"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Ýurt garşy alsyn!

Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Iýun aýynyň toýlara beslenip gelen ilkinji günlerinde Daşoguz şäherinde 144 maşgala niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 8-siniň ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alyp, bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bagtyýar maşgalalaryň şatlygyny goşalandyrýar.

Täze awtobuslar — ajaýyp toý sowgady

Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran sapary göwün galkyndyryjy wakalara beslendi. Bu sahawatly gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bagtyýar raýatlarymyzda uly hoşallyk duýgusyny döretdi.

01 duýdurýar!

Howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmelidir Galla oragy möwsüminde hasylyň ýygnalýan hem-de daşalýan döwründe ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen, welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi şulary ýatladýar:

Tanyşdyrylyş dabarasy

Pyragynyň paýhas ummanynyň genji-hazynasy Ykbaly göterilen agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerini toý-baýrama besläp, ýagty geljegine ynamly barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralara beslenýän ajaýyp günlerinde akyldar şahyrymyzyň paýhas ummanynyň genji-hazynasyna öwrüljek täze «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy bagtyýar il-ulsumyz üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.

Milli terbiýe

Çagany ýaşdan... Halkymyz nesil dowamaty bolan perzendini dünýä baýlygyndan zyýada görüp, maşgala bagtyna deňeýär. Onuň edep-terbiýeli, il-güne peýdaly adam bolup ýetişmegini gazanmagy mukaddes borç hasaplaýar. Ata-babalarymyz çagany ýaşlykdan tertip-düzgüne, milli terbiýä salmagy ündeýärler. Bu ýörelgäni gündelik durmuşda ulanýan enelerimiz entek sallançakda ýatan bäbejigi ene söýgüsi bilen gurşap, gulagyny mähir bulagy hasaplanýan hüwdülerinden gandyrýarlar.

Döwür we ýaşlar guramasy

Watanyň daýanjy TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň agzybir işgärleri «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň tassyklanan meýilnamasy esasynda dürli ugurlar boýunça wagyz-nesihat işlerini, bäsleşikleri, taryhy ýerlere gezelenç çärelerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirýärler. Etrap, şäher, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän yzygiderli çäreleriň oňyn netijelerini bolsa ylymda-bilimde, medeniýetde we sungatda, sportda we beýleki ugurlarda halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän ýaşlarymyzyň ýylsaýyn artyp barmagynda aýdyň görmek bolýar. Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen ýaşlarynyň okamaklary, bilim-hünär almaklary, dünýäniň iň kämil, ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigi, geljekde-de dörediljekdigi barada nygtady.

Kalbymyzyň bahary

Hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen gözel paýtagtymyz ajaýyp binagärligiň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň jemlenen özboluşly sungat eserine öwrüldi. Aşgabat şäheriniň gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde bina bolan türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy halkymyzy has hem buýsandyrdy. Munuň özi türkmen halkynyň beýik şahyrynyň ömrüne, döredijilik mirasyna goýýan çuňňur sarpasydyr. Şeýle hem, Baş baýdak meýdançasynyň durkunyň täzelenmegi we Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesiniň çatrygyndan, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygyna çenli aralygyndaky böleginiň durky täzelenip açylan suw çüwdürimleriniň dürli reňkler bilen bezelmegi gözellikleriň üstüni ýetirdi.

Arzyly mekan

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ak mermere beslenen belent ymaratlary, şirin owazly suw çüwdürimleridir sapaly seýilgähleri tomus paslynyň dowam edýän günlerinde has-da göwnüňi göterýär, ata Watanymyza, paýtagtymyza söýgimizi artdyrýar. Tomus paslynda paýtagtymyzyň gür baglyga beslenen seýilgähleri ildeşlerimiz üçin arzyly mekana öwrülýär. «Aşgabat», «Ylham», Arkadag, «Laçyn», «Erkin» ýaly ençeme döwrebap, medeniýetli dynç almaga ähli amatlyklar döredilen seýilgähler Aşgabadyň keşbine aýratyn öwüşgin çaýyp, gözellige beslenen tomsuň owadan günlerinde bagtyýar raýatlarymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleri bolup durýar. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda uly dabara bilen açylyp ulanylmaga berlen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi hem özüniň binagärligi bilen paýtagtymyzyň görküne görk goşdy. Bu merkezde çagalar üçin oýun we güýmenje meýdançalarynyň bolmagy ýaşajyk nesilleriň şatlygyna şatlyk goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň merkezi edarasyndan gelip gowşan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habar bolsa göwünlerimizi al-asmana göterdi.

Dillerimiziň dessany

Aziýanyň merjeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini dabaralandyrýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bu gün dünýä nusgalyk şäherleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, merjen şäherimizde hem gurlup ulanylmaga berilýän köpsanly senagat maksatly desgalar, ýaşaýyş toplumlary, belent binalar, biri-birinden owadan seýilgähler bu hakykatyň aýdyň mysallarydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehini, binagärlik paýhasy bilen rowaçlanýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň netijesinde ýüzlerçe kaşaň ymaratlar tapgyrlaýyn bina edilip, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ak mermere beslenen binalaryň gurluşygynyň batly depginler bilen dowam edýändigini aýratyn bellemek gerek. Şu ýylda paýtagtymyzda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň, şeýle hem 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň bagtyýar zamanamyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň şöhratly ösüşleriniň özboluşly görkezijisi bolup, dünýä ýaň salýan beýik işlerdir.

Gözellik — ýaşaýşa ýaraşyk

Paýtagtymyzdaky täsin binagärlige eýe bolan laçyn şekilli Aşgabat Halkara howa menzili, bu täsin künjekde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasy, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň keşpleri ebedileşdirilen, täsin suw çüwdürimli ýadygärlik toplumy, «Laçyn» seýilgähi türkmeniň myhmansöýerligini, belent ruhuny dünýä äşgär edýär. Bu täsin myhmanhana ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen kerwensaraýy ýatladyp, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärliginde özboluşly sazlaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda bitirilýän beýik işler döwrüň belent ruhuny beýan etmek bilen ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmeginde, watançylyk we ýokary estetiki duýgularynyň kemala getirilmeginde, jemgyýetimiziň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmeginde ähmiýeti örän ýokarydyr. Paýtagtymyza gözellik berýän, özboluşly binagärlige eýe bolan ýerasty geçelgeler, aýlawly köprüler, giň hem owadan ýollaryň ugrundaky belent çyralar ak şäherimiziň täsin görküni baýlaşdyrýar. Ýol ugurlarynda oturdylan mahabat şitlerine bezeg berip duran, türkmeniň bitewüligini, agzybirligini, milli özboluşlylygyny alamatlandyrýan haly göllerine, milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleriniň şekillerine gözüň düşende kalbyňda ajaýyp duýgular peýda bolýar.

«Ertekiler dünýäsiniň» gujagynda

Gündizleri aýdyň, gijeleri nurana Aziýanyň merjeni Aşgabat bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da ösdürilýär. Ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýän ajaýyp paýtagtymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda «Ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri» diýlip yglan edilen gözel paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän binalar, şaýollar, dynç alyş zolaklary döwrüň talabyna laýyk gelýän iň täze, kämil enjamlar bilen üpjün edilýär.

Berkararlyk mukamy

Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda özüniň beýik ösüşleri bilen köpleri haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde Köpetdagyň eteginde türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeliniň oturdylmagy mähriban Watanymyzda beýik söz ussadyna goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Paýtagtymyzyň ilaty we köpsanly myhmanlar «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gelip, bu ýerleriň ajaýyplygynyň, dag etekleriniň ýakymly howa gurşawyna eýediginiň şaýady bolýarlar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz goýan, halkymyzyň kalbynda hemişelik ýaşaýan şahsyýetleriň mertebesi belent tutulýar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsiniň, berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Ýurdumyzda möhüm ähmiýeti bolan desgalar toplumynyň gurluşygyna, olaryň taslamalarynyň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Beýik şahyryň medeni-seýilgäh toplumynyň binagärlik çözgüdi çeper döredijiligiň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Bu bolsa dag eteginde ertekilere çalymdaş özboluşly döredijilik dünýäsiniň emele gelmegini şertlendirdi. M

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallara özbaşdak hereketlerden saklanyp, işdeş ýoldaşlary, şärikdeşleri bilen ylalaşykly hereket etmek maslahat berilýär. Aýratyn hem, toparlaýyn meýilnamalarda, maddy meselelerde ätiýaçly bolsaňyz, kyn we dartgynly ýagdaýlaryň öňüni alyp bilersiňiz.

Nesil hakda alada

Golaýda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim bölüminiň guramagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gatnaşmaklarynda 142-nji çagalar bakja-bagynda «Tomus-sagaldyş möwsüminde taplama çärelerini bildirilýän talaplara laýyklykda guramagyň ähmiýeti» atly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler ýaş nesiller üçin döredilýän köpugurly şertler babatda gürrüň etdiler. Tomus-sagaldyş möwsüminde meýilnamalaşdyrylan çäreleriň ähli ugurlary irki ýaşdan başlap, çaganyň bedeniniň berkemegine, hereket işjeňliginiň artmagyna, olaryň ruhubelent, şadyýan, şähdaçyk, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeklerine, dünýägaraýşynyň giňelmegine gönükdirilendir.

Hormatly okyjylar!

Abuna — 2024 2024-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin «Aşgabat» gazetiniň elektron görnüşine, hiç ýere barmazdan, el telefonyňyz arkaly, «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyndaky hem-de onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndaky «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasynyň üsti bilen ýazylyp bilersiňiz.

Mukaddes ýol-ýörelge

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary geçmişden geljege barýan köpri mysaly şöhratly taryhymyz, şanly şu günümiz, beýik geljegimiz barada söhbet açýar. Aslynda, ata-babalarymyzyň aýdyp geçişi ýaly, «Kitap — geçmişi, geljegi öwredýän dana». Kitaplar dünýäniň islendik ýerinden we islendik döwründen habar berýär. «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýlişi ýaly, olar her bir okyjynyň gözýetiminiň giňelmegine, dünýägaraýşynyň ösmegine itergi berýän möhüm şert bolup durýar. Kitaby köp okaýan adamyň mydama sözi agramly, pikiri-de çuň bolýar. Olar ýokary adamkärçiligi, medeniýeti bilen il içinde tapawutlanýar. Görnükli türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýew: «Kitap göwnüňde pos bolsa, bulgur ýaly durlar, şähdiňe ganat beslär, ýetmeziň, ýalňyşyň bar bolsa sypaýyçylyk bilen görkezer, gandyrar, ynandyrar, indi ýörejek ýoluňa sönmez şöhle saçar. Kitap duşmany tanamaga, bet pirimi aňlamaga, hüşgär bolmaga ýol salgy berýän, Watanyňy, halkyňy, wepaly ýaryňy, ata-eneňi, dogan-garyndaşyňy, edýän işiňi söýdürýän, ruhuňy göterýän bir ylhamdyr» diýip belleýär. Kitap hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmekde iň yg

Adamzat paýhasynyň göwheri

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy uly buýsanç duýgularyna eýe boldy. Dabaraly ýagdaýda geçen çärä ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdeleri, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti — ykbalyň türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan serpaýy. Çünki beýik söz ussadynyň her bir setiri — durmuş mekdebiniň gymmatly sapagy. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanylýan ýyly hem halkymyza sowgat yzyna sowgat eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynda: «Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip belleýşi ýaly, akyldaryň şygyrlary dünýä gymmatlygyna öwrüldi.

Halypa-şägirtlik däplerine eýerip

Golaýda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň tabynlygyndaky podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümine TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyplary goşun werzişgärligine geldiler. Goşun werzişgärligine gelen harby talyplara halypa-şägirtlik däbimize eýerip, harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, maýor Röwşen Saparowyň ýolbaşçylygynda tejribeli serkerdelerden halypalar bellenildi. Harby talyplara goşun werzişgärliginiň dowamynda şahsy düzüm bilen geçirilýän söweşjeň we gumanitar sapaklaryna işjeň gatnaşmaklary, harby tehnikalarda abatlaýyş we bejergi işlerini geçirmekde özleriniň nazary bilimlerinden peýdalanyp, amaly mümkinçiliklerini berkitmekleri barada düşündirildi. Maslahatyň ahyrynda harby talyplara harby bölümiň ýolbaşçy düzümi tarapyndan goşun werzişgärliklerini üstünlikli geçirmekleri arzuw edildi. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Ykballarymyzyň söýenji, Watanymyzyň daýanjy hasaplanýan ýaş nesillerimiz 2023-2024-nji okuw ýylyny uly üstünlikler bilen tamamladylar. Olar okuw ýylynyň dowamynda özleriniň bilim gorlaryny baýlaşdyrdylar. Özara, mekdebara, etrap we welaýat derejesindäki ders bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem döwlet we halkara derejesindäki olimpiadalarda üstünlikli çykyş etdiler. Ynha, çagalaryň iň arzyly döwri bolan tomusky dynç alyş möwsümi hem gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu günümiziň guwanjy, ertirki günümiziň daýanjy we buýsanjy bolan ýaş nesiller dogrusyndaky aladalar döwlet syýasatymyzyň esasylarynyň biri bolup durýar.