"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

«Bo­rus­si­ýa Dort­mund» – «Re­al Mad­rid»: 0-2

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň fi­na­ly – 01.06.2024 «BO­RUS­SI­ÝA DORT­MUND»: Ko­bel – Rýuer­son, Hum­mels, Şlot­ter­bek, Ma­at­sen – Em­re Jan (k) (Mal­len 80), Sa­bit­ser – San­ço (Bi­noe-Git­tens 87), Brandt (Hal­ler 80), Ade­ýe­mi (Roýs 72) – Füllk­rug; Tä­lim­çi: Edin Ter­ziç

«Real Madrid» 15-nji gezek Çempionlar Ligasynyň çempiony

UEFA-nyň klub de­re­je­li bi­rin­ji ýa­ry­şyn­da Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ady bi­len 32-nji, umu­my­lyk­da-da 69-njy möw­sü­miň çem­pio­ny bel­li bol­dy. Lon­don­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» to­pa­ry bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň «Re­al Mad­rid» to­pa­ry du­şuş­dy. Slo­we­ni­ýa­ly Slaw­ko Win­çi­çiň emin­lik eden oý­nu­na jan­kö­ýer­le­riň 86 müň 212-si gat­naş­dy. Du­şu­şy­ga ne­mes klu­by «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» er­jel gi­riş­di. Hat­da olar 1-nji ýa­rym­da «Re­al­dan» has köp pur­sat dö­ret­me­gi ba­şar­dy. Ade­ýe­mi, Füllk­rug ýa­ly fut­bol­çy­lar howp­ly pur­sat­lar­dan peý­da­la­nyp bil­me­di­ler. Du­şu­şy­gyň 2-nji ýa­ry­my­nyň baş­la­ryn­da-da ne­mes klu­by ar­tyk­maç­lyk gör­kez­se-de, ol ha­sa­ba tä­sir et­me­di. Oý­nuň 72-nji mi­nu­tyn­da tä­lim­çi Ter­ziç du­şu­şy­gyň şol wag­ta çen­li esa­sy ýyl­dyz­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ade­ýe­mini çy­ka­ryp, or­nu­na Mar­ko Roý­sy meý­dan­ça çy­kar­dy. Şon­dan soň «Re­al Mad­rid» to­pa­ry­na az­da-kän­de ar­ka­ýyn hü­jüm et­mek pur­sady dö­re­di we 74-nji mi­nut­da Ade­ýe­mi­niň gar­şy­sy­na oý­na

Dün­ýä­niň iň meşhur şä­her se­ýil­gä­hi

Glo­bus ha­çan oý­la­nyp ta­pyl­dy?

Ýurt­la­ry, de­ňiz­dir der­ýa­la­ry, dag­dyr düz­lük­le­ri öw­ren­mek­de Ýe­riň ki­çel­di­len nus­ga­sy ha­sap­lan­ýan glo­bus­dan giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Kar­ta­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da glo­bus pla­ne­ta­my­zyň su­du­ry­ny şe­kil­len­di­rip bil­ýär. Glo­bu­syň haý­sy nus­ga­sy­ny sa­tyn ala­ny­ňyz­da-da, ony uzak wagt­lap ulan­sa bol­ýar. Eý­sem, il­kin­ji glo­bus ha­çan ýa­sal­dy­ka? Bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten iň ga­dy­my glo­bus 1492-nji ýyl­da ne­mes akyl­da­ry, ma­te­ma­ti­gi, ge­og­ra­fy we ja­han­keş­de­si Mar­tin Be­haým (1459-1507 ý.)

Aý­na­ly öý

Ki­çi­räk bir oba­nyň gy­ra­syn­da idi-ys­sy­wat edil­me­ýän bir öý bar eken. Bir ge­zek ys­sy­dan go­ran­mak üçin ga­çal­ga göz­läp ge­len gü­jü­jek how­ly­nyň ga­py­sy­nyň aşa­gyn­da­ky de­şik­den sü­mü­lip gir­ýär. Gü­jük ha­ýal­lyk bi­len kö­ne bas­gan­çak ar­ka­ly ýo­ka­ry çy­kyp, ýa­rym açyk du­ran ga­py­dan içe­rik äňed­ýär. Içer­de müň­ler­çe gü­jü­giň mä­hir bi­len özü­ne ba­kyp du­ran­ly­gy­na göz ýetiren gü­jük guý­ru­gy­ny bu­lap, gu­lak­la­ry­ny üşer­dende, müň­ler­çe gü­jü­jek hem bu he­re­ke­ti gaý­ta­la­ýar­. Şat­lyk bi­len içerä ba­kyp üý­ren-de bolsa, has-da ge­ňir­ge­nip­dir. Müň­ler­çe gü­jü­jek hem şat­lyk bi­len bu mäh­rem­li­gi gaý­ta­ryp­dyr­. Gü­jük dynç alan wagty beý­le­ki­le­rem dynç alyp­dyr­. Ha­çan-da, gü­jük ol ýe­ri­ni terk edende: «Nä­hi­li oňat ýer, bu ýe­re köp­räk gel­me­li» di­ýip pi­kir edip­dir.

Ek­ra­ny sa­hy­pa­lar bi­len çal­şyň!

Soň­ky ýyl­lar­da dur­mu­şy­my­za giň­den or­na­şan ek­ran­lar – te­le­wi­zor, komp­ýu­ter, plan­şet, te­le­fon ki­tap oka­mak en­di­gi­mi­ze öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň hem-de elekt­ron ne­şir­le­riň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ka­gyz ki­ta­by oka­ma­gyň lez­ze­ti baş­ga­ça. Oka­mak dün­ýä akyl ýe­tir­mä­ge, kä­mil­leş­mä­ge we pi­kir­le­ri­ňi tä­ze­le­mä­ge ýol aç­ýar. Ki­tap oka­ma­gy yzy­gi­der­li ýo­la goý­mak kyn en­dik­le­riň bi­ri bol­sa-da, bi­ler­men­ler ki­tap bi­len dost­laş­ma­gyň aň­sat usul­la­ry­ny sal­gy ber­ýär­ler. Mak­sat goý­mak. Il­ki bi­len ha­la­ýan ýa­zy­jy­la­ryň ki­tap­la­ry­nyň sa­na­wy­ny dü­züp, her ýyl şun­ça ki­tap oka­ryn di­ýip öz öňüň­de mak­sat goý­ma­ly. Il­ki­baş­da kyn ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, ki­tap­la­ryň ta­ga­my­ny da­dyp baş­la­ny­ňyz­dan soň, mak­sa­dy­ňy­za çalt ýe­ter­si­ňiz. Hat­da sa­naw­da­ky­dan daş­ga­ry ki­tap­la­ry hem okap bi­ler­si­ňiz. Oka­ma­ly ki­tap­la­ry­ňy­zyň sa­na­wy­ny hep­de­lik ýa-da bir aý­lyk düz­se­ňiz ýa­da­mar­sy­ňyz. Mun­dan baş­ga-da, her gün 20 mi­nut oka­mak, her hep­de 50 sa­hy­pa oka­mak, her aý 2 r

To­mus pas­ly­nyň gyrmyzy mi­we­si

To­mus pas­ly­nyň iň meş­hur mi­we­le­rin­den bi­ri bo­lan ül­je di­ňe bir ta­ga­my bi­len däl, eý­sem, sag­ly­ga peý­da­sy bi­len hem ün­si özü­ne çek­ýär. Bä­gül­gül­lü­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bu ösüm­lik yl­my taý­dan «pru­nus» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ül­jä­niň, esa­san, süý­ji we tur­şy tagamly diýen iki görnüşi bolýar. Ga­ram­tyl we açyk gy­zyl reňk­li bu mi­wä­niň ata Wa­ta­ny Ki­çi Azi­ýa (Ga­ra we Ha­zar deň­zi­niň kenary) ha­sap­lan­ýar. Wi­ta­min­le­re we ýo­kum­ly mad­da­la­ra baý bu mi­we Gün­ba­tar Azi­ýa­da we Ýew­ro­pa­da has köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Mes top­ra­gy we bol su­wy ha­la­ýan ül­je so­wuk ýurt­lar­da has go­wy bit­ýär. Dü­zü­min­de ýe­ter­lik de­re­je­de şe­ker, A, C, E, K, B6 wi­ta­mi­ni­ni, ka­liý, mar­ga­nes, mag­niý, kal­siý, mis, de­mir we sü­ýüm sak­la­ýan bu mi­wä­niň 100 gra­myn­da 65 ka­lo­ri­ýa bar. Ül­jä­niň peý­da­ly ta­rap­la­ry:

Dün­ýä­niň iň ys­sy ýurt­la­ry: «Bu ýurt­lar­da hiç kim üşe­me­ýär»

Se­bit­de iň iri ak­wa­park gu­rul­ýar

Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da ada­ty bol­ma­dyk tä­ze tas­la­ma ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Er-Ri­ýad­dan uzak bol­ma­dyk ýer­de «Ak­wa­ra­bi­ýa» ak­wa­par­ky­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri ýo­ka­ry dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu des­ga Ýa­kyn Gün­do­gar­da şu­ňa meň­zeş iň iri des­ga bo­lar. Ak­wa­par­kyň umu­my eýe­le­ýän meý­da­ny 250 müň ine­dör­dül met­re deň. Bu çäk­ler­de 8 sa­ny te­ma­ti­ki zo­lak­ ýer­leş­di­ri­ler. Ýi­ti duý­gu­la­ry baş­dan ge­çir­mek is­le­ýän­ler suw dag­la­ryn­dan sy­ry­gyp dü­şüp bi­ler­ler, ra­hat dynç al­şyň ta­rap­dar­la­ry bol­sa daý­wing (su­wa bök­mek) bi­len meş­gul­la­nyp ýa-da ho­wuz­da ýü­züp bi­ler­ler. Ak­wa­par­kyň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri hem sör­fing üçin eme­li tol­kun­dyr. Ak­wa­par­kyň gur­lu­şy­gy­ny 2025-nji ýyl­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Mo­di­niň bi­le­le­şi­gi ýeňiş gazandy

Hin­dis­tan­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da Prem­ýer-mi­nist­r Na­rend­ra Mo­di­niň bi­le­le­şi­gi ýeňiş ga­zan­dy. Mo­di­niň «Hin­di halk par­ti­ýa­sy» (Bha­ra­ti­ýa Ja­na­ta Par­ti) ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­lyk edil­ýän Mil­li de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi ýurt­da ge­çi­ri­len äh­lu­mu­my saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­rin­den soň par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­syn­da­ky orun­la­ryň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny al­dy. Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Na­rend­ra Mo­di­niň bi­le­le­şi­gi par­la­men­tiň 543 orun­lyk aşa­ky pa­la­ta­syn­da, 292 or­na eýe bol­dy. «Hin­di halk par­ti­ýa­sy» 2019-njy ýyl­da ge­çi­ri­len saý­law­lar­da 303 orun eýe­läp­di.

Mek­si­ka­nyň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti

2-nji iýun­da Mek­si­ka­nyň do­lan­dy­ry­jy «Mil­li gal­ky­nyş he­re­ke­ti» (MO­RE­NA) par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Klau­di­ýa Şeýn­ba­um Mek­si­ka­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da 57 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri ýur­duň Mil­li saý­law ins­ti­tu­ty ta­ra­pyn­dan ha­bar be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da MO­RE­NA par­ti­ýa­sy­na Mek­si­ka­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti And­r­es Ma­nu­el Lo­pes Ob­ra­dor ta­ra­pyn­dan ýol­baş­çy­lyk edil­ýär. Şeýn­bau­myň esa­sy bäs­de­şi, «Mek­si­ka üçin güýç we ýü­rek» bi­le­le­şi­gi­niň da­laş­gä­ri Şo­çitl Gal­wes ba­ry-ýo­gy 30 gö­te­rim­den gow­rak ses al­dy, onuň yz ýa­nyn­dan bol­sa, 8 gö­te­rim ses bi­len «Jem­gy­ýet­çi­lik he­re­ke­ti» par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Hor­he Al­wa­res Maý­nes gel­ýär. Ýurt­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň res­mi ne­ti­je­le­ri ses­ler do­ly sa­na­lan­dan soň 8-nji iýu­na çen­li mä­lim edi­ler.

Te­le­ke­çi ze­na­nyň ýeň­şi

2-nji iýun­da Is­lan­di­ýa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da te­le­ke­çi Hal­la To­mas­dot­tir ses­le­riň 34,3 gö­te­ri­mi­ne eýe bo­lup, ýe­ňiş ga­zan­dy. Onuň iň ýa­kyn bäs­de­şi, öň­ki Prem­ýer-mi­nistr Kat­rin Ýa­kobs­dot­tir bol­sa, 25,7 gö­te­rim se­se eýe bol­dy. Üçün­ji orun­da 15,5 gö­te­rim ses bi­len Is­lan­di­ýa­nyň Mil­li ener­ge­ti­ka eda­ra­sy­nyň baş mü­di­ri Hal­la Hrund Lo­ga­dot­tip gel­ýär. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 78,83 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ikin­ji ge­zek Pre­zi­dent­li­ge da­laş eden To­mas­dot­tir dört ýyl­lyk möh­le­tin­den soň işin­den çe­ki­len Gwýud­ni Tor­la­si­us Ýohan­nes­so­nyň ýe­ri­ne geç­di. To­mas­dot­tir Is­lan­di­ýa ýol­baş­çy­lyk eden ikin­ji ze­nan bo­lar. 2024-nji ýyl­da iň ýo­ka­ry we­zi­pe üçin 12 da­laş­gär bäs­le­şip, bu ýur­duň ta­ry­hyn­da re­kord de­re­je­dir.

Sid­neý­de yşyk şü­we­le­ňi ge­çi­ril­ýär

Awst­ra­li­ýa­nyň iri şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Sid­neý­de «Vivid Syd­ney» (Par­lak Sid­neý) at­ly yşyk, aý­dym-saz we ide­ýa­lar şü­we­le­ňi ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re her ýy­lyň maý aýy­nyň ahy­ryn­da gur­al­ýar di­ýip, Sid­ne­ýiň «The Syd­ney Mor­ning He­rald» ga­ze­ti ha­bar ber­ýär. Bu şü­we­leň şä­he­ri yşyk bi­len çe­ki­len şe­kil­le­riň ken­di­ri­ne öwür­ýän dö­re­di­ji­li­giň we in­no­wa­si­ýa­la­ryň baý­ra­my diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bi­na­la­ra, köp­rü­le­re we suw gi­ňiş­lik­le­ri­ne gö­nük­di­ril­ýän ani­ma­si­ýa yşyk­la­ry, esa­san, gül­le­riň, haý­wan­la­ryň, er­te­ki­ler­dä­ki gah­ry­man­la­ryň tä­sin şe­kil­le­ri­ni we ada­ty adam­la­ryň dur­mu­şyn­dan pur­sat­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Ar­tist­ler, göz­bag­çy­lar we kö­çe na­ha­ry­nyň aş­pez­le­ri açyk meý­dan­lar­da hem-de ýö­ri­te sah­na­lar­da çy­kyş ed­ýär­ler.

Hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mekçi

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri we Hy­taý BRICS to­pa­ry­nyň çä­gin­de hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­çi. Bu ba­ra­da BAE-niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň Pe­ki­ne eden sa­pa­ryn­da ka­bul edi­len iki ýur­duň bi­le­lik­dä­ki be­ýa­natyn­da bel­le­nil­ýär. «Iki ta­rap hem bir­le­şi­giň ag­za­la­ry­nyň göz­le­ýän mak­sat­la­ry­na we is­leg­le­ri­ne ýet­mek üçin BRICS to­pa­ry­nyň için­de hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek is­le­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy» diý­lip, res­mi­na­ma­da bel­le­nil­ýär. Bu ba­ra­da emir­li­giň ha­bar­lar gul­lu­gy WAM mä­lim et­di.

Aýdan toprak getirer

«Hy­ta­ýyň «Chang’e-6» kos­mi­ki gä­mi­si ýa­ny bi­len top­ra­gyň gym­mat­ly nus­ga­la­ry­ny alyp, Aýyň ar­ka ýü­zün­den üs­tün­lik­li uçup gaýt­dy» di­ýip, Hy­ta­ýyň Mil­li kos­mos gul­lu­gy ha­bar ber­di. Mo­du­lyň esa­sy we­zi­pe­si ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek iki gü­nüň için­de Aýyň ar­ka ta­ra­pyn­dan top­rak nus­ga­la­ry­ny ýyg­na­mak we Ýe­re do­lan­mak­dyr. 2-nji iýun­da «Chang’e-6» Aýyň ar­ka ta­ra­pyn­da bel­le­nen se­bi­te go­nup, Aýyň ga­raň­ky ta­ra­pyn­da­ky mis­si­ýa­sy­na baş­la­dy. Wen­çan hem­ra uçu­ryş mer­ke­zin­den uçu­ry­lan «Chang’e-6» Aýyň ozal öw­ren­mä­ge el­ýe­ter bol­ma­dyk ta­ra­pyn­dan nus­ga­la­ry ýyg­nan il­kin­ji zond bol­dy. Ap­pa­rat 2 ki­log­ram tö­we­re­gi Aý re­go­li­ti­ni ýyg­nan­dan soň, Aýyň üs­tün­den gö­te­ri­lip or­bi­ta çyk­dy.

«Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy öň­de bar­ýar

Eý­ran­da da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da 30-njy maý­dan 3-nji iýun ara­ly­gyn­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­ýan da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy. 5 gün­de je­mi 80 da­laş­gär ha­sa­ba alyn­dy. Ola­ryň ara­syn­da Mer­ke­zi ban­kyň öň­ki baş­ly­gy Abdul Nas­ser Hem­ma­ti, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Li­de­ri­niň ýo­ka­ry mil­li howp­suz­lyk ge­ňe­şin­dä­ki we­ki­li Sa­id Ja­li­li, Ys­lam Re­wol­ýu­si­ýa­synyň go­rag kor­pu­sy­nyň öň­ki ser­ker­de­si, ge­ne­ral Wa­hid Haga­niý­an, Täh­ran şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ali­re­za Za­ka­ni, Eý­ra­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Mus­ta­fa Ka­wak­bi­ýan we mej­li­si­ň ag­za­la­ry Mo­ham­med Sa­ba­giý­an we Ab­bas Mog­ta­dai bar. Şeý­le-de ýur­duň wi­se-pre­zi­dent­le­ri, Eý­ra­nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Mah­mud Ah­me­di­ne­žad, hä­zir­ki hö­kü­me­tiň üç mi­nist­ri we 13 sa­ny öň­ki mi­nistr, par­la­men­tiň 38 ag­za­sy, mej­li­siň öň­ki baş­ly­gy Ali La­ri­ja­ni we Mo­ham­med Ba­ger Ga­li­baf da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­di­ler. Bulardan başga-da dört zenan dalaşgär Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alyndy. 4-nji iýun­dan baş­lap Kons­ti

