Berkararlyk mukamy

5 Iýun 2024
253

Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda özüniň beýik ösüşleri bilen köpleri haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde Köpetdagyň eteginde türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň belent başly heýkeliniň oturdylmagy mähriban Watanymyzda beýik söz ussadyna goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Paýtagtymyzyň ilaty we köpsanly myhmanlar «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gelip, bu ýerleriň ajaýyplygynyň, dag etekleriniň ýakymly howa gurşawyna eýediginiň şaýady bolýarlar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz goýan, halkymyzyň kalbynda hemişelik ýaşaýan şahsyýetleriň mertebesi belent tutulýar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsiniň, berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň aýdyň dabaralanmasydyr.

Ýurdumyzda möhüm ähmiýeti bolan desgalar toplumynyň gurluşygyna, olaryň taslamalarynyň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Beýik şahyryň medeni-seýilgäh toplumynyň binagärlik çözgüdi çeper döredijiligiň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Bu bolsa dag eteginde ertekilere çalymdaş özboluşly döredijilik dünýäsiniň emele gelmegini şertlendirdi. Munuň üçin bolsa halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan hoşallygynyň çägi ýok.

Gülnar GARÝAGDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar