Aýdan toprak getirer

7 Iýun 2024
256

«Hy­ta­ýyň «Chang’e-6» kos­mi­ki gä­mi­si ýa­ny bi­len top­ra­gyň gym­mat­ly nus­ga­la­ry­ny alyp, Aýyň ar­ka ýü­zün­den üs­tün­lik­li uçup gaýt­dy» di­ýip, Hy­ta­ýyň Mil­li kos­mos gul­lu­gy ha­bar ber­di. Mo­du­lyň esa­sy we­zi­pe­si ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek iki gü­nüň için­de Aýyň ar­ka ta­ra­pyn­dan top­rak nus­ga­la­ry­ny ýyg­na­mak we Ýe­re do­lan­mak­dyr.

2-nji iýun­da «Chang’e-6» Aýyň ar­ka ta­ra­pyn­da bel­le­nen se­bi­te go­nup, Aýyň ga­raň­ky ta­ra­pyn­da­ky mis­si­ýa­sy­na baş­la­dy. Wen­çan hem­ra uçu­ryş mer­ke­zin­den uçu­ry­lan «Chang’e-6» Aýyň ozal öw­ren­mä­ge el­ýe­ter bol­ma­dyk ta­ra­pyn­dan nus­ga­la­ry ýyg­nan il­kin­ji zond bol­dy. Ap­pa­rat 2 ki­log­ram tö­we­re­gi Aý re­go­li­ti­ni ýyg­nan­dan soň, Aýyň üs­tün­den gö­te­ri­lip or­bi­ta çyk­dy.

Beýleki habarlar