Mag­tym­gu­ly we san­lar

Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň baý şa­hy­ra­na dö­re­di­ji­li­gin­de gur­lu­şy, aň­lad­ýan ma­ny­la­ry we gram­ma­tik dü­züm­le­ri babatda bi­ri-bi­rin­den düýp­li ta­pa­wut­lan­ýan ta­ry­hy, ede­bi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gym­mat­lyk­la­ryn­da iş­jeň ula­nyl­ýan, dur­muş ha­dy­sa­la­ry­nyň hä­si­ýet­len­di­ri­li­şin­de peý­da­la­nyl­ýan söz to­par­la­ry­nyň san­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly göw­her­le­ri­niň on­lar­ça gör­nüş­le­ri duş gel­ýär. Dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň poe­zi­ýa žan­ry ar­ka­ly me­de­ni, yl­my, ah­lak, wa­tan­çy­lyk, gö­zel­lik, te­bi­gat, folk­lor bi­len bag­ly gym­mat­lyk­lar, mu­kad­des­lik­ler bi­len kä­mil­leş­me­gi­ne uly go­şant go­şan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­rin­de duş gel­ýän san­la­ryň te­bi­ga­ty bi­len bag­ly ma­te­ma­ti­ki adal­ga­la­ry, arif­me­ti­ki we yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­ly çe­per be­ýan­la­ry­ny dil bi­li­mi­niň mor­fo­lo­gik, se­man­tik ugur­la­ry bo­ýun­ça muk­dar, ter­tip, ýö­ne­keý, bö­lün­me­ýän, syr­ly, bü­tin, na­tu­ral, täk, sa­da, goş­ma, tir­keş, ga­lyn­dy­syz, jü­büt, çen-tak­myn, gar­şy­daş, bö­lek, äh­ti­

Dünýä täzelikleri

«Bent­ley»-iň tä­ze baş­ly­gy. 1-nji iýul­dan baş­lap Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy «Bent­ley»-e Frank-Ştef­fen Wal­li­zer ýol­baş­çy­lyk eder. «Bent­ley»-iň ozal­ky baş­ly­gy Ed­ri­an Holl­mark şu ýy­lyň mart aýyn­da «As­ton Mar­tin»-iň baş di­rek­to­ry we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin kom­pa­ni­ýa­dan git­di. Ýan­gyç gu­ýu­jy ro­bot. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň paý­tag­ty Abu-Da­bi­dä­ki ýan­gyç be­ket­le­riň bi­rin­de ýan­gyç guý­ýan ro­bot peý­da bol­dy. Eme­li aň­ly en­ja­my ýer­li in­že­ner­le­r oý­lap tap­dy. Bu teh­no­lo­gi­ýa ýan­gyç guý­mak iş­le­ri­ni tiz­leş­di­rip, sürüjileriň wagtyny tygşytlamagyna ýardam be­rer.

Tebi­gatyň goragynda

Eziz Di­ýa­ry­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­mak ug­run­da ýe­ti­len sep­git­ler, bi­ti­ri­len iş­ler örän ulu­dyr. Te­bi­ga­ty­my­zyň aja­ýyp­lyk­la­ry­ny ýan­gyn how­pun­dan go­rap sak­la­mak ba­ra­da uly ala­da­lar edil­ýär. Ýur­du­my­zyň to­kaý se­ýil­gäh­le­rin­de, dag­lar­da, öri säh­ra meý­dan­la­ryn­da ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri­ni üp­jün et­mek hem şu gün­ki gün esa­sy we­zi­pe bo­lup, şol we­zi­pe­ler­den ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy to­kaý­lar­da, se­ýil­gäh­ler­de, dag­lar­da, öri säh­ra meý­dan­la­ryn­da ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek bo­ýun­ça öz mas­la­hat­la­ry bi­len ýüz­le­nip, esa­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li gaý­ra­go­ýul­ma­syz çä­re­ler ba­ra­da şu­la­ry mas­la­hat ber­ýär: To­kaý­lar­da, se­ýil­gäh­ler­de, dag­lar­da, öri säh­ra meý­dan­la­ryn­da zäh­met çek­ýän iş­gär­le­riň ara­syn­da jo­gap­kär ýol­baş­çy­lar ta­ra­pyn­dan ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň gaý­ra­go­ýul­ma­syz çä­re­le­ri ba­ra­da gö­zük­di­riş gür­rüň­deş­lik­le­ri ge­çi­ri­lip, ber­ki­di­len ç