Kalbymyzyň bahary

5 Iýun 2024
482

Hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen gözel paýtagtymyz ajaýyp binagärligiň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň jemlenen özboluşly sungat eserine öwrüldi.

Aşgabat şäheriniň gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde bina bolan türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy halkymyzy has hem buýsandyrdy. Munuň özi türkmen halkynyň beýik şahyrynyň ömrüne, döredijilik mirasyna goýýan çuňňur sarpasydyr. Şeýle hem, Baş baýdak meýdançasynyň durkunyň täzelenmegi we Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesiniň çatrygyndan, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygyna çenli aralygyndaky böleginiň durky täzelenip açylan suw çüwdürimleriniň dürli reňkler bilen bezelmegi gözellikleriň üstüni ýetirdi.

Aýjemal MÄMETDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar