Eý­ran­da da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy

7 Iýun 2024
278

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da 30-njy maý­dan 3-nji iýun ara­ly­gyn­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­ýan da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy. 5 gün­de je­mi 80 da­laş­gär ha­sa­ba alyn­dy. Ola­ryň ara­syn­da Mer­ke­zi ban­kyň öň­ki baş­ly­gy Abdul Nas­ser Hem­ma­ti, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Li­de­ri­niň ýo­ka­ry mil­li howp­suz­lyk ge­ňe­şin­dä­ki we­ki­li Sa­id Ja­li­li, Ys­lam Re­wol­ýu­si­ýa­synyň go­rag kor­pu­sy­nyň öň­ki ser­ker­de­si, ge­ne­ral Wa­hid Haga­niý­an, Täh­ran şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ali­re­za Za­ka­ni, Eý­ra­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Mus­ta­fa Ka­wak­bi­ýan we mej­li­si­ň ag­za­la­ry Mo­ham­med Sa­ba­giý­an we Ab­bas Mog­ta­dai bar. Şeý­le-de ýur­duň wi­se-pre­zi­dent­le­ri, Eý­ra­nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Mah­mud Ah­me­di­ne­žad, hä­zir­ki hö­kü­me­tiň üç mi­nist­ri we 13 sa­ny öň­ki mi­nistr, par­la­men­tiň 38 ag­za­sy, mej­li­siň öň­ki baş­ly­gy Ali La­ri­ja­ni we Mo­ham­med Ba­ger Ga­li­baf da­laş­gär­li­gi­ni hö­dür­le­di­ler. Bulardan başga-da dört zenan dalaşgär Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alyndy.

4-nji iýun­dan baş­lap Kons­ti­tu­si­ýa­nyň go­rag­çy­lar ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan bir hep­dä­niň için­de da­laş­gär­le­riň Pre­zi­dent­li­ge my­na­syp­dy­gy ýa-da däl­di­gi kes­git­le­ner. Da­laş­gär­le­riň gu­tar­nyk­ly sa­na­wy 11-nji iýun­da mä­lim edi­ler. Saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa üçin 12-25-nji iýun­da iki hep­de bö­lü­nip be­ril­ýär we saý­law­lar­dan bir gün öň «üm­süm­lik gü­ni» yg­lan edi­ler.

Beýleki habarlar