Halkara giňişlikde

29 Fewral 2024
500

Ulag ulgamyndaky tagallalara goşant

Golaýda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 86-njy mejlisi geçirildi. 2050-nji ýyla çenli içerki ulagy karbonsyzlaşdyrmaga geçmek boýunça milli garaýyşlara bagyşlanan mejlise «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy A.Kösäýew hem gatnaşyp, «ýaşyl» port halkara talaplaryna laýyklykda gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşdyrdy. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Içerki ulag boýunça komitet bilen bilelikde «Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri» atly ugurdaş çäräniň guralmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Oňa döwletleriň 40-syndan, halkara guramalardan diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylarydyr halkara bilermenler derejesinde 70-e golaý wekil gatnaşdy.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar