beýleki habarlar