Strategik hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyna daýanyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Şondan bäri ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edip gelýär.