Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi. Myhman blokçeýn (blockchain - iň täze tehnologiýalar) tehnologiýasyna esaslanýan ulaglaryň ähli görnüşleri üçin platforma döretmekde ählumumy taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Duşuşykdan soň Igor Borisowiç ORIENT-iň soraglaryna hoşniýetlilik bilen jogap bermäge razy boldy.