Döwür we ýaşlar guramasy

5 Iýun 2024
347

Watanyň daýanjy

TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň agzybir işgärleri «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň tassyklanan meýilnamasy esasynda dürli ugurlar boýunça wagyz-nesihat işlerini, bäsleşikleri, taryhy ýerlere gezelenç çärelerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirýärler. Etrap, şäher, welaýat, döwlet derejelerinde geçirilýän yzygiderli çäreleriň oňyn netijelerini bolsa ylymda-bilimde, medeniýetde we sungatda, sportda we beýleki ugurlarda halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän ýaşlarymyzyň ýylsaýyn artyp barmagynda aýdyň görmek bolýar. Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda türkmen ýaşlarynyň okamaklary, bilim-hünär almaklary, dünýäniň iň kämil, ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň we şertleriň döredilýändigi, geljekde-de dörediljekdigi barada nygtady.

Çary KAKABAÝEW,
TMÝG-niň Boldumsaz etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar