Dillerimiziň dessany

5 Iýun 2024
292

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Aziýanyň merjen şäheri adyna eýe bolan gözel şäherimiziň alyslardan howalanyp görünýän belent binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni maksatly desgalary paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Ak şäherimiziň täsin binagärlik çözgütleri, gözelligi ynsan kalbyny joşa getirýär. Al-elwan güllere beslenen şaýollardyr köçeler, olarda ornaşdyrylan duralgalar, ýerasty, ýerüsti geçelgeler hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladasynyň iş ýüzünde durmuşa üstünlikli ornaşdyrylýandygyndan aýdyň mysaldyr.

Häzirki döwürde paýtagtymyz ýaşamak, işlemek we dynç almak, jahankeşdelik üçin amatly şähere, halkara ähmiýetli forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Aşgabat şäheri ylym-bilim, medeniýet we işewürlik merkezi hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Paýtagtymyzyň çäkleri täze döredilen etraplaryň, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna barha giňeýär. Täze, döwrebap desgalaryň, seýilgähleriň her biri özüniň binagärlik keşbi bilen ünsi çekýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän seýilgäh hem mähriban halkymyzyň ruhy bitewüligini aňladýar.

Merdan ORAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar